Şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda bellenip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ady almak ugrunda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijisini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabat atçylyk sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginde birinji orny eýeläp, “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ady alan ahalteke atynyň eýesini ak reňkli “Toyota Fortuner” kysymly ýeňil awtoulag bilen sylaglamak bellenildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Abu-Dabi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
Baýram Seýlapberdiýewiç Çungaýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Magtymguly Saryýewiç Saryýewi, pensiýa gitmegi sebäpli, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Azat Rejepmyradowiç Gurbanowy Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Merdan Bebitowiç Poladowy Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Emirhan Orazmämmedowiç Geldiýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Argentina Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Enrike Ignasio Ferrer Wieýradan ynanç hatyny kabul etdi.