04.03 2025

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

04.03 2025

Yslam dünýäsiniň raýdaşlygy we doganlygy alamatlandyrýan mukaddes Oraza aýyny şatlyk bilen garşylaýan günlerinde Siziň Alyhezretiňize iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Goý, bu mübärek aý Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna rowaçlyk, abadançylyk getirsin! Gudraty Güýçli Allatagaladan halklarymyzy baglanyşdyrýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyny dileýärin.

04.03 2025

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan Türkmenistanyň ykdysady ösüş nusgasy durmuş ugurly özgertmeleri amala aşyrmaga gönükdirilendir. Ol ykdysadyýeti dolandyrmaga, döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmaga, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň dürli gurallaryny ornaşdyrmaga esaslanýan bazar özgertmelerini amala aşyrmak üçin amatly başlangyç meýdançany döretmäge mümkinçilik berdi. 

04.03 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rikardo Martines Waskesden ynanç hatyny kabul etdi.

03.03 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

03.03 2025

Maksat Ataberdiýewiç Paşanakowy Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkimi wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň häkimliginiň iş dolandyryjysy wezipesinden boşatmaly.

03.03 2025

Bäşimdurdy Jumaýewiç Mämedowy Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

03.03 2025

Kakamyrat Gutlyýewiç Orazgulyýewi Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.

03.03 2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Myrat Nazarow Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

03.03 2025

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

1468 sahypa
Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany