Baş sahypa
\
Adalatçynyň maglumaty
\
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Adalatçynyň maglumaty
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Çap edildi 02.06.2026
29

I bap.    Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy. 

II bap.    Raýatlyk we syýasy hukuklar.

III bap.    Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar. 

IV bap.    Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça seljerme.    

V bap.    Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri. 

VI bap.    Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi.

VII bap.    Halkara hyzmatdaşlygy.

VIII bap.    Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri.

IХ bap.    Netije.

Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak we üpjün etmek döwletimiziň syýasatynyň iň wajyp ugry bolmak bilen, döwletde adamyň esasy hukuklarynyň – ýaşamaga bolan hukuk, zähmete, bilim almaga, saglygyny goramaga, dynç almaga, saýlamaga we saýlanmaga, her bir adamyň  şahsy durmuşynyň  eldegrilmesizligine, nikalaşmaga we maşgala gurmaga bolan hukuklary döwletiň Esasy Kanuny we beýleki kanunlary arkaly kepillendirilýär. Bu kepillikler döwletiň  demokratiki gymmatlyklara we kanunyň hökmürowanlygyna esaslanýandygyny görkezýär. Döwletimizde  adyl kazyýetligiň we raýatlaryň hukuklarynyň goragynyň aýratyn orna eýedigi sebäpli  jemgyýetde adalatlylygyň dabaralanmagynda we kanunlarda göz öňünde tutulan kadalaryň berjaý edilmegi ugrunda köp işler alnyp barylýar. Adam hukuklary babatda alnyp barylýan bu işlere goşant goşmak bolsa Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekil – Adalatçynyň kanuny wezipesidir. 

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy aýratyn garaşsyz institut hökmünde döredilen gününden bäri adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda bar bolan döwlet serişdeleriniň üstüni ýetirýän, döwletimizde adam hukuklaryny goraýan milli edara hökmünde öz işini amala aşyrýar. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, Adalatçynyň Diwany 2025-nji, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilişini üns merkezinde saklap, bu ugurda amala aşyrlan işlerini şu Maglumatda jemleýär. Maglumatda Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýyna, raýatlyk we syýasy hukuklara, ykdysady, durmuş we medeni hukuklara, raýatlaryň bu ugurlardaky ýüztutmalaryna seretmegine, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine berýän ýardamyna, jemgyýetçilik çärelere gatnaşmagyna, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edilmegine we halkara hyzmatdaşlyga seljerme geçirilip, Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri beýan edilýär.

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasyna laýyklykda bu Maglumat Türkmenistanyň Prezidentiniň seretmegine hödürlenip, Adalatçy ol Maglumat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş eder. Adalatçynyň 2025-nji ýyl üçin Maglumaty Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda Adalatçynyň Diwanynyň resmi web-saýtynda (ombudsman.gov.tm)  çap edilip, halk köpçüliginiň  dykgatyna ýetiriler.

I bap.  Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy    

Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär we Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kanunlary arkaly kepillendirilýär.  Adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, goramak we berjaý etmek meseleleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Döwletimiz adam hukuklary ulgamynda  40-dan gowrak  halkara konwensiýalaryna goşuldy we olaryň  kadalary milli kanunçylyga we hukuk ulanyş tejribesine yzygiderli ornaşdyrylýar. Türkmenistan abraýly halkara guramalarynyň agzasy bolup durýar, şeýle-de hemişelik esaslarda BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň ýolbaşçy edaralaryna saýlanýar. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy üpjün etmegiň netijeli gurallarynyň ornaşdyrylmagynyň ösüşine ýardam edýär.

Bu işler 2025-nji ýylda hem netijeli alnyp baryldy. Her bir döwletde adam hukuklary bilen bagly ýagdaýa baha bermek  adamyň ýaşamaga bolan hukugynyň, erkinliginiň, deňhukuklylygynyň, bilime, saglygyny goramaga, döwleti dolandyrmaga gatnaşygyna bolan we beýleki hukuklarynyň berjaý edilişi bilen kesgitlenilýär. Geçen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan 2025-nji ýyl döwletimizde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30-ýyllyk baýramynyň ruhynda  geçirildi. Hemişelik Bitaraplyk hukuk statusyna eýe bolan döwründen başlap geçen 30 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda ençeme kararnamalar kabul edildi. Olaryň hatarynda  döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyny ykrar edýän  üç sany ýörite kararnamasyny mysal hökmünde getirmek bolar. Agzalanlar döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýynyň ýokarydygyny hem-de Türkmenistanyň alyp barýan syýasy strategiýasynyň halkara bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýandygyny subut edýär. Şeýle-de, Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllyk ýubileý toýlarynyň bellenilmegi bilen dabaralandyrylan 2025-nji ýylyň biziň döwletimiziň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy hem möhüm wakalaryň biridir. Bu wakanyň özi biziň ata Watanymyzyň oňyn bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň hem-de parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň  dünýä derejesinde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Parahatsöýüjilik we hoşniýetli bitaraplyk ýörelgeleriň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzmegi hem-de döwletimiziň öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlylygy  sebäpli biziň Bitarap ýurdumyz ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edildi.

Watanymyzyň bitaraplyk hukuk derejesi adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi bilen baglydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bilen baglylykda ýurtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň jemgyýetiň we döwletiň beýik gymmatlyklary hökmünde ykrar edilmegi,  döwletiň syýasatynda bu hukuklaryň we azatlyklaryň ileri tutulmagy türkmen döwletiniň möhüm ýörelgeleriniň biri bolup durýandygy döwletiň Esasy Kanuny – Konstitusiýasynda berkidilen. Döwletiň bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe türkmen halkynyň asuda ýaşamagynyň kepili bolman, eýsem sebitde we bütin dünýäde parahatçylygyň saklanylmagy üçin hem goşantdyr. 

Döwletimizde adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek, raýatlar üçin has amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek maksadynda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň esasy görkezijisi bolup durmagy bilen, geçen ýylda dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan daşary we içeri syýasaty halkyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, durmuş üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilip,  ykdysadyýetiň durnukly ösüşine ýardam etdi hem-de halkyň bähbidine gönükdirilen döwlet häkimiýetiniň işine itergi berdi. Döwletiň ykdysadyýetinde, senagatda, oba hojalykda, bilimde-ylymda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, sportda we beýleki ulgamlarda üstünlikler gazanyldy we amala aşyrylýan uly göwrümli işler adamyň raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirildi. Bulary subut etmek maksady bilen geçen ýylda ýurdumyzda amala aşyrylan wajyp işleriň üstünde durlup geçilmegi makul bilindi.

Ilki bilen, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolan halkyň eşretli ýaşaýyşyna, ykdysady hukuklarynyň goraglylygyna  gönükdirilen işler barada aýdanymyzda, 2025-nji ýylda  raýatlaryň durmuş hukuklaryny üpjün etmekde 2 sany täze oba we 1 şäherçe döredildi, 6 sany suw, lagym arassalaýjy  hem-de elektrik desgalar, 3 sany medeni-dynç alyş merkezler we seýilgähler guruldy, raýatlaryň ýaşaýyş jaý hukugyny üpjün etmekde 130 sany 830 öýli ýaşaýyş jaýy, bilim almak hukugyny üpjün etmekde 14 sany täze bilim edaralary we çagalar baglary; saglygy goramak hukugyny üpjün etmekde 2 sany saglygy goraýyş edarasy, raýatlaryň zähmet hukugyny berjaý etmekde täze zähmet orunlaryny göz öňünde tutýan 9 sany desga gurlyp, ulanyşa tabşyryldy. Ýeri gelende aýtsak 2025-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan býujet serişdeleriň 76%-den gowragy durmuş ugruna gönükdirilendir. 

Şeýle-de, Türkmenistanda adam hukuklaryna gönükdirilen syýasat, halkara kadalaryna esaslanan milli kanunçylygyň hukuk namalarynyň kabul edilmegi, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek bilen bagly  halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilýän  tematiki maksatnamalar we meýilnamalar    esasynda amala aşyrylýar.

Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak  hem-de üpjün etmek meselesi Türkmenistanyň kanunçylygynda, ähli durmuş-ykdysady, syýasy, medeni we beýleki maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Bularyň mysaly hökmünde, ilki bilen “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň, “2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň kabul edilmegini aýratyn belläp geçmelidiris. Bu kanunçylyk namalary Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesi sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamaga hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna, birek-birege hormat goýmak, jedelleriň öňüni almak we olary parahatçylykly ýol bilen çözmek ýaly ýörelgeleriň “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň esasy ýörelgeleriniň hatarynda kesgitlenilmegi adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň we ýerine ýetirilmeginiň  döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda aýratyn ornunyň bardygyny aňladýar.

Ýurdumyzyň syýasatynyň adam hukuklarynyň üpjün edilmegi we goralmagy,  raýatlaryň ykdysady, syýasy, raýat, durmuş, medeni hukuklarynyň bökdençsiz berjaý edilmegi, halkyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş şertleriniň, şeýle-de maddy ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagy  Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararlary bilen tassyklanan, Türkmenistanda   adam hukuklary  boýunça  2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriniň Milli Meýilnamasynyň, Durnukly ösüş  ugrunda BMG bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň 2021-2025-nji ýyllar üçin  hyzmatdaşlygynyň çarçuwaly maksatnamasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda dyrmyş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň, Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň hem-de adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky beýleki namalaryň maglumat ýylynda hem üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde durmuşa geçirilýär. 

Geçen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan ýylyň dowamynda Watanymyz “Açyk gapylar” syýasatyň çäklerinde,   adam hukuklary we azatlyklary meseleleri hem özünde jemleýän  halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde   birnäçe uly  halkara çäreleriň geçirilmegi bilen hem dabaralandyryldy. Bu hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, geçen ýylyň ähmiýetli çäresi  hökmünde 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy” atly maslahatyny bellemelidiris. Maslahat Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30-ýyllyk hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllyk ýubileý senesine bagyşlanan 2025-nji ýylyň  aýratyn simwoliki özboluşly wakasy boldy. Şeýle-de, BMG tarapyndan  2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagynyň özüniň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça bolmagy Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan global parahatçylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen işleriň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilýänliginiň subutnamasydyr.  

Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň mart aýynda “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” halkara maslahatynyň,  awgust aýynda bolsa Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça BMG-niň üçünji Maslahatynyň, “Häzirkizaman jemgyýetde aýallaryň orny: Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda halkara hyzmatdaşlygyň ösmegi” atly Halkara  maslahatynyň ýurdumyzda geçirilmegi ýylyň aýratyn bellenilmeli wakalarydyr. 

Geçen ýylyň esasy syýasy wakasy, ol hem dekabr aýynda dünýäniň ençeme ýurtlarynyň we abraýly halkara guramalaryň  baştutanlarynyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, Bitaraplygyň halkara gününiň hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30-ýyllygynyň hatyrasyna geçirilen Halkara forumy bolup durýar. Bu Halkara forum bütindünýä syýasy we diplomatik gün tertibinde  giň gerimli, ähmiýetli waka bolup, onuň netijelerinde kabul edilen Aşgabat Jarnamasy bolsa aýratyn strategiki wajyp resminama boldy. Maslahatda beýan edilen Hemişelik Bitaraplygyň ýörelgeleriniň esasyndaky Türkmenistanyň daşary syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan parahatçylyga, dialoga we özara sylaşyga çagyryş uly höwes bilen kabul edildi.

Döwletimiziň  halkara gatnaşyklaryndaky başlangyçlarynyň kabul edilmegi ýurdymyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň ýokarlanmagy  bilen bir hatarda, halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegine borçlandyrýar. Bu ugurda adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalaryň hem-de milli hukuk kepillikleriniň  ýerine ýetirilmeginiň wajyp ornunyň bolmagy sebäpli Adalatçynyň Diwany tarapyndan  adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet tarapyndan goragynyň kepilliklerini, şeýle-de döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar, guramalar we beýleki şahslar tarapyndan ol kepillikleriň berjaý edilmegini we hormat goýulmagyny üpjün etmegi amala aşyrylýar.  

Türkmenistanyň Esasy Kanuny – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam bolmagy bilen, adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesi bolup durýandygy kesgitlenen.

Döwletimiziň Hökümeti tarapyndan ýurdumyzda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň  berjaý edilişine we ýerine ýetirilişine ünsüniň şeýle ýokary derejede bolmagyna garamazdan, käbir edara-kärhanalar, wezipeli adamlar tarapyndan ol hukuklaryň bozulmagyna ýol berilýändigi Adalatçynyň iş tejribesinde ýüze çykarylýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwletimizde adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilişiniň  ýagdaýy barada netije çykarmak üçin halk üçin haýsy meseleler - durmuş, ykdysady ýa-da syýasy hukuklar we azatlyklar - has wajyp, çözülmegi gaýragoýulmasyz bolup durýandygy, haýsy ugur boýunça edara-kärhanalar bilen düşündiriş işlerini güýçlendirmelidigi anyklanylmaga degişli bolmagy bilen bu maksatda  Adalatçynyň Diwanyna gelýän ýüztutmalara, şol sanda Adalatçynyň ýurdymyzyň sebitlerinde gurnaýan raýatlaryň kabul edişliklerinde gozgalan meselelere, Adalatçynyň Diwanynyň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda ýylyň dowamynda edaralarda geçirilýän barlaglaryň, hususanda Maýyplar we garrylar öýlerinde, çagalyk öýünde, ýöriteleşdirlen edaralarda geçirilen barlaglaryň netijelerine, ýüztutmalar boýunça edara-kärhanalar bilen amala aşyrylan  gatnaşyklara seljerme geçirmegiň netijesinde adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilişine we ýerine ýetirilişine baha bermek arkaly amala aşyryldy.

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda raýatlaryň ýüztutmalary Adalatçynyň Diwanynda kabul edilmegi hem-de ýazmaça ýüzlenmeler arkaly amala aşyrylýar. 2025-nji ýylyň dowamynda Adalatçynyň Diwanyna jemi  676 ýüztutma gelip gowuşdy. Maglumatyň şu babynda hem ýüztutmalaryň esasyny düzýän meseleleriň  üstünde durulyp geçilmegi makul bilindi. Ýagny ýüztutmalaryň   111-si (16,4 %) ¬¬ýaşaýyş jaý hukugy, 48-si (7,1%) zähmet hukugy, 44-si (6,5%) migrasiýa meseleleri bilen bagly boldy. Ýurdumyzda ýaşaýyş jaý gurluşygynyň ýyl-ýyldan artýandygyna garamazdan ýokardaky görkezijilere görä ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilmegi baradaky meseläniň köpelmegi döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan seljerilmäge degişli bolup durýan wajyp mesele diýen netijä gelindi.  

Ýylyň dowamynda Adalatçynyň Diwanynyň  ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda welaýatlarda raýatlaryň kabul edişlikleri geçirilende hem raýatlaryň ýerlerdäki esasy meseleleri, ýagny Balkan welaýaty boýunça ýüz tutanlaryň 44%-i iş bilen üpjün edilmek, 28%-i bolsa, ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilmek, Daşoguz welaýaty boýunça ýüz tutanlaryň 75%-i  gaz, agyz suwy bilen üpjün edilmek, Lebap welaýaty boýunça ýüz tutanlaryň 22,5%-i  ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilmek,   15%-i  ýer meselesi (mellek ýerleriň we kärende şertnamasyny baglaşmak arkaly berilmegi) bilen bagly, Mary welaýaty boýunça ýüz tutanlaryň 37,5%-i ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilmek meseleleri bolup durýar. Bu meseleler boýunça welaýatlaryň häkimlikleri bilen degişli işler  geçirilýär. 

Ýokarda görkezilen seljermäniň netijesinde ýaşaýyş jaýyna, ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna, iş bilen üpjünçiligine bolan hukuk hem-de welaýatlarda ýer meseleleri, ýagny ýer bölekleriniň kärendä hem-de mellek ýer hökmünde berilmegine   üns berilmäge degişli meseleler bolup durýandygy barada netije çykarsaň bolar. Seljerme döwlet edaralary, hususy ulgama degişli edaralar, jemgyýetçilik guramalar bilen Adalatçynyň Diwanynyň gatnaşyklarynyň, bilelikdäki işleriniň ornunyň örän wajypdygyny görkezýär. 

Şeýle-de, ilatyň  hukuk taýdan habarlylygynyň ýeterlik derejede bolmagy hem adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginde hem-de ýerine ýetirilmeginde ornunyň uludygyny bellemek gerek. Ilatyň hukuk sowatlylygyny hem-de raýatlaryň hukuk goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin hukuk taýdan aň-bilimi ýokarlandyrmak,  adam hukuklary bilen bagly monitoringi ýola goýmak maksadynda hemmetaraplaýyn çemeleşme talap edilýär. Hukuk medeniýetliligiň we sowatlylygyň emele getirilmegi mümkin boldugyça ir ýaşlarda başlansa dogry boljakdygyny tejribede görmek bolýar. Bu meselede köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de şu günki günde tehnologiýalaryň ýaýran döwründe internet ulgamynyň eýeleýän   ornuny ünsden düşürip bolmaz. Hususan-da, ilatyň hukuk habarlylygyny hem-de hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmaga hukuk ugrundaky hünärmenler tarapyndan geçirilýän düşündiriş işleriniň, tegelek stollaryň başyndaky gürrüňdeşlikleriň, okuw maslahatlaryň hem yzygiderli dowam etdirilmeginiň netijeli boljakdygy şübhesizdir.

Geçen ýylyň dowamynda raýatlaryň Adalatçynyň Diwanyna ýüzlenmeleriniň sanynyň 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 20,41 %  köpelmeginiň özi bir tarapdan ilatyň Adalatçynyň Diwanynyň işi bilen has ýakyndan tanyşandyklaryny, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagynyň usullary habarlygynyň artýanlygyny  aňladýan bolsa, beýleki bir tarapdan agzalan meseleler boýunça işleriň güýçlendirilmegine çagyrýar.

Döwletimizde adamlaryň we raýatlaryň raýat we syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilişi, şeýle-de Adalatçynyň Diwanynyň maglumat ýylynda alyp baran, şol sanda ýüz tutmalar bilen bagly amala aşyrylan işleri, bu işleriň netijesinde Adalatçynyň berýän  teklipleri şu Maglumatyň degişli baplarynda  beýan edildi.

II bap. Raýatlyk we syýasy hukuklar

Mälim bolşy ýaly ýurdymyzyň goşulyşan adam hukuklary babatdaky halkara resminamalarynyň esasylarynyň biri hem  Raýat we syýasy hukuklar hakynda Halkara pakty hem-de onuň Fakultatiw teswirnamasydyr. Türkmenistan bu resminamalaryň kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak arkaly onuň kadalaryny iş ýüzünde berjaý edip gelýär. Maglumatymyzyň bu babynda biz 2025-nji ýylda ýurdymyzda  adamyň raýat we syýasy hukuklarynyň ýerine ýetirilişine syn bereris we bu ugurda Adalatçynyň Diwanynyň alyp baran işi barada beýan ederis. 

Adamyň raýat we syýasy hukuklarynyň ýurdymyzda ýerine ýetirilmegi babatda durup geçemizde ilki bilen adamyň bu hukuklarynyň kanuny esaslarynyň üstünde, has takygy bu ugurda  Milli kanunçylygymyzy halkara ülňülerine we döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmekde alynyp barlan işleriň üstünde durup geçeliň.

Geçen maglumat ýylynda adamyň raýat we syýasy hukuklary babatda kadalary özünde jemleýän  kanunlar we hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda aşakdaky kanunlar kabul edildi.  

Olardan “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň, Türkmenistanyň Raýat Kodeksiniň kadalarynyň kämilleşdirilen täze beýanynyň, «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň kabul edilenligini,  şeýle-de Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat-ýerine ýetiriş, Gümrük Kodekslerine, «Adminstratiw önümçilik  hakynda», «Döwlet syrlary hakynda» «Migrasiýa  hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna bolsa degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip kämilleşdirilendigini bellemelidiris. Elbetde görkezilen kanunlaryň kabul edilmegi döwletiň syýasy durmuşynda, raýat-jemgyýetçilik gatnaşyklarynda adamyň raýat we syýasy hukuklarynyň berjaý edilmeginiň kanunçylyk binýadyny berkidýär.

Maglumat ýylynda ýurdymyzda geçirilen iri syýasy wakalaryň biri hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30-ýyllygynyň toýlanmagydyr. Bu şanly sene mynasybetli dünýäniň dürli künjeginden ýurt ýolbaşçylaryny we halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny we wekillerini bir ýere ýygnan parahatçylykdan başlap şu döwrüň wajyp meselelerini gozgaýan forumyň geçirilmegidir.

Raýat we syýasy hukuklar hakynda Halkara Paktynda oňa gatnaşyjy ýurtlaryň adamyň raýat we syýasy hukuklary babatynda milli kanunçylygy we syýasaty bu resminamanyň kadalaryna laýyk getirmek barada borçnamalar beýan edilýär we ol kadalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabatlylyk göz öňünde tutulýar. Ýurdymyz bu talaplary gyşarnyksyz berjaý edip gelýär.

Adamyň raýat we syýasy hukuklarynyň berjaý edilmegi babatda her ýylda bolşy ýaly 2025-nji ýylda  Adalatçynyň Diwany tarapyndan  hem kesgitli işler amala aşyryldy. Bu ugurda Adalatçynyň esasy üns merkezinde saklanýan ugurlarynyň biri hem iş kesilenleriň, deslapky tussag ediş, tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde, düzediş we beýleki ýöriteleşdirilen edaralarda saklanýanlaryň hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçiligi amala aşyrmakdyr. 

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda we Adalatçy tarapyndan tassyklanýan Adalatçynyň Diwanynyň ýyllyk iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan şu wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen Adalatçy tarapyndan agzalan edaralarda kanunyň talaplarynyň berjaý edilişi yzygiderli gözegçilikde saklanýar.

Maglumat ýylynda Adalatçy tarapyndan azatlykdan mahrum ediş çäresi ulanylanlaryň  hukuklarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik amala aşyrlanda, diňe bir iş kesilenleriň jezalaryny çekýän düzediş edaralarynda däl-de, deslapky tussag ediş ýerlerinde, şeýle-de ýörite dikeldiş merkezinde, ýagny Türkmenistanyň IIM-niň Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň MR-E/13, Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň BL-E/5, Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň AH-M/4 Ýörite dikeldiş merkezinde barlag geçirildi.

Agzalan edaralarda barlag geçirilende Adalatçy tarapyndan esasan hem iş kesilenleriň aýratyn topary bolan aýallar we kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukuklarynyň üpjün edilişine aýratyn üns berilýär. Ýokarda bellenilşi ýaly Adalatçy geçen ýyl hem iş kesilenleriň agzalan toparyna girýän kämillik ýaşyna ýetmedikleriň saklanylýan ýeri bolan Mary welaýatynyň Polisiýa müdirligine degişli MR-E/13 edarasynda barlag geçirdi.

Barlagda öňküler ýaly esasan hem edarada terbiýelenýän iş kesilenleriň ýaşaýyş-durmuş şertleri, şol sanda sanitariýa kadalarynyň berjaý edilişi, iýmitlenmek, medeni dynç alyş, sport bilen meşgullanmak şertleri, bilime, saglygyny goramaga, dine uýmaga bolan hukuklarynyň üpjün edilişi, öz hak-hukuklary babatda ýüz tutmak we şikaýat etmek mümkinçilikleri, ýakyn garyndaşlary bilen gysga we uzak möhletli duşuşyklaryň berilmegi ýaly  kanunçylykda kesgitlenen kadalaryň berjaý edilişi öwrenildi. Bu edarada iş kesilenleriň ýaşaýyş şertleri halkara ölçeglerine laýyk üpjün edilipdir. Soňky gezek 2019-njy ýylda edaranyň umumy ýaşaýyş jaýynda, naharhanada, mekdepde, türgenleşik zalynda abatlaýyş işleri geçirlen. Edarada barlag döwri, ýagny hasabat ýylyň ahyryna iş kesilenleriň sany öňki ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende az-kem köpelipdir. Iş kesilenleriň hasabat ýylyň ahyryna  diňe 26% kämillik ýaşyna ýetmedikler bolup, galanlary Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň 127-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda bu terbiýeleýiş edarasynda ýigrimi bir ýaşyna çenli galdyrylan kämillik ýaşyny dolduran iş kesilenlerdir. Şeýle-de barlag döwrüne iş kesilenleriň arasynda maýyplygy bolanlaryň ýokdygy anyklandy. 

Edarada iş kesilenleriň ruhy we medeni taýdan dynç almaklaryny üpjün etmek üçin şertler döredilipdir. Edebi eserlerden 6742 türkmen dilinde we daşary ýurt (rus, iňlis, fransuz, pars, hytaý, özbek) dillerinde dürli kitaplardan, žurnallardan ybarat gory bolan kitaphana hyzmat edip we ondan gündelik okyjylaryň onlarçasynyň peýdalanýanlygy anyklanyldy. Has takygy barlag güni hem kitaphanada iş kesilen okyjylar bolup, olaryň türkmen, rus, iňlis, pars dillerde kitap okap oturanlary bolup, Adalatçy olar bilen ýekelikde duşuşyp gürrüňdeş boldy. 

Edaranyň saglyk öýünde iş kesilenleriň keselini anyklamak we bejergi almak üçin şert döredilen. Iş kesilen kämillik ýaşyna ýetmedikler MR-E/13 edarasyna getirilende saglyk ýagdaýyna barlag geçirilýändigi, inçekesel bilen kesellileriň we operasiýa etmek üçin edaradan çykarylanlaryň ýokdygy anyklandy. 2025-nji ýylda lukmançylyk gullugynda ýatymlaýyn bejergi alan adam bolmandyr, ýarawsyzlygy bilen ýüz tutan 25 sany terbiýelenýänler gatnawly bejergi alypdyr, ýatymlaýyn bejergi alan adam bolmandyr. Saglyk öýünde we dermanhanada iş kesilenleriň derman üpjünçiliginiň kanagatlanarlylygy anyklandy, dermanlaryň möhleti geçenleri ýüze çykarylmady. Edarada psihologyň hyzmaty ýola goýulan. Ýeri gelende aýtsak iş kesilen ýetginjekler bilen psihologyň iş geçirmeginiň zerurdygy, psihologyň boş iş ornuny doldurmak barada Adalatçynyň öňki ýyllardaky barlaglarynyň netijesinde  teklibiň berlenligini we onuň ýerine ýetirilenligini bellemelidiris. 

Öňki maglumatlarda bellenilişi ýaly edarada iş kesilenleriň sport bilen meşgullanmaklary üçin gyşky we tomusky sport jaýy we meýdançasy bilen, medeni dynç almaklary, aýdym-saz bilen meşgullanmaklary üçin dürli saz gurallary bolan  medeniýet öýi bilen üpjün edilenligi we iş kesilenlere olardan peýdalanmaga mümkinçiligiň döredilýänligi anyklandy. 

Mundan başga-da, iş kesilenleriň edaranyň çäginde ýerleşen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli dükanyň hyzmatyndan peýdalanýandyklary anyklanyp, dükanda möhleti geçen harytlar ýüze çykarylmady. 

Barlag döwri edaranyň çäginde ýerleşen, Baýramaly şäheriniň № 14-nji orta mekdebinde  7 synp bolup, olarda jemi 30 okuwça 10 sany mugallymyň bilim berýänligi, 6 sany mugallym iş ornunyň boş duranlygy anyklanyldy. Maglumat ýylynda 11 sany iş kesilene orta bilim hakynda şahadatnama berilen. Ondan başgada olara mekdepde hünär öwrenmek üçin mümkinçilik döredilen. Tikinçilik boýunça 11-nji we 12-nji synplarda 2 ýyllyk başlangyç hünär öwredilýär we bu barada ýörite sertifikat berilýär.  

Barlag wagtynda Adalatçy  toparlarda we aýratynlykda iş kesilenler bilen duşuşyp gürrüňdeşlik  geçirdi. Olar bilen duşuşylanda, arz şikaýat gozgalmady.

Şeýle-de iş kesilenleriň hossarlary bilen duşuşmaklary, aragatnaşyk serişdeleri arkaly habarlaşmaklary, ýollamalary, banderollary we hatlary almaga we ibermäge, şeýle hem geçirilýän zatlary almakda kanunyň talaplarynyň berjaý edilişi barlanylanda ol mümkinçilikleriň döredilenligi anyklandy. 

Edaranyň ýüztutmalary hasaba alyş kitapçasyna 2025-nji ýylyň dowamynda iş kesilenlerden jemi 8 arza gelip gowşan, olaryň 7 sanysy ozal mekdepde okandygy barada kepilnama berilmegini, 1 arza gozgalmaýan emläk bilen bagly geleşik baglaşylmagyna razylyk berilmegi barada haýyş edilen arzalar bolup, ýüztutmalar kanagatlandyrylan.

Şeýle-de hasabat döwri Adalatçynyň Diwanyna jenaýat jogapkärçiligine çekilen we iş kesilen kämillik ýaşyna ýetmediklerden we olaryň ýakyn garyndaşlaryndan, kanuny wekillerinden ýüz tutmalar gelip gowuşmady. 

Barlagyň netijesi boýunça Terbiýeleýiş edarasynyň düzgün-nyzam gabawhanasynyň Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Düzediş edaralarynyň içerki tertip-düzgün kadalarynyň II. 37 bendiniň kadalaryna laýyk getirmek, bu edara 2025-nji ýylda gelen iş kesilenleriň sanynyň az owlagam bolsa artmagynyň we kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan jenaýatyň gaýtadan edilmeginiň sebäplerini öwrenip, ýerlerde öňüni alyş çäreleriniň güýçlendirilmegi barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine Adalatçynyň Teklibi berildi. 

Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň BL-E/5 edarasynda barlag geçirilende hem, bu edarada saklanýanlaryň hukuklarynyň berjaý edilişi, esasanda olaryň ýaşaýan ýerlerinde sanitariýa kadalarynyň berjaý edilişine, saglygyny goramak, iýmitlenmek, hak hukuklary babatda ýüz tutmak ýaly hukuklarynyň kanunçylygyň talaplaryna, şol sanda Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň talaplaryna laýyklykda gurnalyşy barlanyldy. Barlagda bu edarada saklanylýanlar üçin niýetlenen 300 orunlyk binanyň 2017-nji ýylda ulanylyşa berlendigi anyklandy. Barlag wagty edarada   saklanýan tussag edilenleriň köp däldigi,  olar deslapky derňew geçirilýänler kazyýetiň hökümi bilen iş kesilenler bolup, saklanýanlardan aýal adam 1, maýyplygy bolan  1 erkek adam (göz keselli), uly ýaşly adam 1 sany bolup (1941ý.d), kämillik ýaşyna ýetmedik we daşary ýurt raýatyň ýokdygy anyklandy.

Edarada saklanýanlaryň saglygyny goramakda alnyp barylýan işler boýunça barlag geçirilende, barlag döwri edarada lukmançylyk gullugyna degişli 3 sany işgäriň, lukmançylyk nokadynyň müdiriniň (ýokary bilimli), feldşeri,  şepagat uýasynyň (ýörite-orta bilimli) hyzmat edýänligi, 2 sany wezipe birliginiň boşdygy anyklandy. Ýylyň dowamynda 3 adam lukmançylyk hyzmatlaryny etmek üçin kanunçylykda bellenen tertipde edaranyň daşyndaky hassahana hyzmatlaryndan peýdalanan.

Edarada saklanýanlaryň naharlandyrylyşy edaranyň müdiriniň orunbasary tarapyndan gündelik tassyklanylýan, naharlaryň we azyk önümleriniň görnüşi we möçberi baradaky resminama esasynda amala aşyrylýar. Barlag güni günortanlyk nahara gabat barlyp barlananda, günortanlygyň tassyklanan naharsanawa gabat gelýänligi anyklandy.

Edarada saklanýanlar özleriniň razylygy esasynda hojalyk hyzmatlaryna işe çekilip, olara döwlet býujetinden kesgitlenen aýlyk haky tölenilýär. Hojalyk işinde işletmek üçin ştat boýunça 8 wezipe bolup, barlag wagty işe çykarylany ýok. 2025-nji ýylda 1 adam hojalyk hyzmatda alnyp galynan. Ol öz razylygy baradaky arzasy bilen, 11.09.2025ý. - 18.10.2025ý. aralykda, karar esasynda, naharhananyň işgäri bolup işlän. Edarada zähmete çekilen iş kesilenler barada zähmet hukuk gatnaşyklarynyň bozulmasy ýüze çykarylmady.

Bu edarada saklanýan tussaglara kitaphananyň hyzmatyndan peýdalanmaga hem mümkinçilik döredilen. Kitaphana  370 sany türkmen dilinde, 295 sany rus dilinde, 41 sany beýleki daşary ýurt dillerinde ýazylan, jemi 706 sany kitap bilen üpjün edilen.

Adalatçy edarada saklanýanlaryň şertlerini barlamak we olar bilen aýratynlykda gürrüňdeş bolmak maksady bilen, aýry-aýry  tussag otaglarda (kameralarda) boldy. Şol sanda ol ýerde saklanýan 1 sany aýal, 1 sany maýyplygy bolan adam we 1 sany uly ýaşly tussag bilen hem aýratynlykda duşuşdy. Duşuşykda maýyplygy bolan tussagyň derňew hereketlerinden nägilelik bildiren ýüztutmasy boýunça oňa Adalatçy tarapyndan degişli kanunlaryň kadalary düşündirilip degişli maslahat berildi we onuň getirýän delillerini barlamak we gözegçilige almak barada Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň ýolbaşçylaryna ýerinde teklip edildi.

Derňew gabawhanasynda saklanýanlar we olaryň hossarlaryndan edaranyň ýolbaşçylygyna gelip gowuşýan  ýüztutmalara seretmekde kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilişine hem barlag geçirildi. 2025-nji ýylyň 11 aýynda edarada saklanýanlaryň hossarlaryndan 10 sany arza gelip gowşan. Arzalar degişli tertipde № 64 belgili kitapda hasaba alnyp, olardan 3 sanysy degişli notarial edaranyň adyna arza almak, 7 sanysy bolsa ynanç hatlary almak bilen baglanyşykly bolup arzalar kanagatlandyrylan. Şeýle-de tussaglaryň özlerinden 2 sany arza gelip gowşup bular hem degişli tertipde № 77 belgili kitapda hasaba alnan. Bu 2 arza kazyýet höküminden nägilelik bilen baglanyşykly bolup, degişli tertipde ugradylan.

Şeýlelikde BL-E/5 edarasynda esasan kanunçylygyň berjaý edilýänligine garamazdan, käbir kemçilikler ýüze çykarylyp, olary aradan aýyrmak barada, hususanda edarada saklanýan azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlaryň jeza çäresini çekmek üçin degişli düzediş edaralaryna kanunçylykda kesgitlenen möhletden gijä goýman ugradylmagy, iş kesilenler derman serişdeleri we lukmançylyk maksatly önümler bilen üpjün edilende möhleti geçen derman serişdeleriniň ulanylmazlygyna gözegçiligiň güýçlendirilmegi, iş kesilenlere iberilýän ýollamalaryň, geçirilýän zatlaryň we banderollaryň gözden geçirilýän gözegçilik nokadynda ýörite skaner enjamlarynyň üpjün edilmegi barada Adalatçynyň Teklibi berildi.   

Geçen maglumat ýylynyň dowamynda Adalatçy ýokarda bellenilişi ýaly ýörite dikeldiş edaralarynda, has takygy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň AH-M/4 ýörite dikeldiş merkezinde hem bolup, bejergidäkiler babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň, şol sanda «Arakhorlykdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, “Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite dikeldiş merkezinde bejergidäkileri saklamagyň tertibi hakynda“ Düzgünnamanyň talaplarynyň berjaý edilişine barlag geçirdi.

Bu ýörite dikeldiş merkezinde saklanylýan bejergidäkileriň hem ýaşaýan ýerlerinde sanitariýa kadalarynyň berjaý edilişine, saglyklaryny dikeltmek, iýmitlenmek, medeni dynç alyş, sport bilen meşgullanmak, zähmet çekmek, hak hukuklary babatda ýüz tutmak mümkinçilikleriniň döredilişine, ýakyn garyndaşlary bilen duşuşyklary geçirmek üçin zerur mümkinçilikleriň kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda döredilişine barlag geçirdi.  

Dikeldiş edarasy 850 adama niýetlenen bolup, barlag döwri  921 adam bejergide bolup, bellenen möçberden 71 sany adam artykmaç saklanýar. Şunda 71 adamyň artykmaç bolmagy sebitler boýunça saklanýanlardan merkezi edara bejergi almagy we düzgün-tertibiň saklanmagy ähmiýeti bilen getirilmeginiň hasabyna artýandygy düşündirildi. Bejergidäkileriň köpüsi iş bilen üpjün edilen. Oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen baglanyşykly işlerde 48 sany adam zähmet çekip, olara döwlet býujetinden kesgitlenen zähmet haky tölenilýär. Merkeziň çäginde ýerleşýän önümçilik kärhanasynda 64 adam işleýär. Olara öndürilen önümiň mukdaryna görä zähmet haky tölenilýär. Önümçilikde tikinçilik sehinde 22 adam, Demir we agaç önümler sehinde 42 adam zähmet çekýär. Kerpiç öndürmek işiniň wagtlaýyn togtadylandygy anyklandy. Barlagda Merkeziň demir we agaç önümler sehinde işlemek üçin zähmet şertleriň ýaramazdygy ýüze çykaryldy.

Ýörite dikeldiş merkezinde bejergidäkileriň ýaşaýyş şertleri barlananda umuman kanunyň talaplarynyň berjaý edilýänligi anyklandy. Ýagny olar umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýa-da otrýadlarda ozal jenaýat jogapkärçiligine çekilenler aýratynlykda, ýokanç kesel bilen keselläp bejergi alýanlar sag adamlardan aýratynlykda, arakhorlar neşekeşlerden aýratynlykda, beýlekileriň aňyna ýaramaz täsir edip biljek adamlar mümkin boldugyndan beýlekilerden aýratynlykda saklanýar. 

Ýörite dikeldiş merkezinde bejergi alýanlaryň egin-eşigi gyş möwsümine degişli birmeňzeş egin-eşik bilen üpjün edilen. Ýatýan jaýlary ýorgan-düşek, ýassyk, örtgüç we süpürgiç bilen üpjün edilen. Şeýlelikde toparlarda sanitariýa kadalary berjaý edilen.

Barlagda bu ýerde bejergi alýanlaryň iýmit üpjünçiliginiň Türkmenistanyň IIM-niň 10.05.2014ý. 119 belgili buýrugynyň 1-nji goşundysyna, Düzediş edaralarynda, Derňew gabawhanalarynda we Ýörite dikeldiş merkezlerinde saklanýanlaryň gije-gündizlik iýmit üpjünçiligine laýyklykda, AH-M/4 Ýörite dikeldiş merkeziň müdiri tarapyndan gündelik tassyklanylýan, naharlaryň we azyk önümleriniň görnüşi we möçberi baradaky resminama esasynda amala aşyrylýanlygy anyklanyldy. Şeýle-de  dikeldiş merkezi lukmançylyk enjamlary bilen ýeterlik üpjün edilen. Lukmanlar üçin aýratyn otaglarda lukmançylyk enjamlary goýulan. Merkeze  getirilenleri ilkinji lukmançylyk barlagyndan geçirilmek, kesellerini anyklamak we bejergi bermek lukmançylyk bölüminde amala aşyrylýar, aýratyn halatlarda gorag astynda saglygy goraýyş edaralaryna çykarylýar.

Ýörite dikeldiş merkeziniň aýratyn dikeldiş bölüminiň desgasynda Ýewropa bileleşiginiň CADAP taslamasynyň çäklerinde döredilen reabilitasiýa bölümi  hereket edýär. Bölümde bejeriş möhletiniň tamamlanmagyna üç aý galan adamlar bilen aýratyn bejeriş dikeldiş işleri geçirilýär. Edaranyň aýratyn dikeldiş bölüminde 2025-nji ýylda 76 adam dikeldişde bolup giden, barlag döwri bölümde 20 adamyň bejergi alýanlygy anyklandy we olaryň her biri bilen aýratynlykda gürrüňdeşlik geçirildi.

Ýörite dikeldiş merkezinde bejergi alýanlara kitaphana hyzmatyndan peýdalanmaga mümkinçilik döredilen. Kitaphanada jemi 2026 sany kitap bolup, olar esasan türkmen dilinde bolup, iňlis, rus dillerinde hem kitaplar bilen üpjün edilen. 

2025-nji ýylda Merkeze bejergi alýanlaryň hossarlaryndan 27 sany arza gelip gowşan. Olardan bejergi alýany möhletinden öň boşatmak barada 6 arza, kepilnama we ynanç hatyny almak bilen baglanyşykly 21 arza. Arzalara bellenen tertipde we möhletde seredilen. Barlagda  dikeldiş merkeze bejergi alýanlaryň özlerinden  arza-şikaýatyň hasaba alynmanlygy anyklandy. Bu ýerde bejergi alýanlaryň Merkeziň işgärleri ýa-da özara biri-biri bilen düşünişmezlik, ýa-da başga bir sebäpler bilen bütin ýylyň dowamynda belli bir derejede şikaýat etmezligi ynandyryjy däl diýen netijä getirýär.

Barlag döwri dikeldiş merkezinde umuman kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilýänligine garamazdan ýüze çykarylan käbir kemçilikleri aradan aýyrmak, has takygy bejergi alýanlara talaba laýyk bejergi berilmegini üpjün etmek maksady bilen edarada boş duran wezipeleriň dolunmagy, hususanda  bejergi alýanlar üçin zerur bolan  narkolog-ruhy keseller lukman bilen üpjün edilmegini, dikeldiş merkezinde ozal bejergi alyp, gaýtadan gelenleriň sanynyň we gaýtadanlygynyň köpelendiginiň sebäplerini öwrenmek we bu ýagdaýlaryň öňüni almak işleriniň güýçlendirilmegini, olaryň zähmet şertleriniň, hususan-da demir we agaç önümler sehinde tehniki howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilmegi barada Adalatçynyň Teklibi berildi. 

Görkezilenlerden başgada Adalatçynyň öňki ýyllarda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine düzediş edaralarynyň işini Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk guramak we iş kesilenleriň saklanýan binalarynda sanitariýa kadalaryň üpjün edilmegi maksady bilen berlen teklipleriň ýerine ýetirilişi, ýagny düzediş edara üçin täze binalaryň gurulmagy, ýa-da abatlaýyş işleriň geçilmegi hem gözegçilikde saklanyp, degişli maglumatlar alynýar.

Ýurdymyzda iş kesilenleriň hukuklarynyň berjaý edilişi barada durup geçenimizde, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan ynsanperwer syýasaty esasynda, her ýyl iş kesilenleriň müňlerçesiniň günäleriniň geçilip, jeza çärelerini çekmekden boşadylyp, olara günälerini ýuwmaga mümkinçilik döredilýändigini hem bellemelidiris. Ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine goldanyp, türkmen jemgyýetiniň, galybersede her bir maşgalanyň agzybirligini we bütewiligini saklamak maksady bilen geçen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak  ýylyň dowamynda hem bu ynsanperwer däp 4-gezek amala aşyrylyp, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Permanlary esasynda jemi 1030 iş kesilen  raýatlaryň, şol sanda 6 sany daşary ýurt raýatlarynyň günäsi geçildi. Adalatçynyň adamyň  raýat we syýasy hukuklarynyň berjaý edilmegi babatda alyp barýan işleriniň birem raýatlaryň bu hukuklarynyň bozulmagy babatda ýüztutmalaryna seretmekdir. Maglumat ýylynda Adalatçynyň Diwanyna adamlaryň raýat we syýasy hukuklary bilen bagly jemi 167 sany ýazmaça, 83 sany dilden ýüztutma gelip gowşyp, olardan  8 sany ýazmaça ýüztutmalar kanagatlandyrylan. Raýat we syýasy hukuklar bilen baglanşykly esasan  hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerinden nägilelik, migrasiýa, ýazga durmak meseleleri, kazyýet kararlaryndan nägilelik, jenaýat işleri boýunça we jenaýatçylykly hereketler barada nägilelik meseleleri bilen bagly bolup, olar barada Adalatçynyň Maglumatynyň IV babynda giňişleýin beýan edildi. Adamyň raýat we syýasy hukuklarynyň bozulmagy boýunça  ýüztutmalary bilen bagly Adalatçy tarapyndan degişli hukuk goraýjy, harby we beýleki edaralar bilen degişli işler geçirildi. 

Döwletimizde adamlaryň syýasy we raýat hukuklarynyň üpjün  edilişine geçirilen seljermäniň we Adalatçynyň amala aşyran işleriniň netijesinde adamlaryň bu hukuklarynyň berjaý edilmegine ýardam etmek maksady bilen öňki ýyllardaky ýaly aşakdaky beýan edilenleri teklip edýäris:

- Adalatçy tarapyndan Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine berlen tekliplerde görkezilenleriň ýerine ýetirilmegini, şol sanda irki ýyllarda gurulan düzediş edaralaryň binalarynda saklanýanlaryň şertleriniň kanunçylygyň talaplaryna laýyk getirilmegini, täze binalaryň gurulmagy boýunça degişli işleriň geçirilmegini.

III bap. Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar 

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir adamyň ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda amala aşyrylýan işler olaryň mynasyp durmuş şertlerini, şol sanda zähmete, bilime, saglygy goraýyşa, ýaşaýyş jaýyna, durmuş üpjünçiligine we medeni durmuşa gatnaşmaga bolan hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir. Her ýylda bolşy ýaly 2025-nji ýylda hem ýurdumyzyň döwlet býujetiniň çykdajylarynyň agramly bölegi durmuş üpjünçiligi, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, ýaşaýyş jaý ulgamlaryna gönükdirilip, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda goşandyny goşdy.    

Geçen ýylyň dowamynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň gerimli işler dowam etdirildi. Geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artyp, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,2 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 101,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 99,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk-zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Bu görkezijiler elbetde halkymyzyň mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertleriniň kepilidir.

 Maglumat ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösdürilip, bäsleşige ukyply, ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze döwrebap kärhanalary döretmek, ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirildi, şeýle hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak işleri dowam etdirildi.

Raýatlarymyzyň ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hasabyna täze iş orunlaryny döretmegiň, adamlaryň zähmetiniň netijeliligini, ýaşaýyş dowamlylygyny, bilim derejesini, intellektual, medeni mümkinçiliklerini artdyrmagyň, ýaşlar syýasatyny işjeňleşdirmegiň, raýatlaryň goraglylygyny üpjün etmegiň durmuş ugurly syýasatyny durmuşa geçirmek üçin 2025-nji ýylda milli kanunçylyk ulgamy hem kämilleşdirilip, birnäçe döwrebap kanunlar kabul edildi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda», «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda», «Wirtual aktiwler hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi. Şeýle-de hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip kämilleşdirilip, beýleki meseleler bilen birlikde adamyň we raýatyň ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilen kadalar hem girizildi. Olardan «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlary bilen Türkmenistanyň Zähmet, Maşgala, Raýat iş ýörediş, Ýaşaýyş jaý,  Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna, «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda»,  «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Derman üpjünçiligi hakynda», «Meýletinçilik hakynda», «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda», «Hossarlyk we howandarlyk hakynda», «Haýyr-sahawat işi hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilendigini mysal getirmek bolar.  

Maglumat ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen netijeli işler alnyp baryldy, durmuş-medeni maksatly binalar we desgalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanylmaga berildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin olaryň ýerine ýetirilişini kämilleşdirmek we güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasy, Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy tassyklanyldy. 2025-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, ol 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy. 

Ýurdumyzda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini özünde jemleýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Maglumat döwründe her bir raýatyň abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almaga bolan konstitusion hukugynyň durmuşa geçirilmegi dowam etdirilip, ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup ulanylmaga berildi. Arkadag şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli raýatlara bu ýerdäki döwrebap amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryndan, şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylan eneleriň birnäçesine öýleriň açarlary gowşuryldy.

Maglumat döwründe açylyp, ulanylmaga berlen ýaşaýyş jaýlary barada aýdylanda, olardan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda, Büzmeýin etrabynda, şol sanda maýyplygy bolan adamlar we durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlarymyz üçin, Parahat 7/1 ýaşaýyş toplumynda, Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanylmaga berlendigini belläp geçmek zerurdyr. Munuň özi hökümetimiz tarapyndan durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlarymyzyň, şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň ýaşaýyş jaýa bolan konstitusion hukugyny durmuşa geçirmek, olary ähli şertleri bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek ýaly alada bilen gurşalýandygyny görkezýär. 

Şeýlelikde, geçen ýyl halkymyzyň ýaşaýyş jaýa bolan hukuklaryny berjaý etmek maksady bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda umumy meýdany 645 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşygy hem meýilnama esasynda alnyp baryldy. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyz üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleri üpjün etmek maksady bilen, geçen ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen ýurdumyzyň Ahal welaýatynda Altyn asyr etraby, Daşoguz welaýatynda Garaşsyzlyk we Gubadag etraplary, Lebap welaýatynda Farap, Döwletli we Garabekewül etraplary hem-de Mary welaýatynda Oguz han etraby döredildi. Bu bolsa ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösmegini üpjün etmek üçin şertleri döreder. Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täzeýol geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyp ulanylmaga berilmegi bolsa oba ilatynyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda şertleriň döredilýändiginiň aýdyň mysallarydyr.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň medeniýetli dynç almagy, arassa agyz suwundan peýdalanmagy, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi üçin şertleri döretmek maksady bilen birnäçe gurluşyklaryň hem bina edilendigini bellemelidiris. Geçen ýylyň dowamynda ulanyşa berlen önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän zawody, Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde kuwwatlygy bir gije-gündizde 10 müň kub metr bolan lagym arassalaýjy desgany, Tejen etrabynda 220/110/35/10kw elektrik bekedini, Gökdepe etrabynda çüýşe önümlerini öndürýän önümhanany, Gökdepe etrabynda Arassalanan agyz suwuny öndürýän kärhanany, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen halkara howa menzilini, Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini, Esenguly etrabynda kuwwatlygy bir gije-gündizde 20 müň m3 bolan agyz suw arassalaýjy desgasyny, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynda bir gije gündizde 5 müň kub metr lagym arassalaýjy desgasyny, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda bir gije gündizde 20 müň kub metr agyz suw arassalaýjy desgasyny görkezip bolar.      

Geçen 2025-nji ýylda ýokarda bellenilşi ýaly halkymyzyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligini, ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak maksady bilen uly möçberde ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylyşa tabşyrylandygyna garamazdan Adalatçynyň Diwanyna ýaşaýyş jaý meselesi boýunça 111 sany ýüztutma gelip gowuşdy, olardan 66 sany ýazmaça ýüztutmalar, 45 sany dilden ýüztutma bolup durýar we 3 ýazmaça ýüztutma kanagatlandyrylan. 

Ýaş nesilleri mynasyp terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek döwletimiziň alyp barýan bilim syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, raýatlarymyzyň bilime bolan konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmek, ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeler, şeýle hem ýaşlary okatmagyň öňdebaryjy usullaryny giňden ulanmak boýunça işler dowam etdirildi. Ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi tarapyndan halkara ylmy-amaly, okuw-usuly maslahatlar, halkara olimpiadalar geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda II Halkara matematika olimpiadasy üstünlikli geçirildi. Okuwçylaryň hem-de talyplaryň arasynda geçirilen halkara ders we internet bäsleşikleriniň netijesinde jemi 815 medala mynasyp boldular. Ýurdumyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synpyna okuwa barýan bagtyýar körpelere öz ýurdumyzda öndürilen jemi 137 müň 54 sany «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleri sowgat berildi.

Çagalar barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden, ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi, çagalaryň bilim almaga, saglyklaryny berkitmäge bolan hukuklarynyň üpjün edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Maglumat döwründe «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly medeni baýramçylyklarynyň, döredijilik bäsleşikleriniň, teatr we sirk çykyşlarynyň geçirilmegi, çagalaryň tomusky dynç alyş döwründe olaryň Gökdere jülgesinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç almaklary ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň nurana geljegi üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň güwäsidir.   

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda çykarylan karary bilen Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň 2026-2030-njy ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. Maglumat ýylyň bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzda onlarça döwrebap bilim edaralary ulanylmaga berildi. Olardan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binalarynyň, Aşgabat şäheriniň «Parahat – 7» ýaşaýyş toplumynda 160 orunlyk, Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynyň, Büzmeýin etrabynyň, Bagtyýarlyk etrabynyň «Ýasmansalyk» ýaşaýyş toplumynyň, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň we Bäherden etrabynyň Bamy obasynyň hersinde bolsa 320 orunlyk, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täzeýol geňeşliginde 160 orunlyk, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Ak ýap geňeşliginiň Ak ýap obasynda 320 orunlyk çagalar baglarynyň, Aşgabat şäheriniň «Parahat – 7» ýaşaýyş toplumynda 960 orunlyk we 720 orunlyk, Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň hersinde bolsa 640 orunlyk, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täzeýol geňeşliginde 420 orunlyk, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Bekaryk obasynda 400 orunlyk umumybilim berýän döwrebap orta mekdepleriň açylyp ulanylmaga berilendigini belläp bileris. Munuň özi ýaş nesillerimize döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermek, olaryň okamaga bolan höwesini artdyrmak we mümkinçiliklerini ösdürmek, ylym-bilim ulgamynda kämil, ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan bilim syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesidir.     

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly okatmak işi işjeň ösdürilýär. Geçen ýylda bilim edaralarynyň okuw-usulyýet üpjünçiligini gowulandyrmak, şol sanda döwrebap okuw kitaplaryny, gollanmalary neşir etmek boýunça uly işler alnyp baryldy, türkmen dilinde we Birleşen Milletler Guramasynyň esasy dillerinde elektron sözlükler, maglumat kitapçalary, mobil programmalar işlenip düzüldi. Bilim bermegiň hilini, bilim işgärleriniň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan ulgamlaýyn işleriň çäklerinde mugallymlar we bilim edaralarynyň ýolbaşçylary üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary milli hem-de halkara tejribeler esasynda alnyp baryldy. Maglumat ýylynda Türkmenistanyň bilim ulgamy halkara hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirdi. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy uniwersitetleri, ylmy-barlag merkezleri, akademiki guramalar, şol sanda bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýän BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, ÝUNESKO ýaly ýöriteleşdirilen edaralar bilen hyzmatdaşlyk pugtalandyryldy. Türkmen ýaşlary gazanylan hökümetara ylalaşyklaryň netijesinde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine iberilýär. 

Bilim ulgamynyň ösdürilmegi bilen bir hatarda, döwletimiziň ylmy mümkinçilikleri hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Munuň netijesi hökmünde Türkmenistanyň ýaş alymlary iýun aýynda Malaýziýanyň Kuçing şäherinde geçirilen «Borneo BIICC 2025» atly halkara bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, altyn medala mynasyp bolandygyny bellemelidiris. Umuman 2025-nji ýyl ýurdumyzyň intellektual hem-de ylmy kuwwatyny artdyrmakda milli ylym-bilim ulgamy üçin möhüm sepgit boldy. 

Bilim ulgamynda geçirilen seljerme işleriniň netijesinde ýurdumyzda gurulyp ulanylmaga berilýän mekdepleriň sanynyň köpelýändigini görmek bolýar, mysal üçin 2024-2025-nji okuw ýylynda mekdepleriň sany 1905, okuwçylaryň sany 1685152 (şol sanda gyzlar 825104) bolan bolsa, 2025-2026-njy okuw ýylynda mekdepleriň sany 1910, okuwçylaryň sany 1717980 (şol sanda gyzlar 840900) boldy, deňeşdirmede okuwçylaryň hem sanynyň, şol sanda gyzlaryň sanynyň hem köpelendigini görmek bolýar. Şeýle-de seljermede 2024-2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa giden çagalaryň sany 146 065 bolup, 2025-2026-njy okuw ýylynda olaryň sany 131 523 bolup, 1-nji synpa okuwa gidenleriň sanynyň biraz azalandygy görünýär.  

Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul edilenler barada durup geçsek, 2024-2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerine 16080 talyplar (şol sanda 7758 gyzlar), orta hünär okuw mekdeplerine 10303 talyplar (şol sanda 7335 gyzlar) kabul edilen bolsa, 2025-2026-njy okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerine 16666 talyplar (şol sanda 8183 gyzlar), orta hünär okuw mekdeplerine 9788 talyplar (şol sanda 7313 gyzlar)  kabul edilen.  

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak işleri dowam etdirildi. Paýtagtymyzda sportuň milli we guşakly alyş göreşiniň, küşt boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşlarynyň geçirilmegini bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan netijeli işleriň subutnamasy hökmünde görkezmek bolar. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 818 medala mynasyp boldular. Rapid we blitz görnüşi boýunça umumy medal hasabynda Türkmenistan 7 altyn, 6 kümüş, 6 bürünç – jemi 19 medal gazanylyp, birinji orny eýeläp, ýaryşyň ýeňijisi boldy. Halkara derejesinde geçirilen ýaryşlarda ýeňiş gazanyp, türkmen ýaşlary Hormatly Prezidentimiziň mynasyp sowgatlaryna eýe boldular.  

Her ýylda bolşy ýaly, Adalatçynyň Diwanynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda bilim edaralarynda adamyň hukuklarynyň berjaý edilişi gözegçilikde saklandy we käbir edaralarda barlaglar geçirildi. Muňa mysal edip, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Çagalyk öýünde geçirilen barlagy görkezmek bolar. Barlagyň dowamynda Çagalyk öýünde bolýanlaryň hukuklarynyň berjaý edilişi, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş, sanitariýa-gigiýena, iýmitlendiriliş şertleri, edaranyň hukuk belleýji we beýleki resminamalary barlanyldy. Barlagyň dowamynda ýüze çykarylan kemçilikler babatda, hususan-da naharhanasynda sanitariýa kadalarynyň berjaý edilmeginiň, çagalaryň iýmitlenmeginiň tertibiniň ýola goýulmagy, çagalaryň mekdebi tamamlanlarynda ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilmegine ýardam edilmegi, çagalar bilen terbiýeçilik işleriniň güýçlendirilmegi, kemçiliklere ýol beren işgärleriň düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmegi barada Türkmenistanyň Bilim ministrligine teklip berildi. 

Geçen 2025-nji ýylda Adalatçynyň Diwanyna raýatlaryň bilime bolan hukugy bilen bagly 5 sany ýazmaça ýüztutma gelip gowşup, olardan  1 ýüztutma kanagatlandyryldy. 

Raýatlarymyzyň saglygyny goramaga bolan hukugy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde saglygy goraýyş ulgamynda netijeli dowam etdirildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna 2025-nji ýylyň dowamynda 189 sany näsag çagalara operasiýalar geçirildi, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ýaşaýan 100 sany näsag çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergiler amala aşyryldy. Bu ulgamda halkara gatnaşyklary dowam etdirildi. Saglygy goraýyş boýunça XII türkmen-german forumy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde Immunizasiýa hepdeliginiň, Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güniniň geçirilendigini bellemelidiris.    

Maglumat ýylynda saglygy goraýşy ösdürmäge, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmaga uly üns berildi. Şoňa görä hem raýatlarymyzyň saglygyny goramaga bolan konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmek, saglygy goraýşa bolan elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen, geçen ýylyň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynda binagärlik-gurluşyk işlerine hem ähmiýet berildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde saglyk öýi, Mary welaýatynda welaýat inçekesel hassahanasy açylyp ulanmaga berildi, paýtagtymyzda köpugurly hassahananyň, Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbi tutuldy. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat ýokary derejede geçirildi.   

Saglygy goraýyş ulgamynda bimöçber işleriň alnyp barylýanlygyna garamazdan, geçirilen seljerme işleriň netijesinde maýyplygy bolan adamlaryň köpelendigini görmek bolýar, ýagny 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna maýyplygy bolan adamlaryň jemi sany 201 593 bolsa, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna olaryň sany 207 151  bolup durýar. 

Geçen ýylyň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynda adamlaryň kömege mätäç toparyna girýänleriniň hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen Adalatçy tarapyndan Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda Maýyplar we gartaşan adamlaryň öýlerinde barlaglar geçirildi. 

Agzalan welaýatlaryň Maýyplar we gartaşan adamlaryň öýlerinde geçirilen barlaglaryň dowamynda edaranyň hukuk belleýji we beýleki resminamalary hem-de Garrylar öýünde bolýanlaryň ýaşaýyş-durmuş, sanitariýa-gigiýena, iýmitlendiriliş şertleri barlanyldy. Geçirilen barlagyň netijesinde sanitariýa-gigiýena talaplarynyň doly berjaý edilmeýändigi, saglygy dikeltmek,  agyz suw, iýmit, inwentar üpjünçiligi bilen bagly meseleler, wezipe gözükdirijileriniň Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň hem-de “Döwlet gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyk ýöredilmeýändigi ýaly kemçilikler ýüze çykaryldy. 

Ýüze çykarylan kemçilikleriň aradan aýrylmagy, şol sanda gyzgyn suw üpjünçiliginiň talaba laýyk ýola goýulmagy, iýmit üpjünçiliginiň hiliniň we mukdarynyň gowulandyrylmagy, saglygyny goramaga bolan hukuklarynyň doly berjaý edilmegini üpjün etmek bu edaralarda bidüzgünçiliklere ýol berilmeginiň öňüni almak üçin terbiýeçilik işleriniň geçirilmegi, kemçiliklere ýol beren işgärleriň  düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmegi barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine teklipler berildi. 

Teklipler boýunça agzalan edaralarda degişli işler geçirilip, kanun bozulmalar aradan aýrylyp, kemçiliklere ýol beren Mary, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň  Maýyplar we gartaşan adamlaryň öýleriniň degişli işgärleri düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekildi.

Geçen 2025-nji ýylda Adalatçynyň Diwanyna saglygy goramaga bolan hukugy bilen bagly 9 sany ýazmaça ýüztutma gelip gowşyp, olardan 1 ýüztutma kanagatlandyryldy. 

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzda kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň esasy wezipeleriniň hatarynda öz beýanyny tapýar. Durmuş üpjünçiligi ulgamynda hem durmuş taýdan goraga mätäç adamlary goldamak, olara edilýän kömegiň netijeliligini ýokarlandyrmak we durmuş hyzmatlary ulgamyny ösdürmek boýunça netijeli işler geçirildi. 

Ýurdumyzda zenanlarymyza uly hormat goýulýar. 2025-nji ýylda hem ýurdumyzyň bagtyýar zenanlarynyň şanyna her ýyl bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de mynasyp terbiýeläp ýetişdiren eneleriň 253 sanysyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy. Ýene bir bellemeli zatlaryň biri hem «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen kazyýet ulgamynda maşgala işleri boýunça kazylaryň girizilmegi döwlet tarapyndan maşgala gatnaşyklaryny berkitmekde, maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwlet goragynyň üpjün edilmeginde adyl kazyýetligiň ähmiýetini ýokarlandyrmakda edilýän ähmiýetli işleriniň we tagallalaryň netijesidigidir.   

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşýan zenanlarymyz dürli pudaklarda zähmet çekip, telekeçilik işi bilen meşgullanyp, diňe bir ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna goşant goşman, eýsem özleriniň ykdysady mümkinçiliklerini hem artdyrýarlar. 

Şeýlelik-de, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 29102 sany hususyýetçi agzasy bolup, olardan 5846  sanysy zenan telekeçiler bolup durýar. Geçen ýylyň dowamynda bolsa 579 sany telekeçi agzalyga kabul edilip, olardan 118 sanysy, ýagny 20%-den gowragy zenan telekeçilerdir. 2025-nji ýylda ýurdumyzyň hususy pudagy tarapyndan 28 sany dürli önümçilik maksatly desgalar we binalar ulanylmaga berlip, 1100-den gowrak iş orunlary döredildi.   

Şeýle hem, durmuş üpjünçiligi ulgamynda Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň we «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň durmuşa geçirilmegi üçin ýurdumyzda gartaşan adamlaryň, maýyplygy bolan adamlaryň we adamlaryň beýleki aýratyn toparlarynyň howpsuz ýaşamagy, jemgyýetçilik durmuşyna deň gatnaşmagy, olaryň ýüze çykýan meselelerini özbaşdak çözmekleri üçin şertleri döretmek ugrunda çäreler toplumyny ýerine ýetirýän Gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň wezipe birliklerine laýyklykda ozal 45 sany ýörite hünärmen wezipesi hereket edýän bolsa, geçen ýylda ýene-de 10 sanysy goşulyp, jemi 55 sany durmuş işi boýunça hünärmen wezipesi girizilip, olar ýurdumyzyň şäherleriniň we etraplarynyň jemi 36-synda berkidilen. 

Geçen 2025-nji ýylda Adalatçynyň Diwanyna durmuş üpjünçiligine bolan hukugy bilen bagly 20 sany ýazmaça ýüztutma gelip gowşyp, olaryň 10-sy kanagatlandyryldy. 

Ýurdumyzda medeni mirasymyzy öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek üçin ähli şertler döredilýär. Döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan her bir adamyň medeni hukuklaryny üpjün etmek, olaryň medeni çärelere gatnaşmaga bolan mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen maglumat ýylynda medeniýet ulgamynda hem giň gerimli çäreler geçirildi. Halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny gorap saklamakda, öwrenmekde we dünýä ýaýmakda, medeni mirasymyzy we milli gymmatlyklarymyzy ýüze çykarmak we olary ylmy esasda öwrenmek hem-de geljek nesillere ýetirmek boýunça işler dowam etdirildi.  

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dürli medeni çäreler geçirildi. Ýagny dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de welaýatlar boýunça jemleýji tapgyrlary, «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-saz festiwaly, «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwal, «Awaza – dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly, Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary ýaly onlarça medeni çäreler geçirildi.

Olardan başga-da medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeligi dünýä medeniýetiniň hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň köpdürliligi bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Ahal welaýatynda geçirilen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, neşir önümleriniň sergileri, opera we teatr sahna oýunlarynyň, täze filmleriň görkezilişleri, edebi, aýdym-saz agşamlary, ýurdumyzyň medeniýet, sungat işgärleriniň konsertleri, maslahatlardyr duşuşyklar mazmun taýdan baýlygy bilen tapawutlanyp, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilýän uly işleriň netijesini görkezdi.

Bu ulgamda alnyp barylýan işleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigini hem bellemelidiris. Aýdylanlaryň subutnamasy hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Kompozitor» atly film Moskwada ilkinji gezek geçirilen açyk Ýewraziýa kinofestiwalynda ýörite baýraga mynasyp bolandygyny,  şeýle hem geçen ýylyň dekabrynda Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylmagyny, «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamasynyň gowşurylmagyny belläp bileris. 

Halkymyzyň medeni hukuklaryny amala aşyrmakda amatly şertleri döretmek maksady bilen maglumat ýylynda medeni-durmuş maksatly binalaryň hem açylyp ulanylmaga berilendigini aýratyn nygtamalydyrys. Olardan Aşgabat şäherinde döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähini, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy seýilgähini görkezmek bolar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda medeniýet ulgamy baýramçylyklara we şanly senelere baý bolup, ýurdymyzda ýaşaýan her bir adamyň, ýagny her bir milletiň wekiliniň medeni hukuklaryny amala aşyrmagy üçin netijeli ýyllaryň biri boldy.

Maglumat ýylynda Adalatçynyň Diwanyna medeni hukuklaryň bozulanlygy barada ýüztutmalar  gelip gowuşmady.

Adamyň durmuş-ykdysady hukuklaryna degişli bolan esasy konstitusion hukuklarynyň biri hasaplanýan zähmete bolan hukugy kanunçylyk taýdan berkidilip, ony durmuşa geçirmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler we şertler, iş orunlary döredilýär. Mynasyp zähmet we durmuş adalatlylygyny üpjün etmek ýurdumyzda zähmet gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy ýörelgeleri bolup durýar. Zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek zähmet çygrynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 

Maglumat döwründe zähmet ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça işler alnyp baryldy. Maglumat ýylynyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çykaran karary bilen   Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy hem-de  bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Konsepsiýada ýurdumyzda zähmet bazaryny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, esasy ugurlary hem-de ony durmuşa geçirmekden garaşylýan netijeler beýan edilýär. Bu resminama laýyklykda, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, bu ulgamyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulan. Bu çäreleriň amala aşyrylmagy bilen bir hatarda Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek, ýurdumyzyň bu guramanyň esasy we ileri tutulýan konwensiýalaryna goşulmagy ýaly meseleleriň öwrenilmegi meýilleşdirilen. Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda Türkmenistanda 2023-nji ýylda pagta ýygymy döwründe zähmet şertlerine seljerme geçirmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada Teswirnama gol çekildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasynda göz öňünde tutulan çäreleriň çäginde ýurdumyzyň welaýatlarynda pagta ýygymynyň geçýän döwründe Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet kadalarynyň berjaý edilişine seljerme işleriniň geçirilmegi hem dowam etdirildi. Şeýle-de maglumat ýylynda pagta ýygymynda çagalaryň zähmetiniň ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen Adalatçy tarapyndan Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine, Türkmenistanyň Bilim ministrligine, welaýatlaryň häkimlerine bu ugurda işleri güýçlendirmek barada teklipler berildi.     

Adalatçynyň Diwany tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň garamagyndaky Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralarynyň, iş gözleýän adamlary hasaba almak we işe ýerleşdirmek işlerine seljerme geçirilende, 2024-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralarynda iş gözleýänleriň sany jemi 25987 adam (şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň sany 115) bolup, olardan işe ýerleşdirilenleri 18468 sany (şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň işe ýerleşeni 103 sany) bolan bolsa, 2025-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda iş gözleýänleriň sany jemi 26807 adam (şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň sany 104) bolup, olardan işe ýerleşdirileni 21004 sany (şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň işe ýerleşeni 99 sany) bolandygy takyklandy. Bu görkezijilerde işe ýerleşmek üçin ýüz tutanlaryň umumy sany köpelen hem bolsa, işe ýerleşdirilenleriň sanynyň artandygy görünýär.

Geçen 2025-nji ýylda Adalatçynyň Diwanyna zähmete bolan hukugy bilen bagly 48 sany ýüztutma gelip gowuşdy, olardan 39 sany ýazmaça ýüztutma, 9 sany dilden ýüztutma bolup, olardan 6 sany ýazmaça ýüztutma kanagatlandyryldy. 

Umuman geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanda her bir adamyň we raýatyň ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda netijeli çäreleriň görülýändigini we işleriň amala aşyrylýandygyny bellemek bilen, bu işleriň netijeliligini gelejekde has-da ýokarlandyrmak maksady bilen şulary teklip edýäris: 

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýurdumyzyň Maýyplar we gartaşan adamlar öýlerinde bolýan raýatlara seretmekde kanunçylygyň talaplarynyň bozulmagynyň gaýtalanmagynyň öňüni almak, bu edaralarda zähmet çekýän işgärleriň iş tejribelerini, düşünjeliligini, jogapkärçiligini artdyrmak maksady bilen gözegçiligňi güýçlendirilmegini;

- Maýyplygy bolan adamlaryň ýaşaýyş jaýlaryna we durmuş desgalaryna baryp bilmegi, ulag serişdelerinden peýdalanmaklarynyň elýeterli bolmagy üçin şertleriň döredilmegini, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, durmuş desgalarynyň we edara binalarynyň taslamalary işlenip taýýarlananda, jemgyýetçilik ulag serişdelerini satyn almak meýilleşdirilende maýyplygy bolan adamlara mümkinçilikleriň we amatlyklaryň göz öňünde tutulmagyny;

- Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýerlerdäki zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary tarapyndan, boş iş orunlary baradaky maglumatlaryň, işe ýerleşmek meselesi bilen ýüz tutan raýatlaryň, hödürlenen iş orunlary, işe ýerleşdirilmegi baradaky hasabatlylygyň ýöredilişini  gözegçilikde saklamagy, nobata duran raýatlaryň habarlylygynyň üpjün edilmegini.

IV bap.  Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça seljerme

Ýurdumyzda adam hukuklaryny üpjün etmäge we goramaga, her bir şahsyýetiň ýaşaýyşy üçin mynasyp şertleri döretmäge, adamyň azatlygyny we eldegrilmesizligini, durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, demokratik institutlarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine   gönükdirilen wezipeler Türkmenistan döwletimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ýörelgelere ygrarlylyk biziň ýurdumyzda geçirilýän hukuk özgertmeleriň mazmunynda, şeýle hem adam hukuklaryny goramak boýunça institusional gurallaryň hereket etmeginde özüniň beýanyny tapýar. “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda “Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil bolup durýan Adalatçynyň wezipesi, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet tarapyndan goragynyň kepilliklerini, şeýle-de döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalar, edaralar, guramalar we beýleki şahslar tarapyndan ol kepillikleriň berjaý edilmegini we hormat goýulmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döredilýär” diýlip bellenilýär. Agzalan kada laýyklykda döredilen Adalatçy garaşsyz wezipesini indi 2017-nji ýyldan bäri ýerine ýetirip gelýär.

Maglumat ýylynda hem Adalatçynyň kanunçylyk esasynyň berkidilmegini, ygtyýarlyklarynyň giňeldilmegini öz içine alan 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilen kanunçylyk kadalaryň esasynda, ýagny Adalatçynyň eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we olaryň ygtyýarly adamlarynyň çözgütlerine we hereketlerine ýa-da hereketsizligine bolan şikaýatlara seretmek wezipesini hem goşmak bilen şikaýatlara seretmek boýunça wezipesini doly möçberde amala aşyrdy. Has takygy Adalatçy öň adamyň we raýatyň döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň hereketlerine we hereketsizligine bolan şikaýatlaryna seredýän bolsa, ýokarda agzalan kadalaryň esasynda raýatlaryň  hususy ulgamdaky meseleleri boýunça hem ýüztutmalaryna seretmekligi amala aşyrdy.

Şeýlelikde Maglumat ýylynda Adalatçynyň Diwanyna gelip gowşan şikaýatlar olaryň mazmunyna laýyklykda Diwanyň degişli bölümlerinde öwrenildi we seredildi. 

Seljerilýän ýylyň dowamynda Adalatçynyň Diwanyna јemi 676 sany ýüztutmalar gelip gowşup, olaryň 475 sanysy ýazmaça görnüşde, 201 sanysy dil üsti bilen beýan edilen ýüztutmalar boldy. Kabul edilen 475 sany ýazmaça görnüşli arza-şikaýatlaryň 232 sanysy Adalatçynyň Diwanynyň Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda adam hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölümine, 178-si Aýallaryň we çagalaryň hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölümine, 65-si Hususy ulgamda adam hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölümine degişli boldy. Dil üsti bilen beýan edilen 201 sany ýüztutmalaryň 125 sanysy Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda adam hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölümine, 47-si Aýallaryň we çagalaryň hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölümine, 29-sy Hususy ulgamda adam hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölümine degişli bolup, bu sanlar umumylykda aşakda getirilýän görkeziјilerde çärýekleýin ýerleşdirildi. 

Ýokardaky görkezijilerden görnüşine görä, hasaba alnan ýazmaça ýüztutmalaryň sany birinji, üçünji, dördünji çärýeklere garanyňda ikinji çärýekde, dil üsti bilen beýan edilen ýüztutmalaryň sany bolsa birinji, ikinji, dördünji çärýeklere garanyňda üçünji çärýekde köpeldi. 

Şeýlelikde, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2025-nji ýylda ýazmaça görnüşinde hasaba alnan ýüztutmalaryň sany 93-e çenli (24,4%), dil üsti bilen beýan edilen ýüztutmalaryň sany bolsa 45-e çenli (28,9%) köpeldi.

Maglumatyň şu ýerinde Adalatçynyň  Diwanyna seljerilýän ýylyň dowamynda gelen ýazmaça ýüztutmalara sebitler boýunça syn berilýär.

Bu görkezijilerden görnüşine görä, Adalatçynyň Diwanyna jemi gelen ýazmaça ýüztutmalaryň umumy sanynyň köpüsi, yzygiderlikde alanyňda 128 sanysy Daşoguz welaýatyndan gowşup, göterim gatnaşygynda 26,95%-me, Aşgabat şäherinden 113 sany ýüztutma hasaba alnyp  23,79%-me, Mary welaýatyndan 86 sany ýüztutma hasaba alnyp 18,11%-me, Lebap welaýatyndan 58 sany ýüztutma hasaba alnyp 12,2%-me, Balkan welaýatyndan 54 sany ýüztutma hasaba alnyp 11,37%-me, Ahal welaýatyndan 32 sany ýüztutma hasaba alnyp 6,74%-me deň boldy. Ýüztutmalaryň iň azy Arkadag şäherinden gowşup,  umumy hasaba alnan ýüztutmalaryň 4 sanysy bolmak bilen 0,84%-ni düzdi.

Maglumatyň şu ýerinde Adalatçynyň Diwanyna ýylyň dowamynda ýazylan ýazmaça, şol sanda köpçülikleýin ýüztutmalar boýunça raýatlaryň sanyna çärýekleýin selјerme geçirmek bilen olaryň ýaşaýan sebitleri, haýsy јynsa we millete degişlidikleri baradaky maglumatlar aşakdaky görkeziјilerde ýerleşdirildi. 

Ýokarda görkezilen görkeziјilerden görnüşine görä, seljerilýän ýylyň dowamynda ýazmaça görnüşde kabul edilen 475 sany ýüztutmalar boýunça jemi 993 raýat ýüz tutup, olardan 49 ýüztutma 567 sany raýatlar tarapyndan berilen köpçülikleýin ýüztutma boldy. Bu görkezijiler 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, ýylyň dowamynda ýazmaça görnüşde önümçilige alynan 382 sany ýüztutmalar boýunça jemi 681 sany raýat ýüz tutup, olardan 33 ýüztutma 332 sany raýatlar tarapyndan berilen köpçülikleýin ýüztutmalar boldy. Şeýlelikde  seljerilýän ýylda köpçülikleýin ýüz tutmalaryň sany 16-a, köpçülikleýin ýüz tutan raýatlaryň sany bolsa 235-ä çenli köpeldi.

Ýokardaky görkeziјilerden Adalatçynyň Diwanyna ýazmaça şikaýatlary bilen ýüz tutan raýatlaryň dürli milletleriň wekilleridigi  görünýär. «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, Adalatçynyň iş önümçiligi Türkmenistanyň döwlet dilinde alnyp barylýan hem bolsa, şol maddanyň 2-nji bölegi esasynda Adalatça ýüz tutýanlara ene dilinde ýa-da özleriniň bilýän başga dilinde ýüz tutmak hukuklary göz öňünde tutulan. Şeýlelikde ýüz tutan raýata јogap iki dilde, ýagny döwlet dilinde we onuň bilýän diline terјime edilip berilýär.

Adalatça ýazmaça ýüz tutýan raýatlar arza-şikaýatlarynda özleriniň hukuklarynyň goragy barada dürli meseleleri gozgaýarlar. Şeýlelik-de, olaryň her-bir ýüztutmalarynyň meselelerine sebitlere degişlilikde hem selјerme geçirildi we aşakdaky görkeziјilerde ýerleşdirildi.

Ýokardaky görkezilen seljermä görä, raýatlar tarapyndan kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişine, hukuk goraýјy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine bildirilen nägilelikler, jenaýat işleri boýunça we jenaýatçylykly hereketler bilen bagly meseleler, günä geçmek barada ýazylan ýazmaça görnüşindäki ýüztutmalar 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende azaldy. Ýagny, hasabat döwründe kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişine bildirilen nägilelikler bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň 4-si hasaba alnyp, umumy ýüztutmalaryň 0,84%-ni (2024-nji ýylda 10 sany ýüztutma 2,61%), hukuk goraýјy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine bildirilen nägilelikler bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň 41-si hasaba alnyp, umumy ýüztutmalaryň 8,63%-ni (2024-nji ýylda 52 sany ýüztutma 13,61%), jenaýat işleri boýunça we jenaýatçylykly hereketler bilen bagly meseleler boýunça ýüztutmalaryň 17-si hasaba alnyp, umumy ýüztutmalaryň 3,58%-ni (2024-nji ýylda 20 sany ýüztutma 5,23%), günä geçmek baradaky ýüztutmalaryň 9-sy hasaba alnyp, umumy ýüztutmalaryň 1,89%-ni (2024-nji ýylda 10 sany ýüztutma 2,61%) düzdi.

Käbir ýüztutmalaryň sanynyň bolsa öňki ýyldaka garanyňda köpelendigini hem bellemelidiris.Ýagny migrasiýa meseleleri bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň 31-si hasaba alnyp, umumy ýüztutmalaryň 6,53%-ni (2024-nji ýylda 27 sany ýüztutma 7,07%), zähmet hukugy bilen bagly ýüztutmalaryň 39-sy hasaba alnyp, umumy ýüztutmalaryň 8,21%-ni (2024-nji ýylda 32 sany ýüztutma 8,4%),  ýer hukugy bilen baglanşykly ýüztutmalaryň 73-si hasaba alnyp, umumy ýüztutmalaryň 15,37%-ni (2024-nji ýylda 33 sany ýüztutma 8,63%), kazyýet kararlaryna bildirilen nägilelikler baradaky ýüztutmalaryň 57-si hasaba alnyp, umumy ýüztutmalaryň 12%-ni (2024-nji ýylda 38 sany ýüztutma  9,94%), bilime bolan hukuk bilen bagly ýüztutmalaryň 5-si hasaba alnyp, umumy ýüztutmalaryň 1,05%-ni (2024-nji ýylda 2 sany ýüztutma 0,52%), durmuş üpjünçiligi bilen bagly ýüztutmalaryň 20-si hasaba alnyp, umumy ýüztutmalaryň 4,21%-ni (2024-nji ýylda 1 sany ýüztutma 0,26%), ýazga durmak meselesi bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň 8-si hasaba alnyp, umumy ýüztutmalaryň 1,68%-ni (2024-nji ýylda 7 sany ýüztutma 1,83%), ýaşaýyş jaý hukugy bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň 66-sy hasaba alnyp, umumy ýüztutmalaryň 13,9%-ni (2024-nji ýylda 59 sany ýüztutma 15,44%) düzdi. Ýaşaýyş jaý hukugy boýunça gelip gowşan ýüztutmalaryň diňe ýaşaýyş jaý almak däl-de seljerilýän ýylda olaryň 6,06%-mi bolan 4 sanysy ýaşaýyş jaý şertlerini gowlandyrmak (2024-nji ýylda 3 sany ýüztutma 5,08%) meselesi boldy. Beýleki meselelere degişli edilen ýüztutmalaryň sany hem 2024-nji ýyla garanyňda köpelip, 94  sany ýüztutma hasaba alnyp, umumy ýüztutmalaryň 19,8%-ne (2024-nji ýylda 72 sany ýüztutma  18,84%) deň boldy. 

Käbir meseleler boýunça, has takygy hossarlyk-howandarlyk meselesi bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň sany seljerilýän 2025-nji ýylda öňki ýyl bilen deňleşdi (2025-nji ýylda 1 sany ýüztutma  0,21%, 2024-nji ýylda 1 sany ýüztutma 0,26%) ýa-da bank  bilen bagly mesele boýunça 2024-nji ýylda 3 sany ýüztutma, umumy ýüztutmalaryň  0,8% deň bolan bolsa, 2025-nji ýylda bu mesele boýunça ýüztutmalar bolmady.

 Beýleki meseleler öňki ýyllardaky ýaly esasan raýatlaryň emläk, maşgala ýa-da goňşy dawalary, algy-bergi, kanunçylygy düşündirmek, edara ýolbaşçylarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň hereketlerine bildiren nägilelikleri, şol sanda edara-guramalara ýazan arzalaryna јogap berilmeýändigi, berlen јogaplardan nägiledikleri, ýagny başdansowma esaslandyrylmadyk jogaplar berilýänligi, edara-guramalardan gerekli resminamalary alyp bermäge ýardam berilmegi we başga-da ýaşaýyş durmuşynda ýüze çykýan dürli meseleler bilen baglanyşykly ýüztutmalar boldy. 

Ýüztutmalara seljerme geçirilende haýsy meseleleriň esasan haýsy sebitlerde ýüze çykýanlygyna hem üns berildi, ýagny Aşgabat şäheri boýunça ýaşaýyş jaý hukugy, şol sanda  ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak, ýazga durmak, günä geçmek, ýer hukugy, kazyýet kararlaryna, hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine bildirilýän nägilelikler, migrasiýa, jenaýat işleri boýunça we jenaýatçylykly hereketler bilen bagly hem-de beýleki meseleler, Balkan welaýaty boýunça ýaşaýyş jaý hukugy, şol sanda  ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak, zähmet hukugy, kazyýet kararlaryna bildirilýän nägilelikler we beýleki meseleler, Daşoguz welaýaty boýunça ýaşaýyş jaý hukugy, zähmet hukugy, ýer hukugy, kazyýet kararlaryna, hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine bildirilýän nägilelikler, migrasiýa we beýleki meseleler, Lebap welaýaty boýunça ýer hukugy, migrasiýa, kazyýet kararlaryna bildirilýän nägilelikler we beýleki meseleler, Mary welaýaty boýunça ýaşaýyş jaý hukugy, zähmet hukugy, ýer hukugy, kazyýet kararlaryna, hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine bildirilýän nägilelikler, durmuş üpjünçiligi, migrasiýa we beýleki meseleler, Ahal welaýaty boýunça ýaşaýyş jaý hukugy we beýleki meseleler, Arkadag şäheri boýunça ýaşaýyş jaý hukugy boýunça kazyýet kararlaryna bildirilýän nägilelikler bilen baglanyşykly ýüztutmalar iň esasy meseleleriň biri boldy.

