Home
\
Society
\
Melhemler mekanynyň paýtagty
Society
Melhemler mekanynyň paýtagty
Published 08.04.2021
530

Gözelligi we sazlaşykly ösüşi bilen haýran galdyrýan ak mermerli Aşgabadyň geljegi nazarlaýan şäher hökmünde häsiýetlendirilmeginde çuňňur many bar. Paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen bir ýylda bellenilmegi bu baýramlaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Keşbi tanalmaz derejede özgeren we barha gözelleşýän paýtagtymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli özgertmeleriniň aýdyň nyşanyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan giň gerimli şähergurluşyk strategiýasynyň çäklerinde, Merkezi Aziýanyň merjeni diýlip atlandyrylýan Aşgabat soňky ýyllarda onlarça binagärlik toplumlary, dürli maksatly desgalar, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalar bilen görküni artdyrýar.

Taryh üçin juda gysga döwürde eziz Diýarymyzyň baş şäheri dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilen häzirki zaman hassahanalaryny özünde jemleýän iri lukmançylyk merkezine öwrüldi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, birnäçe düýpli ylmy işleriň awtory, köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýhasly pederlerimiziň köpasyrlyk ýörelgelerini hem-de dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman ösüşlerini özünde jemleýän özboluşly milli saglygy goraýyş ulgamynyň döredilmeginiň gözbaşynda durýar.

“Halkymyzyň saglygy — Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikleriniň we ýeten derejesiniň kepili”. Bu jümlede milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän we strategik, durmuş ulgamyny nazarlaýan derejä eýe bolan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň esasy ýörelgeleri jemlenendir. Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň täze tapgyryna badalga berildi we ony amala aşyrmagyň geljek bäş ýyl üçin Meýilnamasy tassyklanyldy.

Täzeçil tehnologiýalaryň, dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy enjamlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, ugurdaş edaralaryň yzygiderli gurulmagy, hünärmenleriň Ýewropanyň öňdebaryjy lukmançylyk merkezlerinde hünär taýýarlygyny geçmekleri ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejä eýe bolmagyny, keselleriň öňüniň alynmagyny, şeýlelikde, halkymyzyň ortaça ömür dowamlylygynyň artmagyny üpjün etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, paýtagtymyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň düzüminiň üsti Aşgabadyň binagärlik gözelligini artdyran we täze taryhy eýýamda türkmen topragyny gurşap alan ykbal çözüji özgertmeleriň baş nyşanyna öwrülen täze gurluşyk toplumlary bilen ýetirildi.

Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji iri ugurdaş düzümleriň ulanylmaga berlendigini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi, Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi, Halkara newrologiýa merkezi, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi, Onkologiýa merkezi we Stomatologiýa merkezleri bar. Halkara kardiologiýa merkezi bolsa düýpli döwrebaplaşdyryldy.

Häzirki zaman talaplaryna kybap gelýän hassahanalar paýtagtymyzyň günorta künjeginde özboluşly lukmançylyk şäherçesini emele getirdi. Şolar dünýä derejeli iri ylmy-barlag we bejeriş-anyklaýyş edaralary bolup durýar. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, bu hassahanalar hem Ýewropanyň belli kompaniýalarynyň döwrebap tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edildi. Bu bolsa ylmy-barlag işlerini alyp barmaga we çylşyrymly operasiýalary ýerine ýetirmäge mümkinçilik döretdi. Ozallar bu barada diňe arzuw edilýärdi.

10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň bellenilmegi ýola goýuldy. Aşgabatda saglygy goraýyş düzümine degişli täze, iki sany iri desganyň — Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň we Estetiki merkeziň açylyş dabarasy şanly sene bilen utgaşdyryldy. Şolara ýörite güwänamalaryň we abraýly halkara baýraklaryň gowşurylmagy ugurdaş düzümleriň sebitde iň gowulary hökmünde ykrar edilendigine şaýatlyk edýär.

Paýtagtymyzda we eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze binalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, ozal hereket edýän lukmançylyk edaralaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işleri alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän Halkara anyklaýyş merkezi, Halkara iç keselleri merkezi, Halkara “Ene mähri” merkezi bar.

Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamyna sanly ulgam işjeň ornaşdyrylýar. Maglumat alyşmak üçin göni wideoaragatnaşyklar netijeli alnyp barylýar. Täze telekommunikasiýa we kompýuter tehnologiýalary, aradaşlyga garamazdan, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenleri bilen tejribe alyşmaga, meýilnamalaýyn we lukmançylyk kömegini bermek hem-de anyklaýyş, bejeriş we dürli keselleriň öňüni almak babatda geňeşmeleri geçirmäge kömek edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Munuň özi ýurdumyzyň lukmanlarynyň ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmeklerine we hilini ýokarlandyrmaklaryna hem-de olaryň dünýä ölçeglerine gabat gelmegine ýardam edýär. Halkara hyzmatdaşlyk döwletimiziň täzeçil saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýokary hünärli lukmanlaryň taýýarlanylmagynda täzeçil çemeleşmeleri talap edýär.

Lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýokary okuw mekdeplerinde kliniki ordinatura, aspirantura we doktorantura maksatnamalary boýunça bilim bermek, birnäçe keselleriň öňüni almak babatda ylmyň gazananlaryny tejribä ornaşdyrmak meseleleri Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Köpetdagyň eteginde gurlan Halkara okuw-ylmy merkezinde işjeň öwrenilýär.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ýokary hünärli lukmanlar taýýarlanylýar. Bu ýokary okuw mekdebi Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň oruntutarydyr. Bu çözgüt milli Liderimiziň bilim we ylym ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, has ähmiýetli ugurlarda ylmy-tehniki mümkinçilikleriň bir ýere jemlenilmegine ähmiýet berýändiginiň subutnamasydyr.

Ak mermerli, altyn öwüşginli aýnalar bilen bezelen bilim ojagy Arçabil şaýolunyň ugrundaky döwrebap desgalar bilen bir bitewi binagärlik sazlaşygyny emele getirdi. Özboluşly saglyk şäherçesindäki halkara lukmançylyk merkezleri talyplaryň amaly bilimlerini durmuşda berkitmäge we geljekki ugurlary boýunça tejribe toplamaga oňyn şerti üpjün edýär.

Bu gün müňlerçe talybyň bilim alýan abraýly ýokary okuw mekdebi dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär. Mälim bolşy ýaly, 2011-nji ýylda uniwersitet “Ýewropanyň Biznes Assambleýasy” halkara guramasynyň “Ýewropa hili” atly halkara baýragyna mynasyp boldy. Mundan başga-da, Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilim berýän lukmançylyk edaralary hakynda maglumatlaryň Bütindünýä binýady bolan “Awisenna” katalogyna girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, uniwersitetiň ýanynda 2011-nji ýylda Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi, 2013-nji ýylda Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi, 2015-nji ýylda bolsa Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan okuw-ylmy merkezi döredildi.

Şäheriň demirgazyk künjeginde — Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň binalar toplumy emele geldi. Onuň düzümine Inçekeseli bejeriş we öňüni alyş merkezi, Ýokanç keselleriň öňüni alyş we bejeriş merkezi, Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasy, Gan merkezi, merkezleşdirilen barlaghana, AIDS keseliniň öňüni almak boýunça milli merkez girýär.

Şondan birnäçe ýyl geçenden soň, şu merkezleriň ýanynda Morfologiýa merkezi, Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi döredildi. Olaryň işiniň esasy ugurlary Türkmenistanyň çägini aýratyn howply keselleriň aralaşmagyndan we ýaýramagyndan goramakdan ybaratdyr.

Türkmenistanda immuno öňüni alyş milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ilaty immunizasiýa etmekde sebitde iň ýokary dereje saklanýar. Ýurdumyzda birnäçe howply ýokanç keselleriň, şol sanda drakunkulýozuň, poliomiýelitiň, gyzamygyň we gyzyljanyň ýok edilendigi hakynda köp sanly halkara güwänamalaryň gowşurylmagy şu ugurda alnyp barylýan netijeli işleriň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Şonuň ýaly-da, paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde lukmançylyk merkezleriniň toplumy döredildi. Görogly köçesiniň hem-de A.Nyýazow şaýolunyň çatrygynda Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezi guruldy. Onuň ak mermerli belent binasy paýtagtymyzyň düýpli özgerdilen şu künjeginiň binagärlik bezegine öwrüldi. Merkezde ýokary derejeli lukmançylyk kömegi berilýär, keselleriň ýapyk görnüşlerini ýüze çykarmak üçin irki anyklaýyş geçirilýär hem-de kardiologiýanyň möhüm meseleleri boýunça ylmy barlaglar alnyp barylýar.

Beýleki köp sanly lukmançylyk merkezlerinde bolşy ýaly, bu ýerde hem ýörite teleulgam arkaly operasiýalaryň geçirilişini uzak aralykdan synlamak mümkinçiligi göz öňünde tutuldy. Bu bolsa geljekki hirurglar hem-de ýaş lukmanlar bolan talyplara niýetlenen ussatlyk sapaklaryny geçirmäge mümkinçilik berýär.

Onuň golaýynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi ýerleşýär. Onda ýurdumyzyň çaga lukmançylygynyň ösmegi üçin ähli mümkinçilikler bar. Düzüminde otuza golaý bölüm bolan bu merkez çagalara hem-de enelere lukmançylygyň ähli ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen kömegi berýär.

Şol ýerde ähli ugurlar boýunça innowasion häsiýetli ýene-de bir desga — tehniki üpjünçilik derejesi boýunça dünýä ölçeglerine gabat gelýän Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi ýerleşýär. Görogly köçesinde sebitde iri ortopediýa merkezi bolan Şikesleri bejeriş halkara merkezinde iň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen birnäçe bölümden başga-da, protezleri hem-de protez-ortopediýa serişdelerini öndürýän ýöriteleşdirilen kärhana hereket edýär.

Paýtagtymyzyň gaýtalanmajak binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan döwrebap lukmançylyk edaralarynyň ulgamy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenistanlylar üçin ýokary derejeli halkara lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşiniň elýeterli bolmagyny üpjün eden saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek babatyndaky başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Milli Liderimiziň hut özüniň baştutanlygynda işlenip düzülen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda enjamlaşdyrylyşy hem-de hödürlenilýän hyzmatlaryň sany boýunça iň gowy dünýä nusgalaryndan birjik-de kem oturmaýan şypahana-dynç alyş edaralarynyň gurluşygyna hem-de düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn orun berilýär. Paýtagtymyzdaky “Berzeňňi” şypahanasy täze keşbe eýe boldy. Bu ýeriň gaýtalanmajak tebigaty, arassa dag howasy hem-de täsin mineral çeşmäniň jana şypaly bejeriş suwy aşgabatlylara hem-de onuň myhmanlaryna ençeme sökelliklerden saplanmak üçin amatly şertleri döredýär.

Derman senagatyny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Şonuň netijesinde, Aşgabatda infuzion erginleri öndürmek boýunça häzirki zaman kärhanasy işe girizildi. Önüm çykarmak Ýewropa talaplaryna hem-de GMP ölçeglerine laýyklykda amala aşyryldy.

Diýarymyzyň baş şäherinde arassaçylyk-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek üçin gündelik öňüni alyş babatyndaky möhüm wezipäni ýerine ýetirýän Aşgabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň üç gatly binasy açyldy.

Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek edaralarynyň ulgamynda möhüm düzüm bolan Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi paýtagtymyzda kemala gelýän lukmançylyk edaralarynyň uly toplumynyň üstüni ýetirdi. Welaýat bölümleriniň barlaghanalary bilen işlemek boýunça utgaşdyryjy edara bolan bu innowasion Merkeziň işi durmuş hem-de biologiýa faktorlarynyň ilatyň saglygyna ýetirýän täsiri babatyndaky ylmy barlaglary geçirmäge, ekologiýa taýdan arassa azyk tehnologiýalaryny hem-de sagdyn iýmitlenmek kadalaryny işläp düzmäge gönükdirilendir.

Bu ýerde alnyp barylýan işlere mynasyp baha berildi. 2019-njy ýylda Merkeziň barlaghanasyna (referens – barlaghanasy wirusologiýa bölümi) Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan Dümew boýunça milli merkez derejesi, şol bir wagtyň özünde BSGG-niň dümewe epidemiologiýa gözegçiligi we oňa garşy çäreleri kabul etmek boýunça ählumumy ulgamynyň agzasy derejesi berildi.

2020-nji ýylyň ýanwarynda bolsa merkeziň iýmit önümlerini barlamak boýunça bölüminiň düzümine girýän fizika-himiýa, mikrobiologiýa hem-de molekulýar-genetiki barlaglar boýunça barlaghanalar halkara derejede işlemäge rugsat berýän resminamany hem-de degişli güwänamany aldylar. Akkreditasiýa boýunça işler Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde, “Türkmenistanda oba hojalygyny we obalary mundan beýläk-de durnukly ösdürmäge ýardam bermek” (SARD III) taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.

Ulgam dörediji ýagdaýlary — pudagyň döwrebap düzümlerini kemala getirmek, saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak hem-de täzeden taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek, innowasion işläp düzmeleri hem-de ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen birlikde, adamlaryň saglygyny berkitmek boýunça wagyz-düşündiriş işlerine hem uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesine eýerilip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmek, işjeň dynç alyş düzümlerini ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça çäreler giň gerimde guralýar.

Jemläp aýdanymyzda, kämil hem-de ýokary netijeli milli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek babatyndaky giň möçberli toplumlaýyn işler milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” şygary astynda durmuş maksatly syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Milletiň saglygy diňe bir ýurdumyzyň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr.

Last news
09.04
President of Turkmenistan expresses condolences to the Queen of Great Britain
09.04
The structure of the central office of the Ministry of Culture is approved
09.04
President of Turkmenistan approves the membership of the Turkmen-Russian Intergovernmental Commission
09.04
Membership of the Turkmen-Japanese Economic Committee is approved
09.04
The Resolution on rice production in Turkmenistan in 2021 is signed
09.04
President of Turkmenistan signs the Decree on awarding prizes to those who contributed to horse breeding