Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 04.03.2025
1863

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Yslam dünýäsiniň raýdaşlygy we doganlygy alamatlandyrýan mukaddes Oraza aýyny şatlyk bilen garşylaýan günlerinde Siziň Alyhezretiňize iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Goý, bu mübärek aý Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna rowaçlyk, abadançylyk getirsin! Gudraty Güýçli Allatagaladan halklarymyzy baglanyşdyrýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyny dileýärin.

Hormatly jenap Prezident, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna we ähli musulman ymmatyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Abdel Fattah AL-SISI,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan Sizi mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.

ABDULLA II,
Iordaniýanyň Patyşasy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize Liwiýanyň halkynyň, şeýle hem hut öz adymdan mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Size berk jan saglyk, ähli musulman ymmatyna parahatçylyk arzuw edýärin. Beýik Allatagaladan bu mübärek aýda etjek doga-dilegleriňiziň kabul bolmagyny, halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de gülläp ösmegini dileýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Muhammad Ýunus AL-MANFI,
Liwiýanyň Prezident Geňeşiniň Başlygy.

Soňky habarlar
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
top-arrow