Şeýle-de, seljermede kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişine, hukuk goraýјy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine bildirilen nägilelikleriň, jenaýat işleri boýunça we jenaýatçylykly hereketler bilen bagly meseleleriň, günä geçmek baradaky meseleleriň  ýüztutmalaryň belli bir bölegini düzýän hem bolsa, olaryň sanlarynyň öňki ýyldaka garanyňda seljerilýän ýylda peselendigine, galan ýüztutmalarda goýulan meseleleriň bolsa sanlarynyň öňki ýyl bilen deňeşdirilende, seljerilýän ýylda köpelendigi takyklandy.

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, raýatlar tarapyndan berlen şikaýat Diwana gowşandan soň, Adalatçy ony önümçilige kabul etmek, kabul etmekden ýüz döndermek hakynda ýa-da arza berene öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdelerini düşündirmek hakynda çözgüt çykaryp, gelnen netije barada ýüz tutana bäş günden giјikdirilmän jogap berildi.

Selјerilýän ýylda hem önümçilige kabul edilen şikaýatlarda gozgalýan meseleler doly öwrenilenden soň, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp, ýüztutmalarda görkezilen delilleri barlamaga ýardam berilmegi soralyp ygtyýarly döwlet edaralaryna, şol sanda ýerine ýetiriјi häkimiýetiň ýerli edaralaryna we wezipeli adamlara Adalatçynyň ýüztutmalary iberilip, olar boýunça geçirilen barlaglaryň netiјeleri bilen ylalaşylan ýagdaýynda olara esaslanyp, raýatlara јogap hatlary iberildi.

Şonuň ýaly-da selјerilýän döwürde, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-nјy maddasyna esaslanylyp, degişli edaralara maslahat beriş häsiýetindäki teklipler hem berildi. 

Ýüztutmalarda goýulýan meselelere baglylykda, olaryň käbirleri kanunçylyga laýyklykda degişliligi boýunça seretmeklik üçin iberildi. Degişliligi boýunça iberilen ýüztutmalar esasan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine we Türkmenistanyň müftiýetine iberilip, olaryň ýüztutmalara seretmek boýunça beren netijeleriniň esasynda raýatlara јogap hatlary berildi. 

Mundan başgada, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nјi maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendine  laýyklykda, käbir ýüztutmalar boýunça degişli resminamalar alynyp öwrenilip, gelnen netijeler barada raýatlara jogap hatlary iberildi.       

Ýokarda agzalan tertipde seredilen ýüztutmalaryň kanagatlanarly netiјe çykarylanlary hem bolup, olar barada Maglumatyň «Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri» baradaky VIII babynda giňişleýin görkezilip geçildi.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda görkezilen talaplara laýyk gelmedik arza-şikaýatlar, ýagny düýp manysy beýan edilmedik, gol çekilmedik, ýüz tutmak möhleti geçirilen ýa-da Adalatçynyň ygtyýaryna girmeýän meseleler boýunça hem-de öň şol bir mesele boýunça seredilip jogap berlip gaýtadan ýazylan  ýüztutmalar bolsa seredilmän galdyryldy.

Aşakdaky görkeziјilerde Adalatçynyň Diwanyna gelen ýüztutmalar boýunça gelnen netijelere sebitler boýunça aýratynlykda  selјerme ýerleşdirildi. Şu görkezijilerde seljerilýän ýylda önümçilige alnanlaryň üstüne 2024-nji ýylda seredilmän, seljerilýän ýylyň başyna galan ýüztutmalar hem goşuldy. 

Ýokardaky görkeziјilerden we beýan edilenlerden görnüşine görä,  Adalatçynyň Diwanyna seljerilýän ýylda gelip gowşan 475 sany ýüztutmalaryň 5,9%-mi bolan 28 sanysy raýatlaryň ilkinјi ýazan 15 sany arza-şikaýatlaryna јogap berilmänkä şol bir mesele bilen gaýtadan ýazylan ýüztutmalar bolup, olar öňki ýazylan şikaýatlara birikdirilip seredildi. 

Seljerilýän ýylda hasaba alnan ýazmaça ýüztutmalaryň üçden bir böleginden köpüsine, ýagny 164-sine ýa-da 34,5%-mi boýunça, raýatlara öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdeleri  düşündirilip, maslahat beriş häsiýetinde јogap hatlary iberildi. Şeýle hem, maglumat döwründe önümçilikde bolan ýüztutmalaryň 105 sanysy ýa-da 22,1%-mi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan kadalara laýyklykda, mazmuny beýan edilmedik, gol çekilmedik, gaýtadan ýazylan, ýüz tutmaklyk möhleti geçirilen, arza ýazan tarapyndan ýazylan arzanyň yzyna alynmagy ýa-da ozal seredilen mesele boýunça başga biri tarapyndan arzanyň ýazylmagy ýa-da ýazylan arza jogap berilenden soň seredilen arza goşup seretmek barada arza berilmegi we Adalatçynyň ygtyýaryna girmeýän meseleler bilen baglanyşykly ýazylan arza-şikaýatlar bolanlygy sebäpli seredilmän galdyryldy.     

Mundan başga-da, hasabat döwründe 2024-nji ýyldan galan 19 sany ýüztutmalar önümçilikde bolup, şol ýüztutmalaryň 10-sy «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp, barlag geçirmäge ýardam edilmegi soralyp ygtyýarly edaralara iberilenler, 6-sy «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-nјy maddasyna laýyklykda, ygtyýarly edaralara maslahat beriş häsiýetindäki teklip ýollanylanlar, 3-si «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nјi maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda, degişli edaralardan resminamalar alynyp öwrenilenler bolmak  bilen seljerilýän ýylda olaryň  ählisine seredildi we 1 ýüztutma kanagatlandyryldy.  

Şeýle hem, seljerilýän ýylda hasaba alnan umumy ýüztutmalaryň 37,5%-mi, ýagny 178 sany ýüztutmalaryň 143 sanysy «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp, ýüztutmalarda görkezilen delilleri barlamaga ýardam berilmegi soralyp ygtyýarly edaralara we 20 sany ýüztutma degişliligi boýunça iberildi. Bulardan başga-da «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nјi maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendine  laýyklykda 8 sany ýüztutmalar ýerlerden degişli resminamalar alynmak we 1-sany ýüztutma arza goşulyp berlen resminamalar öwrenilmek arkaly seredildi. «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-nјy maddasyna laýyklykda hem ýüztutmalaryň 6 sanysy boýunça ygtyýarly edaralara maslahat beriş häsiýetindäki 7 sany teklipler berildi. 

Şeýlelik-de, 2025-nji ýylda ilki ýazylan arza-şikaýatlara birikdirilen 28 sany ýüztutmalar bilen birlikde degişliligi boýunça hem-de «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp, ýüztutmalarda görkezilen delilleri barlamaga ýardam berilmegi soralyp ygtyýarly edaralara iberilen, Kanunynyň 18-nјi maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendine  laýyklykda ýerlerden degişli resminamalary alynmak we ýüztutma  goşulyp berlen resminamalar öwrenilmek arkaly seredilen, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-nјy maddasyna laýyklykda ýüztutmalar boýunça ygtyýarly edaralara maslahat beriş häsiýetindäki  teklipler ýollanylan jemi 206 sany ýüztutmalaryň 178-sine seredilip, olardan 28-si ýa-da 15,7%-mi kanagatlandyryldy, 10-sy seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Kanagatlandyrylan  ýüztutmalar Maglumatyň «Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri» baradaky VIII babynda beýan edildi.

Maglumatyň şu ýerinde ýokarda beýan edilenlere we görkezilen görkeziјä laýyklykda, 2025-nji ýylda hasaba alynyp, olardan 28-siniň öňki ýazylan arzalara birikdirilmek arkaly seredilmegi bilen netije çykarylan ýüztutmalara hem sebitler boýunça selјerme geçirildi. 

 Aşgabat şäheri boýunça ýüztutmalaryň 2-si degişli edaralardan resminamalar almak,  33-si ýa-da 73,3%-i «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp ygtyýarly edaralara iberilmek, 2-si agzalan Kanunyň 30-nјy maddasyna laýyklykda ygtyýarly edaralara maslahat  beriş häsiýetindäki teklip ugradylmak, 8-si degişliligi boýunça iberilmek bilen seredilip, jemi seredilen 45 sany ýüztutmalardan 4 sany ýüztutma ýa-da 8,9% kanagatlandyryldy we 3 ýüztutma seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Ýüztutmalaryň 5-si ilki ýazylan arza-şikaýatlara birikdirilip seredildi. 

Balkan welaýaty boýunça ýüztutmalaryň 3-si degişli edaralardan resminamalar almak, 21-si ýa-da 67,7%-mi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp ygtyýarly edaralara iberilmek, 1-si agzalan Kanunyň 30-nјy maddasyna laýyklykda ygtyýarly edara maslahat  beriş häsiýetindäki teklip ugradylmak, 6-sy degişliligi boýunça iberilmek bilen seredilip, jemi seredilen 31 sany ýüztutmalardan 2 sany ýüztutma ýa-da 6,5% -mi kanagatlandyryldy. Ýüztutmalaryň 1-si ilki ýazylan arza-şikaýata birikdirilip seredildi. 

Daşoguz welaýaty boýunça ýüztutmalaryň 2-si degişli edaralardan resminamalar almak, 43-si ýa-da 89,6%-mi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp ygtyýarly edaralara iberilmek, 1-si agzalan  Kanunyň 30-nјy maddasyna laýyklykda ygtyýarly edara maslahat  beriş häsiýetindäki teklip ugradylmak, 2-si degişliligi boýunça iberilmek bilen seredilip, jemi seredilen 48 sany ýüztutmalardan 11 sany ýüztutma ýa-da 22,9%-mi kanagatlandyryldy we 5 ýüztutma seredilmän  ýylyň ahyryna  galdyryldy. Ýüztutmalaryň 5-si ilki ýazylan arza-şikaýatlara birikdirilip seredildi. 

Lebap welaýaty boýunça ýüztutmalaryň 14-si ýa-da 82,4%-mi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp ygtyýarly edaralara iberilmek, 2-si agzalan Kanunyň 30-nјy maddasyna laýyklykda ygtyýarly edaralara maslahat  beriş häsiýetindäki teklip ugradylmak, 1-si degişliligi boýunça iberilmek bilen seredilip, jemi seredilen 17 sany ýüztutmalardan 4 sany ýüztutma ýa-da 23,5% kanagatlandyryldy we 2 ýüztutma seredilmän  ýylyň ahyryna  galdyryldy. Ýüztutmalaryň 2-si ilki ýazylan arza-şikaýatlara birikdirilip seredildi. 

Mary welaýaty boýunça ýüztutmalaryň 1-si degişli edaradan resminamalar almak, 21-si ýa-da 87,5%-mi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp ygtyýarly edaralara, 2-si degişliligi boýunça iberilmek bilen seredilip, jemi seredilen 24 sany ýüztutmalar boýunça 3 sany ýüztutma ýa-da 12,5%-mi kanagatlandyryldy. Ýüztutmalaryň 15-si ilki ýazylan arza-şikaýatlara birikdirilip seredildi. 

Ahal welaýaty boýunça ýüztutmalaryň 1-si degişli edaradan resminamalar almak, 11-si ýa-da 84,6%-mi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp ygtyýarly edaralara, 1-si degişliligi boýunça iberilmek bilen seredilip, jemi seredilen 13 sany ýüztutmalardan 4 sany ýüztutma ýa-da 30,8%-mi kanagatlandyryldy. 

Raýatlar tarapyndan ýazylan ýüztutmalar Adalatçynyň önümçiligine kabul edilenden soň, ygtyýarly edaralardan ýüztutmalarda görkezilen delilleriň barlanmagyna ýardam bermekligiň soralýandygy ýa-da ygtyýarly edaralara maslahat beriş häsiýetindäki teklipleriň ýollanýandygy, degişliligi boýunça ygtyýarly edaralara iberilýändigi we ygtyýarly edaralardan resminamalar alnyp seredilýändigi  barada ýokarda bellenilip geçildi. Şeýlelik-de, ýüztutmalar boýunça teklip ýollanan,  degişliligi we barlanmagy üçin iberilen, resminamalar soralan edaralar tarapyndan olara seredilmeginiň netiјeleri boýunça hem selјerme geçirildi.   

Seljerme geçirilen ýokardaky görkeziјä laýyklykda, Adalatçynyň Diwanyna ýazmaça gelip gowşan ýüztutmalaryň önümçilige kabul edilenlerinden 142-si «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna, şolaryň ýene-de 6-sy agzalan Kanunyň 30-nјy maddasyna esaslanylyp, Adalatçy tarapyndan olara seretmekligiň möhletleri görkezilip, ygtyýarly edaralara ýollanyldy. Şeýle hem, önümçilige kabul edilen ýüztutmalaryň 20-si degişliligi boýunça seretmeklik üçin iberildi we 8-si ygtyýarly edaralardan degişli resminamalar almak arkaly seredilip, umumy 176 sany ýüztutmalaryň 9-sy seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. 

Şeýlelik-de, degişliligi boýunça seretmeklik üçin iberilen, ygtyýarly edaralardan degişli resminamalar almak arkaly seredilen, şeýle-de seretmeklige ýardam berilmegi soralyp hem-de teklip bilen ygtyýarly edaralara iberilen 176 sany ýüztutmalaryň 57-si ýa-da 32,39%-mi boýunça јogaplar bellenilen möhletden giјikdirilip berildi. 

Јogaplary giјikdirilip berlen ýüztutmalara geçirilen selјermeden görnüşine görä, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberilen 29 sany ýüztutmalaryň 5-sine möhlet geçirilip jogap berildi. Ol ýüztutmalaryň 1-si boýunça ýatlama haty iberildi, 5-si kanagatlandyryldy, 2-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine iberilen 18 sany ýüztutmalaryň 4-sine möhlet geçirilip jogap berildi. Ol ýüztutmalaryň 1-si boýunça ýatlama haty iberildi, 3-si kanagatlandyryldy, 1-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilen 17 sany ýüztutmalaryň 2-sine möhlet geçirilip jogap berildi, 2-si kanagatlandyryldy. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine iberilen 5 sany ýüztutmalaryň 1-sine möhlet geçirilip jogap berildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine iberilen 8 sany ýüztutmalaryň 3-sine möhlet geçirirlip jogap berildi, 1-si kanagatlandyryldy, 2-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Türkmenistanyň Energetika ministrligine iberilen 1 sany ýüztutma ýatlama hat iberilmek bilen möhleti geçirilip jogap alyndy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine iberilen 1 sany ýüztutma möhleti geçirilip jogap berildi. “Türkmennebit” Döwlet konsernine iberilen 2 sany ýüztutmalaryň 1-sine möhlet geçirilip jogap berildi. Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna iberilen 3 sany ýüztutmalaryň 3-sinede möhlet geçirilip jogap berildi. Türkmenistanyň müftiýetine iberilen 2 sany ýüztutmalara  möhlet geçirilip jogap berildi we olaryň 1-si kanagatlandyryldy. Aşgabat şäher häkimligine iberilen 17 sany ýüztutmalaryň 9-syna möhlet geçirilip jogap berildi. Ol ýüztutmalaryň 1-si boýunça ýatlama hat iberildi, 2-si kanagatlandyryldy, 1-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Balkan welaýat häkimligine iberilen 4 sany ýüztutmalaryň 3-sine möhlet geçirilip jogap berildi. Ol ýüztutmalaryň 2-si boýunça ýatlama haty iberildi. Daşoguz welaýat häkimligine iberilen 16 sany ýüztutmalaryň 9-syna möhlet geçirilip jogap berildi. Ol ýüztutmalaryň 2-si boýunça ýatlama haty iberildi, 2-si kanagatlandyryldy, 1-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Lebap welaýat häkimligine iberilen 9 sany ýüztutmalaryň 6-syna möhlet geçirilip jogap berildi, 2-si kanagatlandyryldy. Mary welaýat häkimligine iberilen 8 sany ýüztutmalaryň 5-sine möhlet geçirilip jogap berildi. Ol ýüztutmalaryň 1-si boýunça ýatlama haty iberildi, 2-si kanagatlandyryldy. Ahal welaýat häkimligine iberilen 3 sany ýüztutmalaryň 2-sine möhlet geçirilip jogap berildi. Ol ýüztutmalaryň 1-si boýunça ýatlama haty iberillip, 2-si kanagatlandyryldy. 

Jogaplary gijikdirilip berlen ýüztutmalara geçirilen  seljermede, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ministrlikleriň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan ýüztutmalara seretmekde јogapkärçiliksiz çemeleşilmegi sebäpli, raýatlaryň ýüztutmalary möhletinden giјikdirilip seredilip, raýatlaryň gaýtadan Adalatçynyň Diwanyna ýüz tutmaklaryna getiren ýagdaýlary boldy. Kanunda bellenen möhletinde јogap berilmedik şikaýatlar boýunça degişli ýolbaşçylaryň ünsleri çekilip ýatlatma hatlary  ugradyldy.

Ondan başgada ýokadaky görkezilenler seljerilip görlende möhletleri geçirlip, jogaplary gijikdirilip berlen käbir ýüztutmalarda, esasanda Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilen ýüztutmalarda goýlan meseleleri anyklamak boýunça  goşmaça  barlaglaryň geçirilmegi zerur bolup wagt talap edenligi sebäpli, olaryň möhletleriniň esasly geçirilendigi anyklandy.

Beýan edilenlerden görnüşi ýaly käbir ýüztutmalar boýunça goşmaça barlagyň wagt talap etmegi bilen baglanşykly olara seretmekligiň möhleti geçirildi. Tejribede ýüze çykýan şu meselelerden ugur alnyp, Adalatçynyň Diwany tarapyndan ýüztutmalara seretmegiň möhleti babatda 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasyna üýtgetme girizilip, eger-de ýüztutmada görkezilen mesele boýunça goşmaça barlaglary geçirmegiň zerurlygy ýüze çykan halatynda ýüztutmanyň seredilmegi üçin Adalatçy tarapyndan bellenilen möhletiň ýüztutma iberilen wezipeli adam tarapyndan bir aýdan köp bolmadyk möhlete uzaldylyp bilinýänligi, möhletiň uzaldylan gününden başlap üç günüň dowamynda bu barada Adalatça ýazmaça habar berilmelidigi barada kada girizildi. Bu kadanyň girizilmegi ýüztutmalaryň has düýpli seredilmegi üçin talap edilýän möhletiň kanuny esasyny kesgitledi. Ýöne gynansagam möhleti geçirilen ýüztutmalar boýunça ygtyýarly edaralar we wezipeli adamlar tarapyndan kanunyň bu kadasy seljerilýän ýylda ulanylmady.

Maglumat ýylyň dowamynda raýatlaryň Adalatçynyň Diwanyna gelip, dil üsti bilen beýan eden 201 sany ýüztutmasy hasaba alyndy we olara hem ýurdumyzyň sebitleri boýunça aýratynlykda selјerme geçirilip, aşakdaky görkeziјilerde ýerleşdirildi.

Seljermeden görnüşi ýaly dilden ýüztutmalaryň esasy bölegi,     106-sy, ýagny  52,74%-mi Aşgabat şäherinden bolup, olaryň köp sanlylygynyň sebäpleriniň biri, Adalatçynyň Diwanynyň Aşgabat şäherinde, ýagny merkezde ýerleşmegi raýatlar üçin elýeterli bolmagydyr. 

Maglumatyň şu ýerinde ýylyň dowamynda dilden ýüztutmalar babatda çärýekleýin we ýüz tutan raýatlaryň sany boýunça hem selјerme geçirildi.

 Selјermeden görnüşine görä, seljerilýän ýylyň dowamynda dil üsti bilen kabul edilen 201 sany ýüztutmalar boyunça jemi 244 sany raýat ýüz tutup, ýüztutmalaryň 38-si boýunça raýatlaryň 81-si köpçülikleýin ýüz tutanlar boldy.  

Bu görkezijiler 2024-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende maglumat ýylynda 45 ýüztutma we olar boýunça 60 adam artyp, köpçilikleýin ýüztutmaň sany 19-a, adam sany bolsa 27-ä   çenli köpeldi.  

Şeýle-de ýüz tutan raýatlaryň јyns we millete degişliligi boýunça hem selјerme geçirildi. Ýagny, ýüz tutan raýatlaryň 146-sanysy aýal we 98-si erkek adamlar bolmak bilen, olar dürli milletiň wekilleri bolup, olardan türkmen - 199, rus - 12,  azerbeýjan - 8, ermeni - 2, özbek - 8,  lezgin - 1, tatar-6, ukrain - 3, gruzin - 1,  kürt - 2, mariý - 1, owgan - 1 adam bolup, umuman göterim hasabynda alanyňda, beýleki milletleriň wekilleriniň  göterim gatnaşygy ýüztutmalaryň 18,44%-ni düzdi. 

Ýüz tutan adamlaryň milletine ýa-da beýleki aýratynlyklaryna garamazdan olaryň ählisine öz hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin deň mümkinçilikler döredilýär. Ýagny dilden ýüz tutup gelýän raýatlar bilen hem gürrüňdeşlik özleriniň bilýän dillerinde geçirilip, degişli maslahatlar we düşündirişler berilýär. Selјerilýän ýylyň dowamynda Adalatçynyň Diwany tarapyndan ýazmaça ýa-da dilden berlen јogaplaryň mazmunlaryna düşünmeýändikleri barada mesele ýüze çykmady.

Ýylyň dowamynda hasaba alnan dilden ýüztutmalaryň meseleleri, şeýle hem dilden ýüztutmalaryň meseleleriniň sebitlere degişliligi boýunçada selјerme geçirilip, aşakdaky görkeziјilerde ýerleşdirildi. 

Ýokardaky görkezijilerde getirilen selјermelerden görnüşine görä, raýatlaryň dilden ýüztutmalarynyň esasy bölegi, ýagny  45 sanysy  ýaşaýyş јaý meselesi bilen baglanyşykly bolup, umumy ýüztutmalaryň 22,39%-ni, kazyýet kararlaryndan nägiledikleri baradaky meseleler boýunça ýüztutmalaryň 41 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň   20,40%-ni, kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişine bildirilen nägilelikler baradaky meseleler boýunça ýüztutmalaryň 4 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 1,99%-ni, migrasiýa meseleleri boýunça ýüztutmalaryň  13 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 6,47% -ni, zähmet hukugy bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýüztutmalaryň 9 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 4,48% -ni, ýer hukugy bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýüztutmalaryň 5 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň               2,49%-ni, hossarlyk-howandarlyk bilen bagly meseleler boýunça ýüztutmalaryň 1 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 0,50%-ni, hukuk goraýјy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerinden nägiledikleri baradaky meseleler boýunça  ýüztutmalaryň 17 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 8,46%-ni, jenaýat işleri we jenaýatçylykly hereketler baradaky meseleler boýunça ýüztutmalaryň 3 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 1,49%-ni, günä geçmek meseleleri boýunça ýüztutmalaryň 5 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 2,49%-ni,  ýazga durmak meseleleri bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň 7 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 3,48%-ni, gaz-tok, suw meseleleri bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň 1 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 0,50%-ni, düzdi.  Galan 24,86%-mi bolan 50 sany dil üsti bilen beýan edilen ýüztutmalar hem beýleki meselelere degişli bolan ýüztutmalar bolup, olar esasan hem raýatlaryň edara ýolbaşçylarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň hereketlerinden nägiledikleri, algy-bergi, maşgala ýa-da goňşy ara dawalary, edara-guramalardan gerekli resminamalary alyp bermäge ýardam berilmegi  we ýaşaýyş durmuşynda ýüze çykýan beýleki dürli meseleler boldy. 

Raýatlaryň dil üsti bilen beýan edýän ýüztutmalary boýunça sebitlerde esasy ýüze çykýan meseleler selјerilende, Aşgabat şäheri boýunça ýaşaýyş jaý hukugy,  zähmet hukugy, ýazga durmak, kazyýet kararlaryna, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine bildirilýän nägilelikler  we beýleki meseleler, Arkadag şäheri boýunça ýaşaýyş jaý hukugy, Balkan welaýaty boýunça kazyýet kararlaryna bildirilýän nägilelikler hem-de beýleki meseleler, lebap welaýaty boýunça kazyýet kararlaryna bildirilýän nägilelikler we migrasiýa meseleler, Daşoguz welaýaty boýunça ýaşaýyş jaý hukugy we beýleki meseleler, Mary welaýaty boýunça kazyýet kararlaryna bildirilýän nägilelikler we beýleki meseleler bolup durýar. 

Seljermedäki görkezijilerden görnüşi ýaly dilden ýüztutmalaryň käbir görnüşleri öňki ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, ýagny 2024-nji ýylda bilime bolan hukuk 4 sany ýüztutma 2,56%, saglygy goramaga bolan hukuk 4 sany ýüztutma 2,56% we durmuş üpjünçiligi bilen bagly meseleler boýunça 1 sany ýüztutma bolup umumy ýüztutmalaryň 0,64%-ni düzen bolsa, seljerilýän ýylda agzalan meseleler boýunça dilden ýüztutmalar bolmady. 

Maglumatyň şu ýerinde, raýatlaryň ýazmaça we dilden ýüztutmalaryna seljerme geçirmegiň netijesinde, köpçülikleýin ýüztutmalaryň meseleleriniň üstünde sebitler boýunça durlup geçildi.

Ýagny maglumat döwründe ýazmaça köpçülikleýin ýüztutmalaryň 49-sy we olar boýunça ýüz tutan 567 sany raýatlar hasaba alynyp, olaryň köp sanlysy Aşgabat şäherinden, Lebap we Mary welaýatlaryndan bolmak bilen, Aşgabat şäherinden 12 sany ýüztutma boýunça 60 adam ýüz tutup, olaryň 1-si ýaşaýyş jaý hukugy, 1-si ýer hukygy, 3-si kazyýet kararlaryna, 1-si hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine bildirilen nägileliklere, 2-si ýazga durmak, 1-si durmuş üpjünçilik, 1-si migrasiýa, 2-si beýleki meselelere, Lebap welaýatyndan 10 sany ýüztutma boýunça 232 adam ýüz tutup, olaryň 1-si kazyýet kararlaryna, 1-si hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine bildirilen nägileliklere, 1-si zähmet hukugy, 1-si ýer hukugy, 1-si günä geçmek,  5-si beýleki meselelere, Mary welaýatyndan 10 sany ýüztutma boýunça 98 adam ýüz tutup, olaryň 7-si ýer hukugy, 1-si durmuş üpjünçilik, 2-si beýleki meselelere, Daşoguz welaýatyndan 6 sany ýüztutma boýunça 53 adam ýüz tutup, olaryň 1-si ýaşaýyş jaý hukugy, 1-si ýer hukygy, 1-si jenaýat işleri boýunça we jenaýatçylykly hereketlere bildirilen nägileliklere, 1-si durmuş üpjünçilik, 2-si beýleki meselelere, Balkan welaýatyndan 3 sany ýüztutma boýunça 28 adam ýüz tutup, olaryň 1-si ýaşaýyş jaý, 1-si zähmet hukugy, 1-si hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine bildirilen nägileliklere, Ahal welaýatyndan 4 sany ýüztutma boýunça 37 adam ýüz tutup, olaryň 1-si zähmet hukugy, 1-si durmuş üpjünçilik meselesi, 2-si kazyýet kararlaryna  bildirilen nägileliklere, Arkadag şäherinden 4 sany ýüztutma boýunça 59 adam ýüz tutup, olaryň meseleleriniň  4-side ýaşaýyş jaý meselesi boýunça kazyýet kararlaryna  bildirilen nägileliklere degişli boldy. 

Raýatlaryň köpçülikleýin ýazan arzalary boýunça käbir ýüztutmalaryň kanagatlandyrylanlary boldy we olar bilen Maglumatyň «Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri» baradaky VIII babynda tanyşmaklyga mümkinçilik döredildi.

