12.10 2023

Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan nusgalyk türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran 2222-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

12.10 2023

Siziň türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Berline amala aşyran saparyňyz hem-de 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda geçirilen “Geljegi strategik taýdan bilelikde emele getirmek — Merkezi Aziýa bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek” mowzugy boýunça duşuşyga işjeň gatnaşandygyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

12.10 2023

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

11.10 2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi.

11.10 2023

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Horwatiýa Respublikasynyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy, türkmen halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

11.10 2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy mynasybetli Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI-a we ýurduň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

11.10 2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy mynasybetli Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI-a we ýurduň ähli halkyna mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

11.10 2023

Siziň eziz Diýarymyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglanmagyňyz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, halkymyzyň bagtyýarlygy, asudalygy, döwletimiziň belent maksatlara barýan rowaç geljegi ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

11.10 2023

Şu gün paýtagtymyzda “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy.

11.10 2023

Şu gün Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjeginde ýerleşýän Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi.

1473 sahypa
Soňky habarlar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi