Home
\
Politics
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Politics
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Published 07.04.2021
1220
picture

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi uly dabara bilen bellenýän halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalary giňden ornaşdyrylýan Garaşsyz Watanymyzda bu ajaýyp halkara baýrama gabatlanyp geçirilýän medeni-sport çäreleriniň mähriban halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrjakdygyna ynanýaryn.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Bütindünýä saglyk güni parahatçylygy, dostlugy, sporty hem-de ynsanperwerligi rowaçlandyrýan, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da berkidýän şanly wakalara beslenýär. Bahar paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýramyň şanyna Aşgabat şäherinde, welaýat we etrap merkezlerinde geçirilýän dürli çäreler agzybir halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny belende göterýär. Ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimize buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

Eziz halkym!

Ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu belent maksatdan ugur alyp, biz «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys. Halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek, ajaýyp obadyr şäherçeleri, döwrebap senagat toplumlaryny döretmek, telekeçiligi ösdürmek bilen döwletimiziň dünýädäki ornuny yzygiderli berkidýäris.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalary, toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn hem beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly, halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berip gelýän däplerini mynasyp dowam etdirýäris.

Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, şypahanalar guruldy. Şu esasda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-saglygy goraýyş ulgamyny döretmek babatda uly ösüşler gazanyldy.

Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramakda we berkitmekde hemmetaraplaýyn mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmynadyr tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksady bilen, biz golaýda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini kabul etdik. Bu maksatnama esasynda mähriban halkymyzyň saglyk ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagy we abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy, adam ömrüniň ortaça dowamlylygynyň uzaldylmagy ugrundaky işlerimizi yzygiderli dowam ederis, sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrarys.

Garaşsyz döwletimiz Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan öz sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» atly halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Berkarar Watanymyzyň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny bütin dünýä äşgär etdi.

Aşgabat şäherinde Welotrek boýunça dünýä çempionatyny hem-de Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyryny geçirmäge görülýän ýokary derejedäki taýýarlyklar hem biziň sporty ösdürmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatymyzyň halkara derejede ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär. Bu iri sport çäreleriniň olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, tutuş dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň, dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant boljakdygyna men doly ynanýaryn.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi Bütindünýä saglyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Last news
09.04
Outcomes of development of Turkmenistan in January – March are reviewed at the session of the Cabinet of Ministers
09.04
President of Turkmenistan expresses condolences to the Queen of Great Britain
09.04
The structure of the central office of the Ministry of Culture is approved
09.04
President of Turkmenistan approves the membership of the Turkmen-Russian Intergovernmental Commission
09.04
Membership of the Turkmen-Japanese Economic Committee is approved
09.04
The Resolution on rice production in Turkmenistan in 2021 is signed