Şeýle hem, maglumat döwründe dilden köpçülikleýin ýüztutmalaryň 38-si we olar boýunça ýüz tutup gelen 81 sany raýatlar hasaba alyndy. Bu ýüztutmalaryň 14-si boýunça Aşgabat şäherinden 28 sany raýat ýüz tutup, 14 ýüztutmanyň 4-si kazyýet kararlaryna, 1-si jenaýat işleri boýunça we jenaýatçylykly hereketlere, 1-si hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine bildirilen nägileliklere, 3-si ýaşaýyş jaý hukugyna, 2-si ýazga durmak, 1-si migrasiýa, 2-si beýleki meselelere; ýüztutmalaryň 2-si boýunça Balkan welaýatyndan 4 sany raýat ýüz tutup, 2 ýüztutmanyň 1-si hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine bildirilen nägilelige, 1-si beýleki meselä; ýüztutmalaryň 6-sy boýunça Daşoguz welaýatyndan 16 sany raýat ýüz tutup, 6 ýüztutmanyň 2-si ýaşaýyş jaý hukugyna, 1-si migrasiýa, 3-si beýleki meselä; ýüztutmalaryň 3-si boýunça Lebap welaýatyndan 6 sany raýat ýüz tutup, 3 ýüztutmanyň 1-si kazyýet kararlaryna bildirilen nägilelige, 2-si beýleki meselä; ýüztutmalaryň 5-si boýunça Mary welaýatyndan 11 sany raýat ýüz tutup, 5 ýüztutmanyň 1-si kazyýet kararlaryna bildirilen nägilelige, 3-si ýaşaýyş jaý hukugyna, 1-si beýleki meselä; ýüztutmalaryň 6-sy boýunça Ahal welaýatyndan 12 sany raýat ýüz tutup, 6 ýüztutmanyň 1-si hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine, 1-si kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişine bildirilen nägileliklere, 2-si ýer hukugyna, 1-si gaz-tok-suw meselesine, 1-si migrasiýa meselesine,  ýüztutmalaryň 2-si boýunça Arkadag şäherinden 4 sany raýat ýüz tutup, 2 ýüztutmanyň 2-side ýaşaýyş jaý hukugy bilen baglanyşykly meselelere degişli boldy.

Şeýle-de, Maglumat ýylyň dowamynda Adalatçynyň Diwanynyň  ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda Adalatçy we Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri welaýat häkimliklerinde geçirilýän raýatlaryň kabul edişliklerine gatnaşyp, dürli meseleler boýunça jemi 100 adamy kabul etdiler. Döwletimizde adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilişine we ýerine ýetirilişine bagyşlanan şu Maglumatyň 1 babynda Türkmenistanyň sebitleri boýunça ýüze çykan meselelerine seljermäniň netijeleri görkezilendigine garamazdan Maglumatyň şu ýerinde Daşoguz welaýatynda adamlaryň ýaşaýyş jaýlarynyň paýly gurluşygyna gatnaşyp, ýaşaýyş jaýynyň bahasynyň  öňünden tölenilmäge degişli  bölegini töläp, ýöne ýaşaýyş jaýlarynyň taraplaryň şertnamalarynda göz öňünde tutulan möhletde gurulmaýanlygy, gurluşyklarda kemçiliklere ýol berilýänligi, Daşoguz Mary we Lebap welaýatlarynda gaz, tok bilen üpjünçilikdäki ýetmezçilikler, Daşoguz, Mary we Balkan welaýatlarynda köçeleriň çekilmeýändigi bilen bagly meseleleriň gozgalandygynyň görkezilmegi makul bilindi. 

Adalatçy tarapyndan raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmek boýunça alnyp barylýan işlerde kanunçylygyň berjaý edilmegini üpjün etmek, raýatlardan gelýän ýüztutmalaryň we gaýtadan ýüztutmalaryň azalmagyna ýardam etmek, ýurtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagyna ýol berilmezligi, bozulan hukuklaryň dikeldilmegi hem-de hukuk bozulmalara getirip biljek ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we aradan aýyrylmagy maksady bilen aşakdakylary teklip edýäris: 

 - Adalatçynyň şikaýatyň barlanylmagyna ýardam edilmegi baradaky ýüztutmasyna ýa-da teklip bilen ýüztutmasyna döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar, guramalar we beýleki şahslar tarapyndan jogapkärçilikli çemeleşilmegini we kanunda bellenen möhletde hem-de düýp mazmuny boýunça jogaplaryň berilmegini;

 - Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan raýatlaryň, şol sanda ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga mätäç adamlaryň toparyna girýän raýatlaryň ýaşaýyş jaý nobatyna hasaba alnyşyny we ýöredilişini, şeýle-de nobata duranlaryň habarlylygynyň üpjün edilmegini aýratyn gözegçilikde saklamagy;   

- Ýurdymyzyň welaýatlarynda, hususan-da Mary we Daşoguz welaýatlaryndan ýüztutmalaryň köpelýänligi, esasan hem ýüztutmalarda ýer hukugy, gaz-tok-suw-ýol meseleleriniň galdyrylýanlygy bilen baglanşykly ýerine ýetiriji häkimiýetleriň ýerli edaralary tarapyndan bu ugurda  gözegçiligi güýçlendirmegi;

- Ýerlerde, ýaşaýyş jaýlaryň paýly gurluşygynda potratçy bolup durýan hususy kärhanalara, şertnama laýyklykda, raýatlar tarapyndan degişli tölegler edilenden soň, gurluşygyň şertnamada bellenen möhletlerde alnyp barylmagyna we tamamlanmagyna, şeýle hem gurluşyk-abatlaýyş işleriniň hiliniň kesgitlenen kadalara laýyk getirilmegine Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan gözegçiligiň güýçlendirilmegini .

V bap. Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” bolan 2025-nji ýylda jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny döwrebaplaşdyrmaga, halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň artdyrylmagyna gönükdirilen syýasy, ykdysady we durmuş özgertmeleri bilen bir hatarda döwrüň talabyna laýyklykda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça hem giň gerimli işler alnyp baryldy.

Milli kanunçylygy kämilleşdirmek işi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan esasy ugurlary kesgitlenen milli kanunçylygy ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen işler ýurduň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek, milli ykdysadyýeti mundan beýläk berkitmek, halkyň durmuş abadançylygyny gazanmak, türkmen jemgyýetinde iň ýokary gymmatlyk hasaplanylýan adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça nobatdaky netijeli çäreleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen birlikde, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli taraplaryny gurşap alýan, şol sanda adamyň durmuş-ykdysady, raýat-syýasy hukuklarynyň üpjün edilmegi babatda kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzda adama goýulýan sarpanyň nyşanydyr. 

Ýurdumyzyň kanunçylygy adam hukuklaryny goramagyň binýady bolup durýar, ol ýurdymyzyň Konstitusiýasynyň we halkara borçnamalarynyň kadalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär, şeýle hem adamyň raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň üpjün edilmegini we ol hukuklaryň bozulmagynyň öňüniň alynmagyny kepillendirýär. Hukuk ulgamymyzyň binýadyny emele getirýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna degişli ýörelgeleýin kadalarynyň aýratyn bir bapda berkidilmegi muňa doly şaýatlyk edýär. Esasy Kanunymyzda hukugyň aýrybaşgalanmazlygy, kanunyň öňünde deňlik, hukuklaryň gös-göni hereketi we olary goramak borjy ýaly binýatlaýyn ýörelgeler berkidilýär, adam hukuklarynyň goralmagynyň mehanizmi üpjün edilýär. Konstitusiýada adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy, ony goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek bolsa döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleri hökmünde ykrar edilýär. Şeýlelikde görkezilen kadalar Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynda adam hukuklarynyň üpjün edilmeginiň esasy bolup çykyş edýär.

Mundan başga-da, Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň deň hukukly agzasy hökmünde, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna bagyşlanan uniwersal halkara şertnamalaryna işjeň gatnaşmak bilen, olarda beýan edilen halkara standartlaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça ulgamlaýyn işleri hem durmuşa geçirýär. 

Şunuň bilen birlikde maglumat ýylynda döwrüň talaplary we bu ugurda hereket edýän halkara standartlar göz öňünde tutulyp, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, Adalatçynyň kanunçylygy kämilleşdirmek çygrynda ygtyýarlyklary kanun esasynda kesgitlenen. Adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary baradaky ýurdumyzyň kanunçylygyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara şertnamalaryna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen onuň kämilleşdirilmegine ýardam etmek Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şeýle hem “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda adam hukuklary babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine ýardam etmekde Adalatçynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasy we Türkmenistanyň Mejlisiniň seretmegine girizilen kanun taslamalary bilen tanyşmaga, Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek hakyndaky teklipleri kanunçykaryjylyk başlangyjyna hukugy bolan subýektlere girizmäge, adamyň we raýatyň hukuklaryna we azatlyklaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça iş toparlaryna gatnaşmaga hukugy bardyr.

Maglumat ýylynda kanunçylygy kämilleşdirmek çygrynda ygtyýarlyklaryna laýyklykda Adalatçynyň görkezilen işiniň anyk netijeleri barada bellemek bolar. Hususan-da, 2025-nji ýylda Adalatçynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň kanunçykaryjylyk meýilnamasyna laýyklykda kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça Mejlisde döredilen iş toparlarynyň işine gatnaşmagy adam hukuklarynyň goralmagyna gönükdirildi.

Maglumat ýylynda ýurdumyzyň parlamentiniň 4 sany maslahaty geçirilip, olarda 1 sany Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, 1 sany Türkmenistanyň kodeksi, 27 sany Türkmenistanyň kanunlary, 23 sany Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlary kabul edildi. Görkezilen kanunçylyk namalarynyň hatarynda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda”, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynyň kabul edilenligini görkezmek bolar. 

Mundan başga-da, milli kanunçylyk ulgamyny täze taryhy döwrüň talaplaryna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, jenaýat-ýerine ýetiriş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, aragatnaşyk, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen baglanyşykly hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizilip kämilleşdirildi.

Maglumat ýylynda amala aşyrylan agzalyp geçilen kanunçylyk özgertmeler demokratiýanyň we raýat jemgyýetiniň binýadynyň mundan beýläk berkidilmegine, konstitusion gurluşynyň esaslarynyň berkidilmegine,  häkimiýet edaralarynyň hereket etmeginiň kämilleşdirilmegine, saýlaw ulgamynyň häzirki zaman sanly ulgamlaryny ornaşdyrmaga hem-de jemgyýetiň we döwletiň, raýatlaryň durmuşynda beýleki oňyn täzeçilliklere ýardam etmäge niýetlenendir.

2025-nji ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de bu ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli kabul edilen “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiýanyň meselelerini, Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny ýene bir gezek kesgitledi. 

Maglumat ýylynda kabul edilen “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny adamyň we raýatyň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny berkidýän we goraýan, tebigy hukuklaryny hukuk kadalary arkaly beýan edýän, olaryň berjaý edilmegini üpjün edýän möhüm hukuk namalary bolup durýarlar.Elbetde bu kanunçylyk namalarynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş toparlaryna Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri hem agza hökmünde gatnaşyp öz pikirlerini beýan etdiler. 

Şeýle-de geçen ýylda  raýat-hukuk gatnaşyklary babatda kanunçylygy kämilleşdirmek, halkara hususy hukugy bilen bagly kadalary milli  kanunçylygymyza ornaşdyrmak, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän  emläk, eýeçilik, şertnamalaýyn-hukuk gatnaşyklary düzgünleşdirmek zerurlygyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň taslamasynyň işlenilip taýýarlanylmagyna, taslama hukuk taýdan seljermeleriň geçirilmegine, degişli teklipleriň berilmegine Diwanyň wekilleri taslamany taýýarlan işçi toparyň agzasy hökmünde işjeň gatnaşdylar. Adalatçynyň Diwanynyň wekilleriniň diňe bir kanun taslamalary taýýarlamak boýunça işçi toparlarynyň mejlislerine gatnaşyp tekliplerini beýan etmän, eýsem Türkmenistanyň Mejlisinde işlenip taýýarlanan, Diwana gelip gowşan kanun taslamalary hem seljerilip olar boýunça esaslandyrylan degişli teklipler berildi. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda berkidilen ykdysady işiň erkinligine bolan hukugy durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň Raýat kodeksinde berkidilýär. Raýat kanunçylygynyň adamyň eýeçilige, telekeçilik işine bolan hukuklaryny berkidýän, onuň hukuk ýagdaýyny, şahsy durmuşyny, şahsy emläk däl hukuklaryny, miras gatnaşyklaryny, onuň janyna we saglygyna ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny düzgünleşdirýän kadalary adam hukuklarynyň berjaý edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Görkezilenler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Raýat kodeksi hukuklaryň kazyýet goragyny üpjün edýän kadalary hem berkidýär. Agzalanlar bilen baglylykda 2024-nji ýylda Adalatçynyň Diwanynyň Hususy ulgamda adam hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölüm döredilip, onuň hereket etmegi bilen baglylykda, adamlaryň ykdysady hukuklarynyň berjaý edilmegine, olaryň bozulan halatynda dikeldilmegine ýardam etmekde bar bolan döwlet serişdeleriniň üstüni ýetirýän Adalatçynyň işiniň ýörite ugrydygyny bellemelidiris.

Geçen ýylda kabul edilen ýene bir möhüm kanunlaryň biri täze beýandaky “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bolup durýar. Kanunda ilkinji gezek maşgala işleri boýunça kazylaryň wezipesi göz öňünde tutuldy. Kanunda berkidilişi ýaly, maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwlet goragynyň üpjün edilmeginde adyl kazyýetligiň ähmiýetini ýokarlandyrmak, maşgala işleri boýunça adyl kazyýetligiň we kazyýet önümçiliginiň ýokary hünär ussatlygy şertlerinde amala aşyrylmagyny gazanmak we maşgalanyň jebisliginiň kepilliklerini berkitmek maksady bilen, etrap we etrap hukukly şäher kazyýetlerinde maşgala işleri boýunça kazynyň wezipesi girizildi. Bu kanunyň täze beýanda kabul edilmeginiň ähmiýetini bellemek bilen 2024-nji ýylda Adalatçynyň Diwanynyň düzüminde Aýallaryň we çagalaryň hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölümiň döredilip, onuň hereket etmeginiň hem agzalan kanunda göz öňünde tutulan maşgala bitewiligini saklamak bilen bagly kadalaryň ýerine ýetirilmeginde ýardam boljakdygyny nygtamalydyrys.  

Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işlerini amala aşyrmagyň çaginde Adalatçynyň Diwanynyň, diňe bir ýurdymyzyň Mejlisinde taýýarlanýan kanun taslamalar boýunça seljerme geçirmän, eýsem Pudagara toparlarda taýýarlanýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna hem ýardam edýänligini bellemelidiris. Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça Pudagara toparynyň çäginde taýýarlanan hukuk namalaryň taslamalarynyň, şol sanda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025-2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasynyň taýýarlanmagyna ýardam edilendigi hem aýdylanlaryň mysalydyr. 

Beýan edilenleriň esasynda, şeýle-de adam hukuklary babatda milli  kanunçylygy kämilleşdirmäge, şol sanda kadalaşdyryjy hukuk namalaryň hereket edýän kanunçylygyň kadalaryna laýyklygyna ýardam etmek maksady bilen geçen ýylda beren maslahatlarymyzyň zerurlygynyň aradan aýrylmanlygyny göz öňünde tutup teklip edýäris: 

-Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ministrlikler hem-de pudaklaýyn  dolandyryş edaralary tarapyndan kabul edilen, adam hukuklary bilen baglanyşykly hukuk namalarynyň seljerilip, hereket edýän kanunçylyga laýyk getirilmegini; 

-Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ministrlikler hem-de pudaklaýyn  dolandyryş edaralarynyň, öz işlerini guramagyň hukuk esasyny kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny degişli tertipde kabul etmek we döwlet belliginden geçirmek işlerini alyp barmagyny; 

-Kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen bagly alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna ygtyýarly edaralar bilen Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri, hossarlyk we howandarlyk bölümleriň hukuk belleýji hem-de hossarlygyň we howandarlygyň amala aşyrylmagy bilen bagly hukuk namalarynyň taýýarlanmagyny we degişli tertipde tassyklamaga hödürlenmegini. 

VI bap. Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly şygaryň astynda geçen 2025-nji ýyl döwletimiz üçin üstünlikli taryhy ýyllaryň birine öwrüldi. Bu ýyl adam hukuklarynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan syýasy-jemgyýetçilik, medeni-köpçülikleýin çärelere, sebit hem halkara derejesinde geçirilen çärelere baý ýyllaryň biri boldy. Ilkinjileriň hatarynda 2025-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileýiniň Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşmagy ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Sebäbi geçen 30 ýylyň dowamynda hemişelik Bitarap döwletimiz bu ugurda baý tejribe toplap, ylalaşygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň üç gezek ykrar edilmegi ýurdumyzda Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esasy şertleriniň biri bolan adam hukuklarynyň doly we gyşarnyksyz berjaý edilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. 

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda görkezilen talaplara laýyklykda, Adalatçynyň ýerine ýetirýän işleriniň esasy wezipeleriniň biri ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary, olary goramagyň görnüşleri we usullary babatda raýatlaryň aň-bilimliligini artdyrmak we bu ugurda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak bolup durýar. Geçen 2025-nji ýylda ýurdumyzda adam hukuklary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak wezipesi Adalatçynyň özi we Diwanyň wekilleri tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen we jemgyýetçilik çärelerinde çykyşlaryň edilmegi arkaly amala aşyryldy. Ýagny, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň döwlet kepillikleri barada we adam hukuklarynyň berjaý edilmegi, bu ugurda kanunlaryň kämilleşdirilen kadalary bilen baglanyşykly mowzuklarda gazet-žurnallarda makalalar bilen çykyş etmek, teleýaýlymlarda gürrüňdeşlik geçirmek hem-de okuw sapaklaryny gurnamak arkaly amala aşyryldy. Şeýle-de, Adalatçynyň Diwanynyň internet web-saýtynda adam hukuklarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda kepillendirilen kadalary barada, ýurdumyzda adam hukuklarynyň üpjün edilmegi üçin döwlet tarapyndan alnyp barylýan işler barada hem-de adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň dürli ugurlaryna degişli bolan maglumatlar yzygiderli ýerleşdirildi.

2025-nji ýyl üçin tassyklanan Adalatçynyň Diwanynyň iş meýilnamasyna laýyklykda, ýylyň dowamynda  Adalatçynyň Diwany tarapyndan milli we halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde adam hukuklary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam bermeklige gönükdirilen çäreler yzygiderli geçirildi.

Öňki ýyllarda bolşy ýaly, Adalatçy maglumat ýylynda hem döwletimiziň syýasy, jemgyýetçilik köpçülikleýin çärelerine işjeň gatnaşdy. Adalatçynyň jemgyýetçilik medeni çärelerine gatnaşmagy barada aýdamyzda, ilki bilen, onuň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we nesilleriniň wekilleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşandygyny bellemelidiris. 

Mälim bolşy ýaly, “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Adalatçy öz işi we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda her ýylky Maglumatyny Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň seretmegine berýär. Ol Maglumat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynyň gün tertibine laýyklykda Adalatçy 2024-nji ýylda alnyp barlan işler we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumaty bilen çykyş etdi.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda Adalatçynyň her ýylky Maglumaty köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilýär we halk köpçüligine ýetirilýär. Şeýlelik-de, Maglumat Adalatçynyň Diwanynyň web-saýtynda (ombudsman.gov.tm) ýerleşdirilp, 2025-nji ýylyň aprelinde bolsa “Altyn Asyr” teleýaýlymynda “Jemgyýet we Kanun” atly gepleşikde Adalatçynyň Diwanynyň wekili çykyş edip, Maglumatda beýan edilenleri halk köpçüligine ýetirdi.

 

Adalatçy Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň agzasy hökmünde toparyň geçen ýylyň dowamynda geçirilen bir mejlisine gatnaşyp, ol mejlisde Adalatçynyň Diwanynyň Milli Adam Hukuklary Guramalarynyň Global Bileleşiginde akkreditirlenip, “B” hukuk derejesine eýe bolanlygyny hem-de şol bileleşik tarapyndan Pariž ýörelgelerine doly laýyk gelmegi üçin berlen maslahatlar barada  beýan etdi. 

Şeýle hem, ýurdumyzda Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça Pudagara toparynyň agzasy hökmünde Toparyň 2025- nji ýylda geçirilen 3 mejlisine gatnaşyp, mejlisiň gün tertibine girizilen adam söwdasyna garşy meseleler babatynda öz pikirlerini beýan etdi. 

Şeýle-de, ýokarda görkezilen Pudagara toparlarynyň iş toparlary döredilip, adam hukuklarynyň dürli ugurlary boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança bolup hyzmat edýän şol iş toparlaryň mejlislerine agza hökmünde Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri hem gatnaşdylar. 

Maglumat ýylynda Adalatçy we Adalatçynyň Diwanynyň işgärleri adam hukuklarynyň dürli ugurlaryna bagyşlanyp geçirilen okuw-maslahatlaryna, wagyz-nesihat çärelerine hem işjeň gatnaşdylar.

Olardan, 2025-nji ýylyň mart aýynda geçirlen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda “Merkezi Aziýa ýurtlarynda adamyň we raýatyň hukuklarynyň goraglylygy” atly ylmy-amaly maslahata, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynda “Durnukly ösüş ýoly-parahatçylygyň we abadançylygyň kepili” atly ylmy-amaly maslahata, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli maý aýynda mekdeplerde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen okuw sapaklaryna, “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly BMG-niň 1325 kararnamasyny ýerine ýetirmek boýunça maslahatyna, iýun aýynda geçirilen “Maşgala binýadynda alternatiw ideg etmegiň görnüşlerini ösdürmek boýunça” iş maslahatyna, iýul aýynda Aşgabat şäherinde Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş  merkezlerinde, Daşoguz welaýatynda “Bagtyýar nesil”, Mary welaýatynda “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” atly çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde okuw sapaklarynyň geçirilmegine, Adam söwdasy bilen göreşmegiň halkara gününe bagyşlanan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň şahsy düzüminiň arasynda geçirilen okuw maslahatyna, oktýabr aýynda Durnukly Ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda ornaşdyrylmagy boýunça iş toparyň maslahatyna,dekabr aýynda Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynda “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Merkezi Aziýada we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmakda orny” atly maslahatlara gatnaşylyp degişli mowzuklar boýunça çykyşlar edildi.

2025-nji ýylyň 4-8-nji awgustynda ýurdumyzda BMG-niň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji Maslahaty geçirilip, maslahatyň çäginde “Ygrarlylykdan özgertmelere: deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerledýän zenanlar” atly duşyşygy hem-de şol ýylyň 10-njy dekabrynda “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny” atly halkara maslahaty geçirlip, ol çärelere Adalatçynyň gatnaşanlygyny bellemelidiris.

Bilşiňiz ýaly 2021-nji ýylyň 16-nji aprelinden bäri Adalatçynyň Diwanynyň internet web-saýty (ombudsman.gov.tm) hereket edýär. Ýokarda bellenip geçilişi ýaly, bu saýtda  maglumat  ýylynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan adam hukuklarynyň berjaý edilmeginde amala aşyrylýan işler, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Adalatçynyň alyp barýan işleri beýan edildi. Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany tarapyndan adam hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işler baradaky maglumatlar, adam hukuklaryny düzgünleşdirýän halkara we milli kanunçylygyň kadalary, Adalatçy we Adalatçynyň Diwanynyň işgärleriniň bu ugurda gatnaşýan halkara we ýurdymyzda geçirilýän çäreleri, okuw maslahatlary we neşir edilen makalalary ýerleşdirildi we bu saýtyň maglumatlary yzygiderli täzelenip duruldy. 

Mundan başga hem, Adalatçynyň Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň, şeýle hem ýurtda demokratik gymmatlyklary berkarar etmek boýunça alnyp barylýan köptaraply işleriň, özgertmeleriň we demokratik özgerişlikleriň häsiýetini açyp görkezýän makalalary ýurdumyzyň metbugat neşirlerinde, ýagny gazetlerde we žurnallarda çap edildi. Mysal üçin, “Adalat” gazetiniň Maglumat ýylyň 31-nji ýanwaryndaky sanynda “Bagtyýarlygyň berk binýady” atly we “Нейтральный Туркменистан” gazetiniň 1-nji fewralyndaky sanynda  “Диалог и взаимодействие во имя будущего” atly, 15-nji aprelindäki sanynda “Нейтральный Туркменистан: курс на сотрудничество и развитие” atly makalalar çap edilip, bu makalalaryň mazmunynda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň hem-de ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi we bu konsepsiýada bosgunlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, eneligi we çagalygy goldamak, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, olaryň ylymda, döredijilikde, sportda öz mümkinçiliklerini ulanyp bilmekleri üçin şertleri döretmek barada agzalyp geçilmegi Adalatçynyň Diwanynyň bölümleriniň ýerine ýetirýän işleri bilen berk baglanyşykly bolup durýandygy barada görkezilýär. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňisyrasynda geçirilen Halk maslahatynyň mejlisine bagyşlanyp, 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda “Aşgabat” teleýaýlymynda Adalatçynyň Diwanynyň wekili “Türkmenistanyň Halk Maslahaty - döwlet häkimiýetiniň gözbaşydyr” atly mowzuk bilen çykyş etdi we 3-nji oktýabrda  neşir edilen “Adalat” gazetinde “Agzybirligiň we jebisligiň gözbaşy” atly makala çap edildi. Bu makalada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi gadymdan gelýän milli däplerimizde, häzirki zaman kanunçylygymyzda beýan edilen deňlik, adalatlylyk, adam hukuklaryny ileri tutmak ýaly ýurdymyzda il-ýurt bähbitli meseleleri halkyň wekilleri bilen maslahatlaşmak däbine eýerilip her ýylda geçirilýän umumy milli forumdygy barada beýan edilýär. Bu foruma ýaşulularyň, ýaşlaryň, jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan bolan adamlaryň gatnaşyp, geçirilmegi ýurdumyzda her bir adamyň hukuklarynyň berjaý edilýändigini subut edýär.

Halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, ýudumyzyň parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly asylly ýörelgelerine hem-de adam hukuklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýan baýramçylyklaryň biri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň günidir. Bu şanly sene bilen baglanyşykly Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçynyň Maglumat ýylyň  maý aýynda neşir edilen “Türkmenistan” gazetinde “Adam hukuklarynyň mizemez kepili” atly makalasy çap edildi. Şeýle hem  maý aýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirlen “Türkmenistanyň Konstitusiýasy-ýurdumyzyň hemişelik bitaraplygynyň hukuk kepili, döwlet baýdagy-halkara parahatçylygyň nyşany” atly ylmy-amaly maslahatda Adalatçy çykyş edip, bu çykyşda Esasy Kanunymyzyň umumadamzat gymmatlyklaryna eýe bolan özbaşdaklyk, döwletlilik, agzybirlik baradaky kadalary özünde jemläp, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň ygtybarly hukuk esaslaryny döretmegiň, şeýle hem raýatlaryň syýasy, ykdysady, durmuş, medeni hukuklaryny üpjün etmegiň berk kanuny esaslaryny emele getirýändigi barada belläp geçdi.

Şeýle hem, Adalatçynyň Diwanynyň işgärleriniň geçen ýylyň maý aýynda “Adalat” gazetinde “Döwletliligiň we berkakarlygyň binýady” atly,“Нейтральный Туркменистан” gazetinde “Символы независимостии и гарантии прав человека” atly makalalary neşir edildi. Bu makalalarda Demokratik, hukuk döwleti bolup durýan Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagny erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşа geçirmek üçin deň mümkinçilikleri berkidilen konstitusion kadalaryň durmuşa geçirilmegi üçin ýurdumyzda kanunçylyk namalary kabul edilip, olara döwrebap üýtgetmeler girizilip, adam hukuklarynyň, şol sanda gender deňliginiň üpjün edilmegi üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýändigi barada beýan edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Adalatçynyň Diwanynyň Aýallaryň we çagalaryň hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölüminiň maslahatçylarynyň ýerine ýetirmeginde her ýylda halkara derejesinde giňden bellenilip geçilýän 8-nji mart Halkara zenanlar günine bagyşlanyp 2025-nji ýylyň 7-nji martynda “Türkmenistan” gazetinde “Belent hormatyň eýeleri” atly makala çap edildi. Bu makalada sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren we mynasyp terbiýelän enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly adynyň dakylmagy, döwlet tarapyndan edilýän ýeňillikler barada we olaryň hukuk esaslary, şeýle hem “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kadalarynyň üstünde durulyp, bu ugurda Adalatçynyň Diwanyna aýallaryň we çagalaryň hukuklary bilen bagly gelip gowuşýan ýüztutmalara seredilmeginiň, gender deňligi bilen bagly hyzmatdaş guramalar bilen işleşilmeginiň, halkara ýa-da milli çärelere, maslahatlara gatnaşyp hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagynyň we wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmeginiň üstünde durlup geçilýär. Şeýle hem, ýurdumyzda aýal-gyzlarymyzyň bagtyýar ýaşamagy we işlemegi, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýeläp ýetişdirmekleri üçin zerur şertleri döretmegiň döwletimiz tarapyndan üns merkezinde saklanylýanlygy barada beýan edildi.

“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hakynda kadalar barada we Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge niýetlenilendigi barada iýun aýynda “Watan” gazetinde “Ylymly ýaşlary goldamagyň hukuk esaslary” atly makalanyň “Ylymlar we talyp ýaşlar” gününe bagyşlanyp çap edilmegi hem bellärliklidir. Munuň özi ýaşlaryň terbiýesiniň çagalyk döwründe ilki bilen maşgaladan başlanýandygyny görkezýär. 

Ýurdymyzda çagalar aýratyn alada we goldaw bilen gurşalyp, olaryň hemmetaraplaýyn sagdyn we sazlaşykly ösmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär.  Bular babatda her ýylyň 1-nji iýunynda bütin dünýäde bellenilip geçilýän Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäginde 2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda Adalatçynyň BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bilen  ýurdumyzyň goşulan BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda konwensiýasynyň kadalarynyň ýerine ýetirilmegi, çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygryndaky döwletimiziň syýasaty, şeýle-de Adalatçynyň Diwanynyň we BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýurdymyzda çagalaryň hukuklaryny goramakda alyp barýan işleri barada “Türkmenistan” teleýaýlymynyň tomaşaçylary üçin gepleşik gurnaldy.

Şeýle hem, Adalatçynyň Diwanynyň işgärleri tarapyndan “Adalat” gazetiniň 2025-nji ýylyň 6-njy iýunyndaky sanynda “Döwletiň howandarlygynda” hem-de şol gazetiň 21-nji noýabryndaky sanynda “Sahawatyň şuglasy” atly makalalaryň neşir edilmegi we bu makalalarda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda çykaran karary bilen tassyklanan Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi we ýurdumyzda çagalaryň hukuklarynyň goraglylygynyň ulgamlaýyn esasda amala aşyrylýandygy barada bellenilip geçilýär. 

Ýurdumyzda adam hukuklaryny goramak, olaryň bozulan hukuklarynyň dikeldilmegini üpjün etmek, bular babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak Adalatçynyň işiniň esasy ugry bolup,  Adalatçy we onuň Diwanynyň işgärleri her ýylda, BMG-niň Adam hukuklary hakyndaky Ählumumy Jarnamasynyň kabul edilen senesi bilen baglanyşykly geçirilýän çärelere işjeň gatnaşyp, adam hukuklarynyň üpjün edilmegi ugrunda edilýän işler barada çykyşlar etmek hemişeki ýaly maglumat ýylynda hem amala aşyryldy. Adam hukuklary hakyndaky Ählumumy Jarnamanyň kabul edilmeginiň 77 ýyllygy mynasybetli “Нейтральный Туркменистан” gazetiniň 2025-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky sanynda “На защите конституционных прав и свобод граждан” atly makala çap edildi. Bu makalada, jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň azatlygy, erkinligi, asuda durmuşy, abadan ýaşaýyşy ugrunda döwletimizde alnyp barylýan giň gerimli işler bilen bir hatarda, milli kanunçylygyň we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygy we bu ugurda Adalatçynyň Diwany tarapyndan alnyp barylan işler barada giňden beýan edildi.

Türkmenistan adam hukuklary babatda halkara konwensiýalaryna goşulmak bilen olardaky adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny göz öňünde tutýan kadalary milli kanunçylygymyza ornaşdyrmakda we iş ýüzünde berjaý etmekde öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny görkezýär. Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň çäginde adam söwdasyna garşy hereket etmek babatda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda çykaran Karary bilen Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025-2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň kabul edilmegi aýratyn üns çekiji waka bolup durýar. Bu meýilnamanyň çäginde amala aşyrylýan işler barada hem “Adalat” gazetiniň 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyndaky sanynda çap edilen “Döwletiň daýanjy-Halkyň goragy” atly makalada beýan edildi.

Maglumat ýylynda ýurdumyzyň taryhy wakalarynyň hatarynda bellenilip geçilen Türkmenistan döwletimiziň ýurt Garaşsyzlygynyň 34-ýyllyk şanly toýuna bagyşlanyp geçirilen çärelere Adalatçy we Diwanyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Bu taryhy waka bagyşlanyp, 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň gurnamagynda “Garaşsyzlyk ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr” atly ylmy-amaly maslahatynda Adalatçynyň Diwanynyň wekiliniň “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy – Baky bagtyýarlygyň binýady” atly mowzuk bilen çykyş edenligini, şeýle hem “Watan” gazetiniň 27-nji sentýabryndaky sanynda “Watanymyzyň Garaşsyzlygy - Abadançylygyň we ösüşiň binýady” atly makalanyň çap edilmegini bellemelidiris. Bu makalada Garaşsyzlygymyzyň ýurduň syýasy, ykdysady taýdan özygtyýarly ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda, halkyň milli düşünjeliliginiň ösmegine, umumadamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde öz mynasyp ornuny tapmagynda itergi berendigi, şeýle hem döwletimize, halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berendigi barada giňişleýin beýan edildi.

Şeýle hem, geçen ýylda ýurdumyz üçin şanly wakalaryň biri bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uludan tutulmagy we bu şanly sene bilen baglanyşykly geçirilen dabaralara we çärelerede Adalatçynyň we onuň Diwanynyň wekilleriniň gatnaşanlygyny hem bellemelidiris. Ýagny, 2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynda “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Merkezi Aziýada we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmakda orny” atly ylmy-amaly maslahatda “Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň adam hukuklarynyň berjaý edilmegindäki orny” atly mowzuk bilen Adalatçynyň Diwanynyň wekili çykyş etdi. Şeýle hem, Adalatçynyň Diwanynyň işgäri tarapyndan «Ahal durmuşy» gazetiniň 25-nji dekabryndaky sanynda “Bitaraplyk - abadançylygyň binýady” atly makalasy çap edildi. Bu makalada ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasy we “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” konstitusion kanun bilen berkidilip, onuň kadalarynyň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda öz beýanyny tapýandygy barada beýan edilýär.

 

2025-nji ýylda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň giňden dabaralanýan ýylynda ýurdymyzyň “Açyk gapylar” syýasatynyň esasynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji maslahatynyň ýurdumyzda geçirilmegi barada Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri tarapyndan “Adalat” gazetiniň 15-nji awgustyndaky sanynda “Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine” atly we 8-nji sentýabrynda “Нейтральный Туркменистан” gazetinde “Право на развитие” atly makalalary hem çap edildi.

Mundan başga hem, Garaşsyz we Bitarap ýurdumyzda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdiren atçylyk sungaty ösdürilip, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýän baýramy mynasybetli “Adalat” gazetiniň 2025-nji ýylyň 25-nji aprelindäki sanynda “Çyn bedewler meýdanynda bellidir” atly makala bilen çykyş edilip, ýurdumyzda atçylyk sungatyna berilýän üns we Ahalteke bedewlerimiziň şöhratyny artdyrmak barada durmuşa geçirilýän işler we onuň hukuk esaslarynyň üstünde durlup geçildi. Geçen 2025-nji ýylda Adalatçy we Diwanyň wekilleri tarapyndan dürli ugurlar boýunça adam hukuklarynyň kanuny esaslaryny wagyz edýän  jemi 18-sany makala neşir edilip, olaryň arasynda Diwanyň wekilleri  “Adalat” gazeti tarapyndan yglan edilen “Jan Watanym-Türkmenistan” atly bäsleşiginiň we “Нейтральный Туркменистан” gazetiniň yglan eden “Мир и доверие - гарантия стабильности” atly bäsleşiginiň ýeňijileri boldylar.  

           

Maglumat ýylyň dowamynda Adalatçynyň ýurdumyzda geçirilen jemgyýetçilik medeni çärelerine gatnaşmagy we raýatlarymyzyň hukuk habarlylygyny, ýurdymyzda adam hukuklaryny goramak boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeler hakynda habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmek boýunça alyp baran işleriniň netijesinde, şeýle-de Adalatça gelip gowuşýan şikaýatlara seljerme geçirmegiň netijesinde şikaýatlarda görkezilýän kanunyň talaplarynyň bozulmagynyň belli bir bölegine wezipeli adamlaryň öz  borçlaryndan, jogapkärçiliklerinden, raýatlaryň bolsa öz kanuny hukuklaryndan habarlylyklarynyň pesliginiň sebäp bolýandygyny göz öňünde tutup adam hukuklary babatda ilatyň, şol sanda jogapkär wezipeli adamlaryň hukuk habarlylygyny, sowatlylygyny we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirmegiň zerurlygy barada netijä gelmek bilen, öňki ýyllardaky ýaly aşakdakylary teklip edýäris:

-    Ilatyň adam hukuklary barada habarlylygyny ýokarlandyrmak we hukuk medeniýetini ösdürmek maksady bilen orta we ýokary okuw maksatnamalaryna, adam hukuklary barada dersleri, ýörite sagatlary ornaşdyrmak işini alyp barmagy;

-    Ýurdumyz boýunça adam hukuklary babatda ilatyň, şol sanda wezipeli adamlaryň, döwlet gullukçylarynyň hukuk habarlylygyny we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak işleri güýçlendirmek, yzygiderli, utgaşykly we ulgamlaýyn alyp barmak maksady bilen, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli wekilçilikli edaralar – halk maslahatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan anyk çäreleri göz öňünde tutýan bitewi bir döwlet maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanmagyny we degişli tertipde tassyklamaga hödürlenmegini.

VII bap. Halkara hyzmatdaşlygy

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň bitaraplyk syýasaty barha ösdürilip, çuňlaşdyrylyp, Türkmenistanyň ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasy ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi dowam etdirildi. 

Türkmenistan daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, hyzmatdaşlygyň diplomatik usullary arkaly halkara we sebit durnuklylygynyň, howpsuzlygynyň üpjün edilmegine netijeli, döredijilikli goşandyny goşýar. Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny amala aşyrmak boýunça oňyn tejribesiniň netijesinde ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan üçünji gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň özara hormat goýmagy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy goldamagyň netijeli guraly hökmünde uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistan BMG-niň adam hukuklary çygrynda esasgoýujy konwensiýalaryna gatnaşyjy ýurt hökmünde özüniň halkara borçnamalaryna ygrarlylygyny görkezmek bilen, adamyň we raýatyň hukuklary babatda dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryny ýerine ýetirýär we olara hormat goýýar. Halkara borçnamalaryna laýyklykda biziň ýurdumyzda adamyň raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklary barada kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň binýady döredilip, şol bir wagtyň özünde olary amala aşyrmagyň möhüm ugurlary kesgitlenýär we şertler döredilýär.

Adam hukuklary çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek Adalatçynyň işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Adalatçy ikitaraplaýyn, sebitleýin we ählumumy derejelerde halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşmak bilen, bu hyzmatdaşlyk döwletimiziň ynsanperwerlik, halkara şertnamalaryny tassyklamak, diplomatik gatnaşyklar we BMG-niň mehanizmi arkaly adamyň we raýatyň uniwersal hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen daşary syýasatyna esaslanýar. 

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda Adalatçynyň adam hukuklary babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, halkara standartlaryny öwrenmäge we ornaşdyrmaga, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmäge hem-de halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edýändiginiň bellenilmegi Adalatçynyň halkara hyzmatdaşlygyndaky ornuny şertlendirýär.

Şeýlelikde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1993-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky 48/134 belgili Kararnamasy bilen tassyklanan “Adam hukuklaryny höweslendirmek we goramak bilen meşgullanýan milli edaralaryň hukuk ýagdaýyna degişli ýörelgelere” (Pariž ýörelgelerine) laýyklykda adam hukuklary boýunça milli edara bolan Adalatçy, bu ýörelgelere laýyklykda halkara guramalary we beýleki ýurtlaryň milli adam hukuklary institutlary bilen gatnaşyklary saklaýar. 

Adalatçynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygy daşary ýurt döwletleriniň iň gowy tejribelerini ýüze çykarmaga, hyzmatdaşlar bilen özara maglumatlary we tejribeleri alyşmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi Adalatça we onuň Diwanyna öz tejribesini kärdeşleriniň tejribesi bilen deňeşdirmäge mümkinçilik döredýär we täzeçillikleri ornaşdyrmak bilen adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda işini kämilleşdirmäge ýardam edýär. 

Maglumat ýylynda adam hukuklary babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we utgaşdyrmak işi Adalatçynyň 2024-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndaky buýrugy bilen tassyklanan “Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň 2024-2028-njy ýyllar üçin Strategik meýilnamasyna” laýyklykda amala aşyrylmagy dowam etdirildi. 

2025-nji ýylda Adalatçynyň Diwanynyň Strategik meýilnamasyna we 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda adam hukuklary çygrynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we utgaşdyrmak babatda BMG-niň düzüm birlikleri, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp baryldy. Hususan-da, hukuk goraýjy diplomatiýasyny ösdürmek we berkitmek boýunça özüniň tejribeleýin işiniň barşynda Adalatçynyň Diwany tarapyndan hyzmatdaşlyk etmek hakynda iş meýilnamalary, bilelikdäki taslamalar görnüşinde özara gatnaşyklary resmileşdirmegiň mehanizmi ulanylyp, olar Adalatçynyň we onuň Diwanynyň mümkinçilikleriniň giňemegine esas boldy.  

Bu ugurda 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurt boýunça Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň iş meýilnamasynyň Maglumat ýylynyň mart aýynda gol çekilendigini bellemek gerek. Bu iş meýilnamasynda Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny mundan beýläk-de ilerletmek üçin bilelikdäki çäreler göz öňünde tutuldy.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky edarasy çaganyň hukuklarynyň goralmagynda, olary goramak boýunça milli mehanizmleriň berkidilmeginde we halkara standartlarynyň durmuşa geçirilmeginde Adalatçynyň Diwanynyň esasy hyzmatdaşy bolup durýar. Hyzmatdaşlygyň çäginde, çagalar we çagalaryň hukuklary bilen meşgullanýan döwlet edaralarynyň wekilleri, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýagny ýerli derejede çagalary goramakda ygtyýarly edaralar we adyl kazyýetliligiň amala aşyrylmagyna gatnaşýan edaralar bilen ÝUNISEF-iň meýilnamasyna laýyklykda strategiki meýilnamalaşdyrmak we baha bermek hem-de beýleki dürli çäreler geçirildi. 

Maglumat ýylynda Adalatçynyň halkara zähmet standartlary boýunça tejribeleri alyşmagy, zähmet kanunçylygynyň kämilleşdirilmegini, ilatyň zähmet hukuklary babatda habarlylygynyň ýokarlandyrylmagyny, şeýle hem raýatlaryň zähmet hukuklaryny goramak we zähmet şertlerini gowulandyrmak boýunça bilelikdäki işini öz içine alýan Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň alnyp baryldy.

Geçen ýylyň fewral aýynda Adalatçynyň Halkara Zähmet Guramasynyň wekili Miranda Faýerman bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda halkara zähmet standartlary we Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, zähmet hukugy meseleleri boýunça arza-şikaýatlara seredilende Adalatçynyň Diwanynyň orny we alyp barýan işleri barada pikir alşyldy. Şeýle hem, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça meseleler, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki döwür üçin ugurlary we olaryň ösüş ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Ondan başga-da Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri hem fewral aýynda bu guramanyň wekilleri bilen geçirilen çärelere gatnaşdylar. Ýagny Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri Miranda Faýermanyň we Dipa Rişikeşiň gatnaşmagynda Mejbury zähmet hakynda Konwensiýanyň Teswirnamasy boýunça geçirilen maslahata hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikdäki ýokarda görkezilen Ýol kartasynyň çäklerinde 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleri we 2025-nji ýylda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Halkara Zähmet guramasynyň wekilleri bilen bilelikdäki iş maslahatyna gatnaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy hem Adalatçynyň Diwanynyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar. Maglumat ýylynyň aprel aýynda Adalatçynyň Diwanynyň bu edara bilen bilelikde durmuşa geçiren “Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam etmek” taslama resminamasynyň ýerine ýetirilişi boýunça Taslama geňeşiniň jemleýji maslahaty geçirildi. Agzalan taslamanyň çäginde Adalatçynyň Diwanynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak bilen baglanşykly çäreler alnyp baryldy. Bu duşuşyga Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Narine Saakýan gatnaşdylar. Duşuşykda 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan 2025-nji ýylyň 30-njy apreli aralygynda bilelikde alnyp barlan işleriň we ýokarda agzalan taslamanyň jemleri jemlendi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Adalatçynyň Diwanynyň Milli adam hukuklary edaralaryň Ählumumy bileleşigi, Aziýa Ýuwaş Ummany forumy bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Pariž ýörelgelerine laýyklykda Adalatçynyň institusional mümkinçiliklerini pugtalandyrmakda taslamanyň çäginde gazanylan netijelere baha berdiler we hyzmatdaşlygy dowam etdirmek ýaly ugurlara seredildi.

Ýeri gelende aýtsak Adalatçy ýurdymyzda ynsanperwer ugurda döredilen toparlarynyň agzasy bolmak bilen, ol toparlaryň işine, geçirýän maslahatlaryna hem gatnaşyp, seredilýän meseleler boýunça garaşsyz pikirini beýan edip gelýär. 

Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Adalatçysy 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi boýunça Ýolbaşçy toparynyň mejlislerine we “Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy” Strategiki maslahat beriş toparynyň Geňeşiniň mejlislerine hem  gatnaşdy. 

Şonuň ýaly-da, Adalatçynyň geçen ýylyň dowamynda geçirilen, adam hukuklary çygrynda birnäçe meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylan, Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň mejlislerine gatnaşanlygyny hem bellemek möhümdir. Pudagara toparynyň fewral aýynda geçirilen mejlisinde Adalatçy çykyş edip, ýurdumyzda adam hukuklaryny goramak mehanizmini pugtalandyrmak we halkara derejesinde ykrar edilmek babatynda edilýän işler barada beýan etmek bilen, Adalatçynyň Diwanynyň bu işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen ähli gyzyklanýan taraplar bilen konstruktiw gepleşiklere we hyzmatdaşlyga hemişe taýýardygyny belläp geçdi. 

Maglumat ýylynda, Türkmenistanyň Adalatçysynyň Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropa bileleşigine girýän döwletleriň, daşary ýurtlaryň degişli edaralarynyň ýolbaşçy düzümleri we wekilleri bilen geçiren duşuşyklary adam hukuklary babatynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. 

Şeýle ähmiýetli duşyşyklaryň hatarynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (AHÝKM) Adam hukuklary boýunça geňeşiniň we şertnamalaýyn edaralaryň işini üpjün etmek boýunça departamentiň ýolbaşçysy jenap Mahamane Sisse-Guronyň ýolbasçylygyndaky wekiliýet,  Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Päkistan boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Oliwer Ştolpe, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň  Baş sekretarynyň gender meseleleri boýunça uly geňeşçisi Lara Skarpitta, ÝHHG-niň  Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça ýörite wekili hanym Kari Jonston, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi hanym Beata Peksa, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklary gullugynyň Ýewropa we Merkezi       Aziýa       departamentiniň dolandyryjy direktorynyň orunbasary hanym Audrone Perkauskieneniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory hanym Rejina De Dominiçis, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen bolan duşuşyklaryny belläp geçmek bolar.     

Ynsanperwerlik ýörelgelerden ugur alyp, adam hukuklarynyň ýokary gymmatlygyna, her bir adamyň we raýatyň aýrybaşgalanmaz hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillendirilmegine esaslanyp, adam hukuklaryny goramagyň mehanizmlerini kämilleşdirmek we jemgyýetiň demokratik esaslaryny berkitmek maksady bilen Türkmenistanyň Adalatçysy daşary ýurtly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň gurallaryny hem işjeň ulanýar. Şunuň esasynda özara tejribe alyşmalar, maslahatlaşmalar, dürli tematiki çäreler geçirilýär. 

Maglumat ýylynyň 5-9-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň ýolbaşçylygynda Adalatçynyň Diwanynyň wekiliýeti Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Adalatçynyň Diwany bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasyndaky ýyllyk iş meýilnamasynyň çäklerinde guraldy. Şeýlelikde saparyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Baş Ombudsmeniniň Institutynda, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Adam hukuklary komitetinde, Milli adam hukuklary we deňlik institutynda, Maşgala we durmuş üpjünçiligi ministrliginde hem-de Adalat ministrliginde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Wekiliýetiň Türkiýe Respublikasynyň Baş Ombudsmeni jenap Mehmet Akarja, Çagalaryň hukuklary boýunça Ombudsmen hanym Fatma Benli Ýaljyn, Baş Sekretar jenap Mehmet Dogan hem-de Institutyň bölümleriniň müdirleri we hünärmenleri bilen bu edaranyň baş binasynda ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda taraplar çagalaryň bilim almaga, saglygyny goramaga, durmuş üpjünçiligine bolan we beýleki hukuklaryny öňe sürmekde iki döwletiň alyp barýan oňyn syýasaty barada nygtap geçdiler. Şeýle-de çagalaryň iň gowy bähbitlerini göz öňünde tutýan tejribeleri ornaşdyrmak, çagalaryň hukuklary barada habarlylygy ýokarlandyrmak bilen birlikde dürli ugurlarda alnyp barylýan işlerde Ombudsmenleriň institutlarynyň orny babatda tejribe alyşyldy.

Şonuň ýaly-da, saparyň barşynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Adam hukuklary boýunça komitetiniň başlygy hanym Derýa Ýanyk, soňra bolsa Çagalaryň hukuklary boýunça kiçi komitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirilip, olaryň barşynda iki ýurtda adam hukuklary babatda alnyp barylýan işler barada maglumatlar, tejribeler paýlaşyldy hem-de ýurduň parlamenti bilen adam hukuklary institutlaryň arasynda kanun esasynda ýola goýlan aragatnaşyk barada tejribe alşyldy. 

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Adalatçysy daşary ýurtly kärdeşleri bilen adam hukuklarynyň halkara standartlarynyň ornaşdyrylmagyna, tejribeleriň alşylmagyna, institusional mümkinçilikleriň berkidilmegine gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Şeýle köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy görnüşleriniň biri sebitleýin hyzmatdaşlyk bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda geçen ýylyň 11-12-nji sentýabrynda Adalatçy we onyň Diwanynyň Aýallaryň we çagalaryň hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölüminiň wekili Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýada çagalaryň hukuklaryny goramagyň mehanizmlerini pugtalandyrmagyň derwaýys meseleleri: Çaganyň hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň sebitleýin hyzmatdaşlygy” atly halkara foruma gatnaşdylar. Çagalaryň hukuklaryna bagyşlanan bu maslahat Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirildi. Forumyň esasy maksady Merkezi Aziýa döwletleriň Çaganyň hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriniň arasynda çagalary goramak babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara tejribe alyşmak we sebitleýin platforma döretmekden ybarat boldy. Forumda Adalatçy çykyş edip, çagalaryň iň gowy bähbitleri, olaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi bilen bagly ýurdumyzda alnyp barylýan netijeli işler, durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalary, şeýle hem çagalaryň hukuklaryny goramakda Adam hukuklary boýunça ygtyýarlynyň orny we alyp barýan işleri barada beýan etdi. 

Forumyň ahyrynda Ygtyýarly wekiller Merkezi Aziýa ýurtlarynda çaganyň hukuklaryny goramakda sebitleýin hyzmatdaşlyk babatda deklarasiýa gol çekdiler.

Şonuň ýaly-da, maslahatyň çäklerinde foruma gatnaşan ygtyýarly wekilleriň, şol sanda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň başlygy Tanzila Kamalowna Narbaýewa hem-de Adam hukuklary boýunça Milli merkeziniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň, şol sanda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň arasyndaky adam hukuklary çygrynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy adam hukuklaryny üpjün etmegiň möhüm wezipeleri boýunça netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilýär. Geçen ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçy Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilen “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisine gatnaşan wekilýetiň düzüminde gatnaşdy. Onuň esasy maksady hukugyň hökmürowanlygyny berkitmegi, adam hukuklary çygrynda hereketleriň milli meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegini, gender deňligini üpjün etmegi we bu ugurda Türkmenistanyň halkara düzümler, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy öz içine alýan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Mejlisiň dowamynda Adalatçy çykyş edip, dialogyň soňky geçen 16-njy mejlisinden bäri Adalatçynyň Diwany tarapyndan ýetilen sepgitler barada beýan etdi. Hususan-da, Adalatçynyň Diwanynyň gurluşynyň giňeldilmegi, şeýle hem Adalatçynyň Diwanynyň geçen ýylda Milli adam hukuklary edaralaryň Ählumumy bileleşigi tarapyndan “B” hukuk derejesi bilen akkreditirlenmegi, munuň bolsa ýurdymyzyň adam hukuklaryny goraýjy institutynyň  halkara derejede ykrar edilenliginiň subutnamasy bolup durýanlygy barada bellenildi. 

Mundan başga-da, dialogyň çäginde Türkmenistanyň Adalatçysy Ýewropanyň Ombudsmeniniň Kabinetiniň başlygy jenap Lampros Papadiýas bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň esasy maksady bu iki edaranyň arasynda tejribeleri alyşmakdan we hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Mälim bolşy ýaly, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny we halkara hukugyň kadalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde tutanýerli hereket edýändigini, halkara syýasatda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini işjeň öňe sürmäge hem-de berkitmäge taýýardygyny görkezen iri halkara maslahatlaryna baý boldy. Bu babatda 2025-nji ýylda ýurdumyzda geçirilen BMG-niň Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty, onuň çäklerinde geçirilen zenan ýolbaşçylaryň “Ygrarlylykdan özgertmelere: deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerledýän zenanlar” atly duşuşygyny, “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahaty, “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahaty, Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça Ministrler derejesinde birinji forumy sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini çözmek babatda ara alyp maslahatlaşmalary geçirmek üçin iri möçberli çäreleri guramakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrdy. 

2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň başlangyjynyň esasynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forumy ählumumy hyzmatdaşlygyň möhüm wakasyna öwrülip, täze taryhy döwürde halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitlemekde uly ähmiýete eýe boldy. Elbetde bu halkara ähmiýetli maslahatlara Türkmenistanyň Adalatçysy hem gatnaşdy.

Bular bilen bir hatarda maglumat ýylynda Adalatçy we onuň Diwanynyň wekilleri halkara maslahatlaryna gatnaşyp, olaryň çäklerinde daşary ýurtly kärdeşler bilen tejribe alyşmaga we hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga hem mümkinçilikler döredildi.

Maglumat ýylynyň fewral aýynda Adalatçynyň baştutanlygynda onuň Diwanynyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekiliniň (Ombudsmanyň) institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp “Arassa we durnukly daşky gurşaw – adam hukuklarynyň berjaý edilmeginiň kepilidir” atly halkara maslahatyna gatnaşdy. Bu halkara forumda Türkmenistanyň Adalatçysy umumy ykrar edilen we milli kanunçylykda berkidilen adamyň amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata bolan we daşky gurşawyň goralmagy çygrynda beýleki hukuklarynyň berjaý edilmegi, bu ugurda Adalatçynyň Türkmenistanyň Parlamenti we raýat jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygy, şeýle hem Türkmenistanda alnyp barylýan işler barada çykyş etdi. Maslahatyň çäklerinde Özbegistanyň Prezidentiniň Samarkand welaýaty boýunça Halk kabul edişliginiň edarasyna, Özbegistan Respublikasynyň Bizness-Ombudsmanynyň sebitleýin edarasyna hem-de Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekiliniň Samarkand şäherindäki sebitleýin edarasyna baryldy we şol döwlet edaralarynyň işiniň aýratynlyklary bilen tanyşmak mümkinçiligi döredildi.

Özbegistan Respublikasyna sapar “Arassa we durnukly daşky gurşaw – adam hukuklarynyň berjaý edilmeginiň kepilidir” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylaryň Samarkand şäherindäki adam hukuklaryny goramagyň pikirleri bilen ekologiýa durnuklylygynyň sazlaşyklylygynyň nyşany hökmünde döredilen “Ombudsmanyň seýilgähinde” bag ekmek çäresine gatnaşmagy bilen tamamlandy.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” 3-8-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň wekiliýeti Adalatçynyň baştutanlygynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde Milli adam hukuklary komissiýasynyň guramagynda “Adam hukuklary ulgamyny dolandyrmagyň mümkinçiliklerini ösdürmek maksatnamasy” atly maslahata gatnaşdy. Bu maslahatyň dowamynda kiber howpsuzlyk bilen adam hukuklarynyň baglylygy, daşky gurşaw we adam hukuklary, durnukly ösüşiň orny, adam hukuklary ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň wajyplygy, ýüztutmalar we aýry-aýry ulgamlar boýunça barlaglary alyp barmak ýaly birnäçe möhüm meseleler babatda çykyşlar edilip tejribeler alşyldy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň wekili tarapyndan ýörite çykyş edilip, Türkmenistanda adam hukuklary ulgamynda alnyp barylýan işler, kanunçylygyň kämilleşdirilmegi we halkara hyzmatdaşlyk barada aýdylyp, Adalatçynyň Diwanynyň alyp barýan işleri, ýeten sepgitleri we öňünde goýlan maksatlary beýan edildi. 

Şeýle hem, geçen ýylyň dowamynda halkara guramalarynyň maslahatlaryna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmak hem gurnaldy. 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Adalatçy GDA-nyň Adam hukuklary boýunça toparynyň 4-nji mejlisine synçy hökmünde wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda wekiller toparyň iş kadalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, GDA-nyň agza ýurtlarynda ýaşlaryň hukuklarynyň berjaý edilşi barada maglumat taýýarlamak, toparyň nyşanyny tassyklamak, indiki 5-nji mejlisi guramaçylykly geçirmek ýaly başga-da birnäçe meseleler boýunça çykyşlar edilip, özara pikir alyşmalar boldy.

Ýokarda agzalyp geçilen maslahatlardan başga-da, ýylyň dowamynda öňdebaryjy sebitleýin gurama bolan Milli adam hukuklary edaralaryň Aziýa-Ýuwaş Umman forumy bilen hyzmatdaşlyklar dowam etdirildi. Maglumat ýylynyň maý aýynda Adalatçy Aziýa we Ýuwaş umman Forumynyň Baş maslahatçysy Pip Dargan bilen wideo-aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi. Şeýle-de, bu duşuşyga BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň esasy maksady 2022-nji ýylda Adalatçynyň Diwanynyň işine Aziýa we Ýuwaş umman Forumynyň gurnamagynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň wekilleriniň we garaşsyz bilermeniň gatnaşmagynda geçirilen baha berişiň netijesinde berlen teklipleriň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Maglumat ýylynda Adalatçynyň ýolaşçylygyndaky wekiliýet 12-13-nji noýabrynda Fiji Respublikasynyň Nadi şäherinde geçirilen milli adam hukuklary edaralarynyň Aziýa-Ýuwaş umman Forumynyň (AÝF) 30-njy ýubileý Mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň esasy maksady bu sebitde ýerleşýän milli adam hukuklary edaralaryň arasynda tejribeleri paýlaşmakdan we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat boldy. Maslahatda Türkmenistanyň Adalatçysy gün tertibinde göz öňünde tutulan gender deňligi mowzygy boýunça çykyş edip, bu ugurda ýurdymyzda hereket edýän kanunçylyk, halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilişi barada giňişleýin beýan etdi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Adalatçysy mejlisiň dowamynda Adalatçynyň Diwanynyň düzümi, ýerine ýetirýän işleri, şol sanda gender deňligi ugry boýunça degişli bölüm tarapyndan alnyp barylýan işler bilen gatnaşyjylary tanyşdyrdy.

Adalatçynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2025-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Finlýandiýa Respublikasynyň Helsinki şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Adalatçylarynyň edaralarynyň “A” hukuk derejesine geçmek: Pariž ýörelgeleriniň durmuşa geçirilişini pugtalandyrmak” atly ikinji maslahatyna gatnaşdy. Bu maslahat Helsinki Uniwersitetiniň ýanyndaky Hukugyň hökmürowanlygy Merkezi hem-de Hünär kämilleşdiriş Merkezi tarapyndan Finlýandiýanyň ÝHHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde indi ikinji gezek Orta Aziýa ýurtlaryň Adalatçylary üçin gurnaldy. Onuň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adam hukuklary edaralarynyň Pariž ýörelgelerini durmuşa geçirmek we “A” hukuk derejesini almak ýaly ugurlar boýunça tejribe alyşmaklaryndan ybarat boldy.

Maglumat ýylynyň dowamynda, halkara guramalarynyň we dünýä döwletleriniň adam hukuklaryny goramak babatda işleri alyp barýan wekilleri, halkara bilermenler bilen geçirilen maslahatlara Adalatçynyň we onuň Diwanynyň işgärleriniň işjeň gatnaşmaklary, adam hukuklaryny goramakda we tejribe alyşmakda netijeli boldy.

2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň bilermeni Oleksandr Kirilenkonyň gatnaşmagynda adam söwdasyna garşy göreşmek, bu ugurda hukuk binýadyny berkitmek boýunça okuw maslahaty geçirilip, oňa Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň esasy maksady adam söwdasynyň pidalaryny gender we ýaş aýratynlyklaryna görä anyklamak, olaryň hukuklaryny goramak hem-de seljeriş işleri geçirilende olaryň bähbitlerini ilerletmek, bu ugurda hukuk binýadyny berkitmek boýunça halkara tejribesi bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. 

Maglumat ýylynyň mart aýynda “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň” çäklerinde döredilen Milli dolandyryş we utgaşdyryş toparynyň wekiller derejesindäki iş duşuşygyna Adalatçynyň Diwanynyň wekili gatnaşdy. Onuň esasy maksady ýokarda agzalan maksatnamanyň ýerine ýetirilişini hem-de bu resminamanyň 2026-2030-njy ýyllar üçin düzülen taslamasy bilen bagly degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

2025-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) halkara bilermeni hanym Katerina Stolýarowa bilen Diwanyň wekilleriniň gatnaşmagynda garaşsyz bahalandyrmany geçirmek üçin wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy boldy. Duşuşygyň maksady öňdebaryjy gender durmuş kadalaryny öňe sürmek we gender zorlugynyň öňüni almak boýunça özara tejribe alyşmak babatyndaky Sebitleýin maksatnamanyň durmuşa geçirilişine baha bermekden ybarat boldy. Şeýle-de, onuň dowamynda taraplar zenanlaryň hukuklaryny milli kanunçylykda pugtalandyrmak hem-de bu ugurda BMG-niň Ilat Gaznasynyň bilermenleriniň guraýan treningleriniň netijeleri we ähmiýeti barada özara pikir alyşmalary geçirdiler.

Maglumat ýylynyň 27-30-njy oktýabry aralygynda BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda Türkiýe Respublikasynyň Adalatçysynyň Institutynyň bilermenleri hanym Aýşe Deňiz Aýgüniň we hanym Dilek Demir Aslanyň gatnaşmagynda Adalatçynyň Diwanynyň işgärleri üçin okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynyň dowamynda çaganyň bähbitlerini göz öňünde tutup, iş ýöretmegiň esasy ýörelgeleri we standartlary, çaga hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly işleri derňemek we maglumatlary hem-de resminamalary toplamak ýaly meseleler boýunça bilermenler öz tejribelerini paýlaşdylar, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Adalatçysynyň Institutynyň çaga hukuklary bilen bagly işler boýunça çözgüt kabul etmekde we hasabat taýýarlamakda, hem-de Türkiýäniň ilatynyň çaga hukuklary we Adalatçynyň işi barada habarlylygyny ýokarlandyrmakda alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyrdylar. 

Şeýle-de, Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri ýylyň dowamynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky wekilhanasy tarapyndan gurnalan Adalatçynyň işiniň we adam hukuklarynyň dürli jähtleri boýunça halkara bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilen okuw maslahatlarynyň toplumyna gatnaşdylar. 2025-nji ýylyň 28-nji iýulynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan Işewürleriň hukuklaryny öňe sürmäge we goramaga gönükdirilen işleri sanlaşdyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi. Geçirilen çäräniň esasy maksady biznes Ombudsmenleriň işini sanlaşdyrmakda ösüşler we işewürleriň hukuklaryny öňe sürmekde we goramakda öňdebaryjy halkara tejribe bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Şeýle hem, ol Adalatçynyň halkara tejribesini we ösüş maksatlaryny, şol sanda kiçi we orta kärhanalara goldaw bermekdäki ornuny öwrenmeklige gönükdirildi.

Mundan başga-da, ÝHHG-niň Baş sekretarynyň gender meseleleri boýunça uly geňeşçisi Lara Skarpittanyň, bu guramanyň başlygynyň Ýörite wekili Teri Hakalanyň (wideo-aragatnaşyk arkaly) we guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Ilçi Jon MakGregoryň hem-de halkara bilermenleriň gatnaşmagynda 27-28-nji maýda Dawalaryň öňüni almak hem-de BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly 1325 belgili Kararnamasyny ýerine ýetirmek meseleleri boýunça sebitleýin maslahatyna Adalatçynyň Diwanynyň wekili gatnaşdy. Çäräniň esasy maksady ýokarda agzalan Kararnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Maglumat ýylynda Adalatçynyň Diwanynyň wekilleriniň adam hukuklary babatda halkara standartlarynyň gatnaşyjy döwletlerde birmeňzeş ulanylmagy boýunça maglumatlary we tejribeleri alyşmak maksady bilen daşary ýurtlara tanyşdyryş saparlary hem amala aşyryldy.

2025-nji ýylyň 21-23-nji ýanwary aralygynda Adalatçynyň Diwanynyň wekili Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň “Türkmenistanyň penitensiar ulgamyny halkara standartlaryna laýyk getirmek” atly taslamasynyň çäklerinde Niderlandlar Patyşalygynyň Gaaga şäherinde geçirilen tanyşlyk saparyna gatnaşdy. Bu tanyşlyk saparyň esasy maksady agzalan taslamanyň çäginde milli hünärmenleri halkara tejribesi bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Duşuşyklaryň dowamynda halkara resminamalaryň we milli kanunçylygyň üstünde durlup geçildi we düzediş edaralarynda jeza çärelerini çekýän adamlaryň hukuklarynyň berjaý edilişi, düzediş edaralarynyň içinde döredilýän mümkinçilikler, jenaýat jogapkärçiligine çekilen adamlar babatda ulanylýan jeza çäreleriniň görnüşleri barada beýleki döwletleriň tejribeleri esasynda usuly maslahatlary we pikir alyşmalary geçirildi.

Şeýle hem, 2025-nji ýylyň 13-16-njy maýy aralygynda Adalatçynyň Diwanynyň wekili Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA) 2025-nji ýyl üçin meýilnamasynyň çäginde Italiýa Respublikasynyň Rim şäherine tejribe alyşmak üçin iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Italiýa Respublikasynyň Deň mümkinçilikler meselesi boýunça departamentiniň wekilleri, “Zenanlar we halkara howpsuzlyk” guramasynyň, şeýle hem Içeri işler ministrliginiň Jemgyýetçilik howpsuzlygy boýunça departamentiniň wekilleri bilen duşuşdylar. Hususan-da, Lasio welaýatynyň Ombudsmeni doktor Marino Fardinelli bilen duşuşygyň dowamynda ol Italiýa Respublikasynda döwlet we welaýat derejelerinde adam hukuklarynyň goraglylygyny pugtalandyrmak üçin ulanylýan mehanizmler bilen tanyşdyrdy.

Maglumat ýylynyň 5-nji sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde BOMCA Maksatnamasynyň 10-njy tapgyryň tamamlanmagy we 11-nji tapgyryň ugurlary bilen tanyşdyrmak maksady bilen maslahat geçirildi. Geçirilen maslahata Türkmenistanyň wekiliýeti, onuň düzüminde Adalatçynyň Diwanynyň wekili hem gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda BOMCA Maksatnamasynyň ýolbaşçylary we bilermenleri Maksatnamanyň çäginde ýerine ýetirilen işler, ýetilen sepgitler we edilen tehniki goldawlar barada belläp geçdiler.

Maglumat ýylynda Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026-2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny taýýarlamak boýunça, reproduktiw saglygy we reproduktiw hukugy boýunça monitoringi we hasabaty alyp barmak, Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026-2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasyny işläp düzmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, maşgala abadançylygyna gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmekde öňdebaryjy halkara tejribeleri bilen tanyşdyrmak boýunça maslahatlara işjeň gatnaşdylar. 

 

Çaganyň hukuklarynyň goralmagy – döwletimiziň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň howpsuzlygynyň, fiziki, akyl we ruhy ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen ileri tutulýan wezipesi bolup durýar. Munuň özi sagdyn nesili terbiýelemek we ýurduň durnukly geljegi üçin örän möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Adalatçy öz işinde çaganyň bilime, saglyga, mynasyp terbiýe almaga we beýlekilere bolan hukuklarynyň berjaý edilmegine ýardam etmek bilen bir hatarda, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna esaslanýan çaganyň hukuklarynyň halkara goragynyň ulgamy bilen özara gatnaşyga hem uly ähmiýet berýär. Adalatçynyň Diwanynyň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda bu ugurda degişli işleriň alnyp barylmagy bilen bir hatarda çaganyň hukuklaryna bagyşlanan çärelere işjeň gatnaşyldy. Olaryň hatarynda 22-nji ýanwarda Maşgalalara ýardam bermek ugrunda iş alyp barýan gulluklaryň işini kämilleşdirmek babatynda Ýol kartasyny işläp düzmek boýunça iş toparynyň duşuşygyny;  28 ýanwar – 5-nji fewral aralygynda halkara bilermeni Farhod Hamidowyň gatnaşmagynda iş we okuw maslahatlaryny; 3-nji aprelde Psihiki saglygy bilen bagly kemsitmeleri azaltmak boýunça sebitleýin başlangyjyň çäklerinde duşuşygy; 2-nji maýda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan geçirilen Köp görkezijili klasterleýin synyň nobatdaky tapgyrynyň (MICS-7) esasy netijeleriniň tanyşdyryş çäresini, 12-14-nji maý aralygynda çagalara degişli maglumatlary ýaýratmagyň etikasy boýunça halkara bilermenleriň gatnaşmagynda okuw maslahaty; BMG-iň Çagalar Gaznasynyň halkara bilermeni hanym Irina Urumowa Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde 30-njy maýda ýetginjekleriň hukuklaryna bagyşlanyp geçirilen okuw maslahaty, 4-nji iýunda Maşgala binýadynda alternatiw ideg etmegiň görnüşlerini ösdürmek boýunça iş maslahaty, 24-nji iýunda Çagalaryň hukuklary boýunça konwensiýanyň çäklerinde ýurdumyzyň borçnamalaryny ýerine ýetirmegi boýunça iş maslahaty görkezmek bolar. 

Türkmenistanyň Adalatçysynyň we onuň Diwanynyň wekilleriniň adam hukuklaryny goramagyň dürli ugurlary boýunça okuw maslahatlaryna, maslahatlara we tegelek stollara işjeň gatnaşmaklary bu ugurda öz bilim derejelerini, tejribelerini kämilleşdirmäge mümkinçilik döretdi.

Umuman häzirki wagtda Adalatçy dürli uniwersal we sebitleýin meýdançalarda adam hukuklary ulgamynda ýurduň bähbitlerini goramak hem-de halkara guramalarynyň, Ombudsmenleriň birleşikleriniň we daşary ýurtly kärdeşleriniň adam hukuklaryny goramak ugrunda üýtgewsiz hyzmatdaşy bolmagynda galmak bilen ähli halkara proseslerine gatnaşýar. Şeýlelikde, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň milli we halkara hukugynyň kadalaryna hem-de ýörelgelerine esaslanýan köpugurly we toplumlaýyn häsiýetli halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanda adam hukuklaryny goramagyň kepillikleriniň ýokarlanýandygy we şol sanda öňdebaryjy halkara hukuk goraýjylyk tejribesini ulanmagyň netijesinde raýatlaryň hukuklarynyň goralmagynyň kämilleşdirilýändigi barada doly möçberde şaýatlyk edýär. 

Ýokarda görkezilen Adalatçynyň işiniň halkara ugruna laýyklykda adam hukuklarynyň umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň berjaý edilmegine, adam hukuklarynyň goralmagy çygrynda ähli subýektler bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen daşary ýurtly kärdeşleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etmek maksady bilen şu aşakdakylary teklip edýäris:

- adamyň we raýatyň hukuklarynyň goralmagy babatda milli gazanylanlary öňe ilerletmek üçin BMG-niň düzüm birlikleri (BMGÖM, ÝUNISEF, AHÝKM), ÝHHG we beýleki halkara guramalary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegi;

- Türkmenistan tarapyndan ünse alnan BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynyň tekliplerini nazara almak bilen milli kanunçylygyň halkara ülňülerine laýyklygyny üpjün etmek boýunça kanunçykaryjylyk işlerine ýardamyň dowam etdirilmegini.

VIII bap. Adalatcynyň ýüztutmalary we teklipleri

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nјi we 19-nјy maddalarynda göz öňünde tutulan Adalatçynyň ygtyýarlyklarynyň hem-de  esasy wezipeleriniň çäklerinde alyp barýan işi, bolýan ýerine garamazdan, Türkmenistanyň raýatlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň şikaýatlaryna seretmegi bolup durýar. Raýatlaryň Adalatça ýüz tutmagynyň tertibi, şeýle hem Adalatçynyň adamyň we raýatyň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam etmegi boýunça hukuklary we borçlary baradaky kadalar  “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 28-nji we 29-njy maddalarynda anyk görkezilýär.        

Maglumatyň şu babynda Adalatçynyň, “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, öz önümçiligine kabul edilen arza-şikaýatlary barlamakda ýardam edilmegini sorap, ygtyýarly döwlet edaralaryna hem-de wezipeli adamlara iberen ýüztutmalarynyň käbiri we ýüztutmalara seretmegiň netijesinde ýüze çykarylan kanun bozulmalar hem-de gelnen netijeler beýan ediler. Kanunyň 30-nјy maddasy esasynda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň emele gelmegine ýol berilen ýagdaýlaryň, sebäpleriň we kanun bozulmalaryň aradan aýyrylmagynda görülen çäreleriň birnäçesiniň üstünde durulyp geçiler. 

Şu bapda Adalatçynyň önümçiligine kabul edilen we barlag geçirmek zerurlygy bolan arza-şikaýatlar boýunça ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna şeýle hem hukuk goraýjy edaralara ýüz tutulyp, olaryň ýardam bermegi bilen geçirilen işleriň we gelnen netijeleriň birnäçesi beýan edilýär. 

Türkmenistanyň Kostitusiýasynyň 49-njy maddasynda, her bir adamyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine hem-de öz çeken zähmetiniň möçberine we hiline laýyk gelýän hak almaga hukugynyň bardygy kesgitlenen. Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde zähmet gatnaşyklary, zähmet şertleri, taraplaryň hukuklary we borçlary we beýleki kadalar bellenilýär. Kanunçylykda kesgitlenen bu hukuklaryň bozulmagy bilen baglanyşykly, Adalatçynyň Diwanyna gelip gowşan ýüztutmalar boýunça geçirilen barlaglarda kanun bozulmalara ýol berilen ýagdaýlar ýüze çykaryldy. 

Ýagny, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjysy, ýokary bilimli hünärmen hökmünde işe iberilen B.H. iş ýüküniň berlişinden nägile bolup ýazan arzasy Adalatçynyň önümçiligine kabul edilip, degişli döwlet edarasynyň ýardam bermegi bilen geçirilen barlagda, bilim edarasynda okuw sagatlarynyň hünär bilimine (degişli ugurlaryna) görä we deň derejede paýlanyp berilmän, Türkmenistanyň Bilim ministriniň Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ylalaşmak arkaly, 2018-nji ýylyň 12-nji noýabrynda kabul eden 257 belgili buýrugy bilen tassyklanan Bilim edaralarynyň işgärleriniň zähmet hakyny hasaplamagyň tertibi hakynda usuly Görkezmesiniň talaplary berjaý edilmän, zähmet gatnaşyklaryndaky deň hukuklylygyň bozulmagyna ýol berilendigi ýüze çykaryldy. Barlagyň netijesi boýunça B.H. kanunçylyga laýyk tertipde iş ýüki bilen üpjün edilip, kanun bozulmalara ýol beren wezipeli adam düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekildi.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 13-nji maddasynyň birinji böleginiň 5-nji bendinde işgäriň hiç hili hukuk kemsidilmesi bolmazdan, deň gymmaty bolan zähmet üçin deň töleg, öz kärine, hünär derejesine, zähmetiň çylşyrymlylygyna, ýerine ýetirilen işiň mukdaryna we hiline laýyklykda zähmet hakyny doly möçberde almaga hukugy kesgitlenen. Zähmet kodeksinde kesgitlenen bu hukugyň bozulmagy bilen baglanyşykly, Adalatçynyň Diwanyna gelip gowşan ýüztutmalar boýunça geçirilen barlaglarda kanun bozulmalara ýol berilen ýagdaýlar ýüze çykaryldy. 

Ýagny, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy H.A. we beýlekiler iş ýerleriniň üýtgedilmegi bilen, gatnap işleýändikleri üçin goşmaça hakyň tölenilmeýändiginden nägile bolup ýazan arzasy Adalatçynyň önümçiligine kabul edilip, degişli döwlet edarasynyň ýardam bermegi bilen geçirilen barlagda Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 33-nji maddasynyň altynjy bölegine laýyklykda işgärlere şol bir edaranyň düzümindäki iş ýerine göçürme tertibinde geçirilende, zähmet haklarynyň wezipe sanawyna laýyklykda sagatlaýyn tarif esasynda tölenilendigi, emma işiň gatnaw häsiýeti üçin kesgitlenen 20% goşmaça tölegleriň tölenilmändigi ýüze çykaryldy. Netijede bu edaranyň 34 sany işgärine jemi 21.928,33 manat goşmaça hak töledildi. 

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 111-nji maddasyna laýyklykda iş berijiniň özüniň maliýe ýagdaýyna garamazdan zähmete hak tölemegiň bellenilen şertlerine we möhletlerine laýyklykda işgäre ýerine ýetiren işi üçin hak tölemäge borçludygy kanun esasynda kesgitlenen hem bolsa, Adalatçynyň Diwanynyň önümçiligine kabul edilen käbir ýüztutmalarda kanunyň bu talabynyň ýerine ýetirilmeýän   ýagdaýlary ýüze çykaryldy.

Ýagny, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy A.S şol welaýatyň döwlet edarasynda 34 ýyl zähmet çekip, 2025-nji ýylda öz islegi boýunça işden çykanda, soňky ýyllarda zähmet rugsadyna çykman işländigine garamazdan, özi bilen gutarnykly hasaplaşyk geçirilende edilen tölegden nägiledigini beýan edip, bu meselede ýardam berilmegini sorap arza bilen Adalatçynyň Diwanyna ýüz tutdy.

Bu arza Adalatçynyň önümçiligine kabul edilende şol edarada işlän Daşoguz şäherini ýaşaýjysy K.M hem 17 ýyl zähmet çekip, 2025-nji ýylda öz islegi boýunça işden çykanda, özüniň 6 ýyl zähmet rugsadynda bolmandygyna garamazdan, işlän ýyllary üçin geçirilen hasaplaşyk boýunça tölegden nägiledigi we bu meselede ýardam berilmegini sorap arza bilen ýüz tutdy. 

Birmeňzeş meselesi bolan bu arzalar boýunça, Adalatçynyň ýüztutmasy esasynda, Zähmet we ilaty iş bilen üpjünçilik edarasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda resminamalar boýunça barlag işleri geçirilende, raýat A.S. 1996-2000-nji ýyllarda, 2002-2003-nji ýyllarda, 2004-2009-njy ýyllarda, 2011-2012-nji ýyllarda, 2016-2017-nji ýylda, 2019-2020-nji ýylda we 2023-2024-nji ýylda degişli esasy zähmet rugsadynda  bolmadyk ýyllary anyk kesgitlenip, onuň işlän döwrüne degişli bolan ulanylmadyk her ýylky esasy zähmet rugsadynyň öweziniň pul bilen dolunmandygy anyklandy. 

Edil şonuň ýaly hem raýat K.M. 2009-2010-njy ýylda, 2018-2019-njy ýylda, 2022-2023-nji ýylda we 2023-2024-nji ýylda degişli esasy zähmet rugsadyna çykmandygy we onuň işlän döwrüne degişli bolan ulanylmadyk her ýylky esasy zähmet rugsadynyň öweziniň pul bilen dolunmandygy anyklandy. 

Netijede Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 109-njy maddasynyň üçünji böleginde kesgitlenen “işgär işden çykanda ulanylmadyk her ýylky esasy we oňa goşulýan goşmaça rugsatlaryň hemmesiniň öwezi pul bilen dolunýar” diýen kadanyň bozulmagyna ýol berilendigi belli boldy.

Barlagyň netijesinde Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 92-nji maddasynyň üçünji böleginde bellenilen tertibe laýyklykda raýat A.S. ulanmadyk zähmet rugsadynyň 86 güni üçin 23769,46 manadyň goşmaça tölenilmäge degişlidigi, raýat K.M. ulanmadyk zähmet rugsadynyň 67,5 güni üçin 10959,9 manadyň goşmaça tölenilmäge degişlidigi kesgitlenip, kärhana tarapyndan bu raýatlar bilen doly hasaplaşyk geçirildi. Kanun bozulmalara ýol beren wezipeli adam Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň 304-nji maddasyna laýyklykda (zähmet kanunçylygyň bozulmagy sebäpli) administratiw jogapkärçiligine çekildi.

Zähmet hukugy bilen baglanyşykly kanun bozulmalara ýol berilýän ýagdaýlar hususy ulgamda hem ýüze çykýar.

Ýagny, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjysy R.D., 2024-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda “Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýetinde gurluşyk boýunça işçi bolup işlän döwri üçin zähmet hakynyň tölenilmändigi, bu barada iş buýruja birnäçe gezek ýüz tutandygy, emma netije bolmandygyny beýan edip, zähmet hakynyň berilmegine ýardam edilmegini sorap Adalatça ýüz tutdy.

Bu arza Adalatçynyň önümçiligine alnyp, kanuna laýyk tertipde “Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýetine ýüz tutulandan soň, bu edaranyň ýolbaşçysyndan, raýat R.D. bilen duşuşylyp, oňa degişli bolan 2.500 manat zähmet hakynyň tölenendigi we onuň kanagatlandyrylandygy barada ýazmaça habar berildi.

Raýatlardan gelip gowuşýan ýüztutmalaryň aglabasy ýaşaýyş jaý hukugy, hususanda ýaşaýyş jaýlarynyň paýly gurluşygy bilen baglanyşykly hukuk bozulmalar barada bolany üçin olaryň käbirine syn berilse ýerlikli bolar diýip hasap edýäris.

“Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 20-21-nji we 27-nji maddalarynda, paýly gurluşygyň obýektiniň paýly gurluşyk hakynda şertnamada göz öňünde tutulan möhletde tamamlanmagy, paýly gurluşygyň obýekti kemçilikler bilen gurlan bolsa olaryň düzedilmeginde, ýaşaýyş jaýynda oturdylan enjamlaryň abatlygynyň üpjün edilmeginde gurujynyň borçlary kesgitlenen. Muňa garamazdan ýaşaýyş jaýlary gurulyp, ulanyşa tabşyrylanda ýol berilýän kanun bozulmalar raýatlarda nägilelik döremegine getirýär.

Şunuň bilen baglanyşykly şikaýatlaryň käbirini mysal getirsek ýerlikli bolar diýip hasap edýäris.

Ýagny, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň ýaşaýjysy K.M., paýly gurluşyk barada baglaşan şertnamasy esasynda “Mynasyp gerçek” hususy kärhana tarapyndan gurulan 4 sany 4 gatly köp öýli iri panelli ýaşaýyş jaýlardan 3 otagly öýi, doly töleg edip, ýaşaýyş jaýy ulanyşa tabşyrmakda bellenen möhlet geçen soň alyp, göçüp baranlarynda, jaýyň içki gurluşyk-tämizleýiş işleriniň, suwaglarynyň, gaz, tok geçiriji ulgamynyň çekilişiniň ýaramazdygy sebäpli bu kemçilikleri öz hasabyna düzedenliklerini beýan edip, paýly gurluşygy alyp baran gurluşyk edarasyna çäre görülmegini haýyş edip ýüz tutdy. 

Bu arza Adalatçynyň önümçiligine kabul edilip, Adalatçynyň ýüztutmasy esasynda degişli edaralaryň  ýardam bermegi bilen geçirilen barlagda, “Mynasyp gerçek” hususy kärhanasy tarapyndan gurulan jaýlaryň gurluşyk işlerine seljerme geçirilip, gurluşyk-gurnama işleriniň taslama resminamalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmän, gurluşykda birnäçe kemçiliklere ýol berilip, Türkmenistanyň Gurluşyk kadalarynyň talaplarynyň bozulandygy ýüze çykaryldy. Netijede, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy tarapyndan Ýaşaýyş jaýlaryny kabul etmek boýunça Döwlet kabul ediş toparynyň döredilendigi we Döwlet namalaryna üýtgetmeleri girizmek meselesine seretmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine ýüz tutulandygy barada habar berildi. Bu boýunça alnyp barylýan işler Adalatçynyň gözegçiligine alyndy.

Şeýle-de, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy K.A., “Wepaly perzentler” hususy kärhana tarapyndan, ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna gurluşygy alnyp barylmaly 4 gatly 16 öýden ybarat bolan ýaşaýyş jaýyndan öý almak üçin, onuň bahasynyň 30%-ni öňünden töländigine garamazdan, gurluşyk işlerine başlanylmaýandygyndan nägile bolup, Adalatçynyň Diwanyna arza bilen ýüz tutdy. Bu arza Adalatçynyň önümçiligine kabul edilip, geçirilen barlagda, “Wepaly perzentler” hususy kärhanasy tarapyndan jaýyň gurluşyk-gurnama işleriniň bellenen möhletlerde geçirilmän kanun bozulmalara ýol berilýändigi ýüze çykaryldy. Netijede etrap häkiminiň karary bilen, uzak möhletleýin ýeňillikli bank karz serişdeleriniň hasabyna jaýyň gurluşygyny alyp barmakda potratçy çalşylyp, “Guwançly bina” hususy kärhanasyna tabşyrylyp, şertnamalar baglaşylandygy barada habar berildi.

Mundan başga-da, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy Ý.R. “Merdana doganlar” hususy kärhanasy tarapyndan paýly gurluşygyň hasabyna gurulýan 4 gatly  48 öýli ýaşaýyş jaýyndan öý satyn almak barada şertnama baglaşyp, 560 000 manady kärhananyň hasabyna öňünden töländigine garamazdan, 2022-nji ýylyň dekabr aýynda gurluşygy tamamlanmaly jaýyň gurluşygynyň alnyp barylmaýandygy sebäpli öňünden tölän pulynyň gaýtarylyp berilmegini sorap Adalatçynyň Diwanyna arza bilen ýüz tutdy. Bu arza Adalatçynyň önümçiligine kabul edilip, geçirilen barlagda, “Merdana doganlar” hususy kärhanasy tarapyndan Ý.R. bilen baglaşylan şertnamanyň ýatyrylyp, onuň öňünden tölän pulynyň gaýtarylyp berilendigi barada habar berildi. Raýat Ý.R.-nyň töleg eden pulynyň yzyna gaýtarylyp, kanagatlandyrylandygyna garamazdan onuň tölän puluny soramagyna getiren sebäpler, ýagny ýaşaýyş jaýynyň bellenen möhletde gurulyp ulanylmaga berilmezligi baradaky mesele açyklygyna galýar.

Ýerlerde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan raýatlaryň hususy ýaşaýyş jaý hukugy bilen baglanyşykly ýüztutmalaryna hem ýüzleý seredilýän ýagdaýlar bar.

Ýagny, Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy A.A., mellek ýerinde guran we maşgala agzalary bilen ýaşap oturan jaýyny resmileşdirmekde ýerli häkimiýet edaralarynyň hereketlerinden nägile bolup ýazan arzasy Adalatçynyň önümçiligine kabul edilip, ýüztutma Ahal welaýat häkimliginiň ýardam bermeginde barlanyldy. Alnyp barylan işleriň netijesinde etrap häkimligi tarapyndan raýat A.A. mellek ýerinde gurulan ýaşaýyş jaýyna tükelleýiş işi geçirilip, gozgalmaýan emläk hökmünde resmileşdirildi we raýatyň arzasy kanagatlandyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna laýyklykda ençeme işleriň alnyp barylýandygyna garamazdan, raýatlaryň ýüzrutmalarynda ilatly ýerlerde tebigy gaz, elektrik energiýasy bilen üpjünçilikde, köçeleri çekmekde, abatlamakda alnyp barylýan işlerden nägilelik bildirilip ýazylan ýüztutmalar hem gelip gowuşdy. Olaryň käbiriniň üstünde durulyp geçilse ýerlikl bolar.

Ýagny, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň ýaşaýjysy J.B. öz ýaşaýan etrabynda ilatly ýerleriň giňemegi bilen täze emele gelen hojalyklaryň tebigy gaz bilen, elektrik togy bilen üpjün edilişiniň ýaramazdygy, ilatyň özbaşdak, öz hasabyna gaz-tok ulgamyny çekmeli bolýandygy, köçäniň abatlanmaga mätäçdigi barada ýüz tutup, obadaşlarynyň ýerli häkimiýet edaralarynyň hereketlerinden nägiledigini bildiren. Bu arza Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Lebap welaýat häkimligine ýüz tutuldy. Arza boýunça alnyp barylan işleriň netijesi boýunça Lebap welaýat häkiminden gelip gowşan jogap hatynda, arzada agzalan köçäniň durkunyň täzelenmeginiň Döwletiň merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna gurluşygy maliýeleşdirilýän gurluşyklaryň jikme-jik hasabyna girizilmeginiň we gurluşygyň ýerine ýetirilmeginiň maliýeleşdirilýändigi hem-de elektrik geçirijilerini çekmek boýunça geçiriji sütünleriň gurnalyp, degişli işleriň alnyp barylýandygy barada habar berildi.

Ýaşaýyş jaýy bilen baglanyşykly hem-de ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi meselesinde ýerli häkimiýet edaralarynyň işinden nägile bolup, Adalatçynyň Diwanyna ýüztutmalardan ýene biri, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndan B.A. we beýlekiler (jemi 56 adam) tarapyndan gelip gowuşdy. Ol arzada etrapda, 30 ýyllyk ipotekanyň hasabyna gurulyp ulanylmaga berilen ýaşaýyş jaýynda 2021-nji ýyldan bäri ýaşap gelýändiklerine garamazdan agyz suwy, lagym ulgamy, elektrik togy bilen degişli derejede üpjün edilmeýändigi, ýaşaýjylaryň özbaşdak hereketler bilen, düzgüne laýyk gelmeýän derejede elekrtik tokdan peýdalanyp gelýändikleri, etrap häkimligine birnäçe gezek ýüz tutmalarynyň netijesiz galandygy beýan edilip, bu meselede ýardam edilmegi haýyş edilen. Bu arza önümçilige kabul edilip, Adalatçynyň ýyztutmasy esasynda Ahal welaýat häkimligi tarapyndan geçirilen barlagda, arzada görkezilen meseläniň çözülmegi üçin anyk işleriň geçirilýändigi barada habar berildi. Has takygy, bu mesele Ahal welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirligi tarapyndan öwrenilip, agyz suw ulgamynyň gurluşygy 90 göterim ýerine ýetirilip, tamamlamak üçin birikdiriji enjamlar bilen üpjün edilendigi, elektrik geçiriji we gurluşyk enjamlaryň satyn alnyp, elektrik ulgamyny ýola goýmak işleriniň alnyp barylýandygy, içerki ýollaryň taslama-çenlik resminamalarynyň doly taýýarlanandygy mälim edildi.

Adalatçynyň Diwanyna raýatlardan gelip gowyşýan ýüztutmalarda başga-da birnäçe meseleler boýunça kanuna laýyk netije çykarylmagyna ýardam berilmegi soralýar. Döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygyna degişli meseleler boýunça, şol edaralar tarapyndan özi barada gelnen netijeden nägile bolup ýazylan ýüztutmalara, şol edaranyň ýokarda duran merkezi edarasyna ýüz tutmak arkaly seredilýär.

Olardan migrasiýa meselesi bilen baglanyşykly arzalaryň aglabasynda goýulýan meseläniň, Migrasyýa babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan, raýatlaryň daşary ýurda gitmegine rugsat berilmegi bilen baglanyşyklydygy sebäpli, Adalatçynyň ýüztutmasy esasynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna iberilýär. Iberilen üztutmalarda raýatlaryň aýry-aýry zerurlyklar bilen bagly daşary ýurda gitmekde bökdençlik döredilen meseleleri görkezilýär. Raýatlardan gelip gowşan arzalaryň her biri boýunça aýry-aýrylykda Adalatçynyň ýüztutmasyna Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan köplenç halatda birmazmunly, ýagny, kanunçylyga laýyklykda raýatyň Türkmenistanyň çäginden gidip we gelip bilýändigi barada gysgaça habar berilmegi bilen çäklenilýär.  

Raýatlaryň daşary ýurda gitmek üçin hususy pudaga ýüztutmalary boýunça özleriniň  hukuklarynyň bozulmalary bilen baglanyşykly ýüztutmalar hem bar. Mysal üçin, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndan R.O. we ýene üç adam bolup, zähmet işi bilen bagly daşary ýurda gitmek üçin, Türkmenistanda syýahatçylyk işini alyp barýan “Mirasa syýahat” hususy kärhanasyna ýüz tutup, olaryň her biri 70 müň manatdan gowurak töleg edendiklerine garamazdan daşary ýurda gidip bilmändikleri barada ýazyp, töleg edilen pulunyň yzyna alyp berilmegi barada arza bilen ýüz tutdular. Bu arza önümçilige kabul edilip, Adalatçynyň ýüztutmasy esasynda degişli hukuk goraýjy edaranyň ýardam bermegi bilen geçirilen barlagda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berilen ygtyýarnama esasynda hereket edýän “Mirasa syýahat” hususy kärhanasy tarapyndan, Adalatça arza bilen ýüz tutan raýatlary daşary ýurda ibermek üçin resminamalaryň düzedilip, görkezilen pul möçberiniň alnandygy, wiza resmileşdirmekde wagt möhletiniň uzaga çekýändigi sebäpli, olaryň garaşyp bilmän biometrik pasportlaryny we töleg eden pullaryny sorandyklary anyklanan. Barlagyň netijesinde raýatlaryň töleg eden pullary özlerine gaýtarylyp berildi.

Raýatlaryň belli bir işi ýerine ýetirmekde ynandyryp, kezzapçylykly hereketlere baş goşulmagy bilen, aldap pullaruny alyp, yzyna gaýtaryp berilmeýändigi baradaky şikaýatlar bilen hem Adalatçynyň Diwanyna ýüz tutanlar boldy. Şeýle mazmunly arza bilen Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň ýaşaýjysy M.Ş. Adalatçynyň Diwanyna ýüz tutup, özüniň ýarawsyzlygy sebäpli oglunyň harby gullukdan boşadylmagyna ýardam edilmegini sorap haýyş eden adamlarynyň kezzapçylyk hereketler edip, özünden 30.000 manat puly aldap alandygy, ol adama çäre görülmegini we pulunyň gaýtarylyp berilmegini haýyş edip ýüz tutdy. Bu arza önümçilige kabul edilip, Adalatçynyň ýüztutmasy esasynda geçirilen barlagda, arza bilen ýüz tutan raýat M.Ş. tarapyndan, oglunyň harby gullukdan boşadylmagyna ýardam etmek üçin arada duran K.B. üsti bilen, K.Z. atly adama 30.000 manat pul berendigi, onuň boýun alan işini düzetmän gaçyp gezendigi anyklanyp, barlagyň dowamynda görkezilen pul möçberi arza bilen ýüz tutan raýata doly yzyna gaýtarylyp berilen. Bu wakada jenaýatyň alamatlarynyň bardygyny anyklamak üçin goşmaça subutnamalaryň toplanýandygy barada habar berildi.  

Maglumatymyzyň şu ýerinde, hususy ulgamda, telekeçilik işi bilen meşgullanmakda kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly ýüztutmalara ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan ýüzleý seredilip, başdansowma jogap berilmegi bilen bagly, Adalatçynyň Diwanyna arza bilen ýüz tutulan ýagdaýlaryň biriniň üstünde durup geçilse ýerlikli bolar diýip hasap edýäris. 

Ýagny, Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň ýaşaýjysy, telekeçi M.M., etrabyň çäginde ulanylman ýatan, zeý suwyndan şorlaşan ýer bölegini balyk öndürmek üçin, şertnama esasynda ulanmaga berilmeginde ýardam edilmegini sorap, Daşoguz welaýatynyň degişli etrap häkimligine ýazan haýyşnamasynyň esassyz kanagatlandyrylman galdyrylandygyny beýan edip,  Adalatçynyň Diwanyna arza bilen ýüz tutdy. Bu arza Adalatçynyň önümçiligine alnyp, arzada görkezilen mesele içgin öwrenildi we “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasyna laýyklykda, arzada görkezilen delilleriň barlanmagynda ýardam berilmegi üçin Daşoguz welaýat häkimine resmi taýdan ýüz tutuldy.

Adalatçynyň ýüztutmasyna Daşoguz welaýat häkiminiň orunbasary tarapyndan berilen resmi jogap hatynda, raýat M.M., arzasynda gozgaýan meselesi içgin öwrenilmän, bu babatda hereket edýän kanunçylygyň talaplaryna baha berilmän, ýüzleý seredilip, oňa, kabul edilen netije bilen ylalaşmadyk ýagdaýynda “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kazyýete şikaýat etmek hukugynyň düşündirilendigi barada jogap berlendigi görkezilipdir. 

Adalatçynyň Diwanynda, arzada görkezilen mesele we bu babatda Daşoguz welaýat häkiminiň orunbasarynyň netijesi öwrenilip, Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylykda, hususan-da Türkmenistanyň “Ýer hakynda” Bitewi kanunynyň 16-21-nji maddalarynda, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 17-nji iýulynda çykaran 1032-nji karary bilen tassyklanan, Ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň Tertibinde, ýer bölegini peýdalanmaga ýa-da kärendä almaga isleg bildirýän, şol sanda telekeçilik işini amala aşyrmak isleýän raýatlaryň, kanunda göz öňünde tutulan edaralara ýüzlenmesiniň zerurlygyna ünsüni çekmek bilen, raýat M.M. tarapyndan ýüzlenilen arzada görkezilen meselä gaýtadan seredilmegi babatda Daşoguz welaýat häkimine resmi ýüz tutuldy.

Daşoguz welaýat häkimligi tarapyndan raýat M.M. arzasynda gozgaýan meselesi gaýtadan öwrenilip, netijede etrabyň degişli daýhan birleşigi bilen telekeçi M.M arasynda “Balyk önümini ösdürip ýetişdirmek we balyklaryň ot-iýmlik meýdanyny döretmek üçin ýerleri kärendesine bermek barada” 14.08.2025 ý. şertnama baglaşylandygy barada resmi jogap berildi.

Oba hojalyk ekinlerini öndürmekde, döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirmekde we daýhan bilen, oba hojalyk önümini gaýtadan işleýän edaralaryň arasyndaky gatnaşyklarda hereket edýän kanunçylygyň degişli derejede berjaý edilmän raýatlarda nägileligiň döremegine getirilen ýagdaýlar barada ýüztutmalar hem bar. Muňa mysal edip Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndan daýhanlar S.A. we beýlekileriň arzasyny görkezmek bolar. Ýagny, daýhan birleşiginiň kärendeçisi S.A. we beýleki dört sany kärendeçiler, öz kärende ýerlerinde 2023-2025-nji ýyllarda ýetişdirip döwlete tabşyran pagta hasyly üçin kärendeçä gaýtaryp berilmeli mal iýminiň berilmeýändigi we bu meseläniň çözülmeginde ýardam berilmegi barada arza bilen ýüz tutdylar. Bu arza Adalatçynyň önümçiligine kabul edilip, degişli edaranyň ýardam bermegi bilen geçirilen barlagda, arza bilen ýüz tutan kärendeçilere jemi 21.511 kg sarunyň berilmändigi anyklanan. Netijede olara 2023-2024-nji ýyllarda tabşyrylan pagta hasyly üçin berilmeli mal iými doly berilip, 2025-nji ýylda tabşyrylan pagta hasyly üçin berilmäge degişli iýmiň möçberi kesgitlenip, tabşyrylan hasyl gaýtadan işlenenden soň beriljekdigi barada habar berildi. 

Şeýle-de, Adalatçynyň Diwanyna ýüztutmalaryň käbirlerinde döwlet edaralary tarapyndan raýatlaryň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine ýüzleý çemeleşilmegi sebäpli, ýerinde aňsat çözülmeli ýönekeý meseläniň hem Adalatça ýüz tutulmagyna getirýän ýagdaýlar bolýar. Muňa mysal edip aşakdaky ýüztutma görkezilse bolar.

Ýagny, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy T.T., 2025-nji ýylyň fewral aýynda, özüne we maşgala agzalaryna internet ulgamynynyň üsti bilen, Türkmenistanyň çäginde uçuş amala aşyrmak üçin awiýapeteklerini alandyklary, oňa laýyklykda belli bir ugur boýunça uçuş amala aşyryp, yzyna gaýtmak üçin uçuşy amala aşyrman, awiýapeteklerini bellenen möhletde yzyna gaýtarandyklary, uçuş amala aşyrman yzyna tabşyran petekleriniň puluny gaýtaryp bermek barada Türkmenhowaýollary döwlet gullugynyň edaralaryna birnäçe gezek ýüz tutandygyna garamazdan bu meseläniň çözülmeýändigi barada beýan edip, pulunyň gaýtarylyp berilmegine ýardam edilmegini sorap Adalatçynyň Diwanyna ýüz tutdy.

Bu arza Adalatçynyň önümçiligine alnyp, “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, raýat T.T. tarapyndan ulanylman yzyna tabşyrylan awiýapetekleriniň pulunyň gaýtarylyp berilmegi barada “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugyna ýüz tutuldy. Netijede “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy tarapyndan raýat T.T. ulanylman yzyna tabşyran awiýapetekleriniň pulunyň gaýtarylandygy barada ýazmaça habar berildi.

Raýatlardan gelip gowuşýan ýüztutmalaryň arasynda kazyýet kararlaryndan ýa-da kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişinden nägilelik bilen baglanyşykly ýüztutmalar hem boldy. “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 21-nji maddasynyň 4-nji bölegine laýyklykda Adalatça şikaýatyň berilmegi arza berijiniň kazyýete ýüz tutmagyna päsgel bermeýär. Ýüztutmalar öwrenilende olarda gozgalýan meseleleriň degişli welaýat kazyýetleri şeýle hem Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan seredilendigi belli bolýar. Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, degişliligi boýunça iberilen ýa-da “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda maslahat beriş häsiýetindäki berlen teklibi esasynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan geçirilýän işleriniň netijesinde kanagatlandyrylan şikaýatlaryň käbiri aşakdaky mysallarda görkezilýär.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy T.M. etrap kazyýetiniň T.O barada çykaran höküminiň üýtgedilmegini we öz hususy ýaşaýyş jaýynyň iş kesilenler tarapyndan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga gönükdirilmegi barada kazyýet kesgitnamasynyň sökülmegini hem-de bu barada kazyýet ýerine etirijiniň kararynyň ýatyrylmagyny sorap ýazan arzasy Adalatçynyň önümçiligine kabul edilip, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilip, bu barada alnyp barylan işleriň netijesi barada maglumat berilmegi haýyş edildi.

Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça raýat T.M.-yň arzasynda görkezilen mesele Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan seredilip, Aşgabat şäheriniň degişli etrap kazyýetiniň hökümi bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenlerden raýdaşlyk tertibinde, jebir çekeniň haýryna, ýetirilen zyýany alyp bermek, birnäçe emläkleri ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga gönükdirmek bilen, arzada görkezilýän ýaşaýyş jaýyň gozgamasyz edilendigi, Aşgabat şäher kazyýetiniň Raýat işler boýunça kazyýet kollegiýasynda işe nägilelik tertibinde seredilende Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 38-nji maddasyna laýyklykda, işiň ähli ýagdaýlary, şol sanda arzada görkezilen meseläniň öwrenilip, agzalan hususy jaýynyň ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga gönükdirlişiniň kanunylygyna hukuk taýdan baha beriljekdigi barada habar berildi. Kazyýet kararynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly heteketlerden nägilelik baradaky ýüztutmalary hem mysal getirmek bolar. Ýagny, Mary welaýatynyň ýaşaýjysy G.M. şikaýat bilen Adalatçynyň Diwanyna ýüz tutup, ýaşaýyş jaýynyň umumy howluda ýerleşýändigi, ýaşaýjylaryň howludan deň hukukly peýdalanýandygy, muňa garamazdan goňşysy M.B. tarapyndan umumy howludan peýdalanmak düzgünleri bozulup, özbaşdak goşmaça gurluşyklar edilip, beýleki ýaşaýjylara päsgelçilik döredýändigi barada  ýerli häkimiýet edarasyna ýüz tutandygyny, degişli netije çykarylmandan soň hak isleýiş arzasy bilen şäher kazyýetine ýüz tutandygy, kazyýet tarapyndan hak isleg arzasynyň kanagatlandyrylyp, çözgüt çykarylandygyny beýan edipdir. Kazyýetiň çözgüdiniň ýerine ýetirilmegi şäher häkimligine tabşyrylandygyna garamazdan çözgüdiň ýerine ýetirilmeýändigi görkezilip, bu meselede ýardam berilmegini sorapdyr. Bu arza Adalatçynyň önümçiligine kabul edilip, “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 27-nji maddasyna esaslanyp, kazyýet çözgüdiniň ýerine ýetirilmeginde döredilýän bökdençlikleriň aradan aýyrylmagy barada Mary welaýat häkimine ýüz tutuldy. Adalatçynyň ýüz tutmasy boýunça geçirilen işleriň netijesinde, raýat G.M. we beýlekileriň ýaşaýan, umumy ulanylýan howluda bikanun gurulan gurluşyklaryň ýykylyp aýrylyp, kazyýet çözgüdiniň ýerine ýetirilendigi barada Mary welaýat häkimligi tarapyndan habar berildi.

Adalatçynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolan adam hukuklary babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýardam bermek bolup durýandygy hem-de beýleki ýurtlaryň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekillerinden gelip gowuşýan ýüztutmalara Türkmenistanyň çäginde seretmeklik zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda, Adalatçynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäginde degişli işleri geçirýändigini bellemelidiris. Hasabat ýylyň dowamynda şeýle meseleler bilen bagly, daşary ýurtlaryň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekillerinden 1 sany ýüztutma gelip gowuşdy. Bu ýüztutma Russiýa Federasiýasynyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilinden gelip gowuşdy. Ýüztutmada RF-nyň raýatynyň Türkmenistanda ýaşap, zähmet çekendigi, ol barada pensiýa töleginiň dogry hasaplanylmagy üçin zähmet çeken edaralarynda işlän döwri we  alan zähmet haky baradaky maglumatyň iberilmegine ýardam bermek soraldy. Bu ýüztutma boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna  laýyklykda degişli işler geçirilip, kanagatlanarly jogap iberildi.

Şeýlelik-de, Adalatçynyň Diwanyna gelip gowuşýan ýüztutmalara seredilmeginiň netijeleri boýunça kanagatlanarly çözgütlere gelinýänligine garamazdan, ýol berilýän kanun bozulmalar barada wezipeli adamlaryň we ygtyýarly edaralaryň ünsüni çekmek zerur bolup durýar. 

Adalatçynyň Diwanynyň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, Adalatçynyň 2025-nji ýylyň dowamynda ýurdymyzyň welaýatlarynda bolan iş saparynyň çäginde, welaýat häkimliklerinde raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmek boýunça ýörite topar agzalary  bilen bilelikde geçiren kabul edişliginde ýüz tutan raýatlaryň arza-şikaýatlaryny diňläp, olar boýunça ýerli häkimiýet edaralary bilen maslahatlaşyp, ýardam edilmegi barada dil üstünden haýyşlar edildi. 

Adalatçynyň Diwanynda kabul edilen we seredilen her bir dilden we ýazmaça ýüztutmalar “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda seredilip, olar boýunça degişli netijeler çykaryldy. 

IХ bap. Netije  

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil- Adalatçynyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylyň dowamynda amala aşyran işleri hem-de  döwletimizde adam hukuklary babatdaky ýagdaýlar  görkezilen Adalatçynyň şu Maglumaty “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasyna laýyklykda  işlenilip taýýarlandy we onda ýokarda ady agzalan Kanunda bellenen ygtyýarlyklaryň, wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň netijeleri beýan edildi. Bu Maglumatyň aýratynlygy geçen ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň  hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllyk ýubileý toýunyň bellenilmegi bilen, adamyň we raýatyň hukuklaryna we azatlyklaryna has ýokary  üns berilendigi bilen baglylygy bolup durýar. Dykgatyňyza hödürlenen Maglumatda Adalatçynyň Diwanynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasy esasynda alyp baran işleri  beýan edildi we ýurtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilişi babatda netije jemlenildi. 

Maglumatda  beýan edilenleriň esasynda raýatlaryň ýüztutmalary boýunça geçirilen barlaglarda ýüze çykarylan kanun bozulmalar, olar boýunça alnyp barlan işleriň netijesi, raýatlaryň hukuklarynyň  dikeldilmegine degişli mysallar, Adalatçynyň işiniň esasy ugurlary bolan, adam hukuklary babatda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, adam hukuklary boýunça bilimliligiň we habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmek ýaly ugurlar boýunça alnyp barlan işler görkezildi. Maglumatyň her bir bapynda beýan edilenleriň soňynda, degişli ugurlarda işleri kämilleşdirmek, gözegçiligi güýçlendirmek babatda Adalatçynyň teklipleriniň ýerleşdirilenligine ünsiňizi çekýäris. Beýan edilenleriň netijesinde ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek we berjaý edilmegini gazanmak döwletimiziň aýratyn üns merkezinde bolup, bu ugurda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyna garamazdan käbir kanun bozulmalara ýol berilýändigine göz ýetirmek bolýar. Bu kanun bozulmalar raýatlaryň ýüztutmalaryna kanuny tertipde we möhletde  düýp mazmuny boýunça seretmek bilen, şonuň ýaly hem käbir edara- kärhanalarda adam hukuklarynyň berjaý edilşine barlag geçirmek arkaly ýüze çykaryldy. Netijede, bozulan hukuklaryň dikeldilmegi, hukuk bozulmalara ýol beren jogapkär wezipeli adamlary kanuna laýyk tertipde jogapkärçilige çekmek, şeýle-de hukuk bozulmalaryň öňüni almak barada Adalatçynyň 24 sany Teklipleri berildi. Şunda Adalatçynyň öz ygtyýarlyklaryny diňe bir döwlet häkimiýet edaralarynda ýa-da ýerli öz özüňi dolandyryş edaralarynda dälde, eýsem hususy ulgamda hem ýerine ýetirenligini bellemelidiris.  

Maglumatyň jeminde döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň jogapkär wezipeli adamlary, ýerli saýlawly edaralarynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary Türkmenistanyň Adalatçysynyň 2025-nji ýylyň jemine bagyşlanan bu Maglumaty bilen tanyşyp, döwletimizde adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, goramak we berjaý etmek ugrunda edilen işler we bellikler boýunça netije çykararlar we öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde  adam hukuklarynyň berjaý edilişiniň mundan beýläk hem güýçlendirilmegine ýardam ederler diýip umyt edýäris.

Maglumatyň soňunda “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Adalatçynyň öz wezipelerini we ygtyýarlyklaryny doly ýerine ýetirmegi üçin, şeýle-de Adalatçynyň Diwanynyň işiniň kämilleşdirilmeginde berilýän goldawy we döredilýän şertleri üçin Türkmenistanyň Hökümetine köp sag bolsun aýdýarys. Adalatçy we onuň Diwanynyň işgärleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda  kepillendirilen we berkidilen  adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmeginde yhlasyny, bilimini, tejribesini gaýgyrman, işleri  döwrüň talabyna laýyklykda amala aşyrjakdyklaryna ynandyrýarys.

Soňky habarlar
02.06
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
02.06
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
01.06
Türkmenistanda dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet topary döredildi
01.06
Bagtyýar çagalygyň ýurdunda ýaş nesilleriň baýramy
01.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna
01.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
31.05
Paýtagtymyzda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi
30.05
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
top-arrow