Ýurdumyzyň öz baş baýramyny—Garaşsyzlyk gününi bellän geçen aýy däp boýunça jemgyýetçilik-syýasy hem-de işewürlik işjeňliginiň ýokary derejesi bilen tapawutlandy, bu, esasan-da, halkara gatnaşyklary ulgamynda äşgär duýuldy, muňa geçirilen köpsanly we köptaraply çäreler hem şaýatlyk edýär. Bu çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde guraldy. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri oktýabr aýynyň başynyň köpöwüşginli wakasy boldy. Bu çäre iki ýurduň Medeniýet ministrlikleri tarapyndan guraldy, onuň çäklerinde Igor Moiseýew adyndaky Döwlet akademiki halk tans toparynyň, konserti, “Demirgazyk Russiýanyň tebigaty” diýen fotosergi guraldy. Häzirki zaman çeper filmleriniň görkezilişleri, türkmen paýtagtynyň tans toparlary üçin ussatlyk sapaklary geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýurdumyza resmi saparyna gabatlanyp geçirilen bu Medeniýet günleri iki dostlukly döwletiň medeni-ynsanperwer ulgamyndaky strategiki hyzmatdaşlygynyň uly ähmiýetiniň subutnamasy boldy. 2-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen DIM-de geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar döwletara syýasy gepleşikleriň ýokary derejesini belläp, energetika we ulag ulgamynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny aýtdylar. Ylym, bilim we sport ulgamlary hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem Hazar deňziniň meseleleri, Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegi meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Türkmen-russiýa gatnaşyklary baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, 17-nji oktýabrda DIM-de Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary—stats-sekretary G.Karasin bilen geçirilen gepleşigi bellemelidiris. Onuň barşynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 15-nji oktýabrda Sankt-Peterburg şäherinden Parlamentara gatnaşyklarynyň 137-nji Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen Parlamentara Bileleşiginiň Ýolbaşçy geňeşiniň 201-nji maslahatynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň bu guramanyň agzalygyna kabul edilmegi baradaky çözgüdiniň biragyzdan kabul edilendigi hakyndaky hoş habar gelip gowuşdy. Bütin dünýäde demokratiýany höweslendirmek, goramak hem-de pugtalandyrmak Parlamentara Bileleşiginiň işiniň möhüm ähmiýetli ugry bolup durýar. Türkmenistanyň parlamentara diplomatiýasy boýunça iň wekilçilikli düzüme girmegi ýurdumyzda raýat jemgyýetiniň düzümleriniň hem-de demokratik gymmatlyklaryň pugtalandyrylmagy boýunça geçirilýän işlere halkara ykrarnamasynyň subutnamalarynyň ýene bir mysaly bolup durýar. Türkmen paýtagtynda 18-nji oktýabrda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen “Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatynda hem umumy bähbitleriň esasynda oňyn hyzmatdaşlygyň zerurdygy bellenildi. Forumda gol çekilmegi göz öňünde tutulýan bäştaraplaýyn resminamalaryň, hususan-da, söwda-ykdysady hem-de ulag ulgamynda Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň gutarnykly işlenilmegine aýratyn üns berildi. Bu resminamalar 2014-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynda beýan eden tekliplerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Hazar deňzi Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi bolup durýar. Bu täsin deňziň netijeli hyzmatdaşlygyň meýdançasy hökmünde doly ykrar edilmegi üçin ähli kenarýaka döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Gämi gatnawlary, deňiz ýük gatnawlary, deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek, deňiz menziliniň düzümlerini ösdürmek, logistika maglumatlaryny alyşmak, deňiz gurşawynyň goraglylygy hem-de beýleki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin 13-14-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäherinde Hazarýaka döwletleriniň deňiz menzilleriniň ýolbaşçylarynyň 8-nji mejlisi geçirildi. Hazar deňziniň menzilleriniň mümkinçiliklerini ösdürmek hem-de olaryň halkara derejesini ýokarlandyrmak meselesi, şol sanda olaryň önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagynyň, ulag gämilerine hyzmat etmek ulgamynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna ösdümek duşuşykda garalan aýratyn mesele boldy. “Innowasiýalar, täze tehnologiýalary we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly birinji Türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumynda nou-hau ulgamynda hyzmatdaşlyk pikir alyşmalaryň esasy meselesi boldy. Bu forum Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de HHR-niň Ylym we tehniki ministrligi tarapyndan guraldy. 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen maslahat alymlaryň we hünärmenleriň arasynda energiýanyň alternatiw çeşmeleri, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, oba hojalygynda innowasiýalar, himiýa, seýsmologiýa, lukmançylyk, derman önümçiligi, biologiýa we beýleki ugurlarda iki ýurtdan bolan ylmy işgärleriň arasynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri gözlemek we tejribe alyşmak bolup durýar. 17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň mejlisler zalynda tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmakda tejribe alyşmak boýunça türkmen-ýapon maslahaty geçirildi. “Aşgabat şäheriniň çäklerinde hem-de onuň töwereginde seýsmologiýa gözegçilik ulgamyny gowulandyrmak” atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde guraldy. Bu taslamany Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty hem-de Halkara hyzmatdaşlygy ýapon agentligi (JICA) bilelikde durmuşa geçirýärler. Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini peseltmek boýunça dostlukly ýurduň tejribesi hem-de taslamanyň wezipeleri bilen tanyşmak, seýsmologiýa, gurluşyk hem-de adatdan daşary ýagdaýlary aradan aýyrmak we beýleki ulgamlarda işleýän ylmy edaralaryň, pudaklaryň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak duşuşygyň esasy meselesi boldy. BMG-niň göçme Kubogy ugrunda talyplaryň arasynda bu guramanyň Türkmenistandaky düzüminde geçirilen bäsleşikler Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlandy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplar toparlary iňlis dilinde ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmekde ykdysady ösüşiň orny barada pikir alyşdylar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň topary ýeňiji boldy. Kubogy gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, Milletler Bileleşiginiň her bir düzüminiň, şol sanda Zenanlar, Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Migrasiýa guramasy hem-de Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkezi düzümleriniň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen, interaktiw bäsleşik geçirildi. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagynyň 10 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň DIM-i ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaş hünärmenler üçin okuwlary geçirmek başlangyjyny öňe sürdi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň baştutanlary ol okuwlarda çykyş etdiler. Öňüni alyş diplomatiýasynyň taryhy, Türkmen döwletiniň sebitde we dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandy, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň döredilmeginiň 10 ýylynyň dowamynda geçen sepgitleri okuwlarda diňlenilen meseleler boldy. Mundan başga-da, türkmen diplomatlary 25-nji oktýabrda Halkara gatnaşyklary institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda çykyş etdiler. 10-11-nji oktýabrda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde milli ulag – söwda düzüminiň howpsuzlygynyň ösdürilmegine ýardam bermek boýunça iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Ulag logistikasy meseleleri bilen meşgullanýan ministrlikleriň, maliýe edaralarynyň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Döwlet serhet gullugynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de beýleki edaralaryň wekilleri maslahatyň diňleýjileri boldular. Daşary ýurtly bilermenler söwdany we ulagy ösdürmäge ýardam bermek boýunça işläp taýýarlamalaryň usulyýeti hem-de telekeçilik işlerine seljerme bermegiň usullary hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Multimodal ulag hem-de logistika ulgamlary, energiýa netijeliligi arkaly ulagyň netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleri hem maslahatyň gün tertibine girizildi. 11-13-nji oktýabr aralygynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan nobatdaky okuw maslahaty jenaýatçylykly işlerden gazanylan girdejileri ofşor zolaklar arkaly kanunlaşdyrmaga garşy hereket etmekde öňdebaryjy dünýä tejribesini paýlaşmaga bagyşlandy. Degişli pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan üç günlük çäräniň çäklerinde bilermenler degişli ugurda halkara ölçeglerini hem-de tejribeleri beýan etdiler. 13-nji oktýabrda Hökümet düzüminiň wekilleri, diplomatlar, Merkezi, Günorta we Günorta-Günbatar Aziýa ýurtlarynyň barlag institutlarynyň hem-de ykdysady ulgamlarynyň bilermenleri Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýedinji maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde guralan akademiki foruma gatnaşdylar. Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Strategiki barlaglar merkezi tarapyndan Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar instituty we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen hyzmatdaşlykda guralan çäräniň çäklerinde sebitde, hususan-da, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri hem-de täze gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyşlaryň mowzugy sebitde söwda üçin mümkinçilik hem-de üstaşyr geçirmäge ýardam bermek, Owganystanyň tutýan ornuna üns bermek bilen ykdysady taýdan hyzmatdaşlygyň hem-de ýakynlaşmagyň täze ugurlary meselelerinden ybarat boldy. 12-nji oktýabrda DIM-de Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary hanym Adela Razyň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmegiň bar bolan mümkinçiligini belläp, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan hökümetara toparynyň ornuny nygtadylar. Hususan-da, türkmen tarapy energetika we ulag ulgamynda sebitleýin ykdysady taýdan ýakynlaşmagyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Gepleşikleriň barşynda, ykdysady häsiýetli özara çäreleri geçirmegiň geljegi barada hem birnäçe teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. 12-nji oktýabrda Oman Soltanlygynyň paýtagty Maskat şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşma geçirildi. Gün tertibine dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri girizildi. Hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-oman hökümetara toparyny döretmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň özara bähbitli köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge goşmaça itergi berer. 16-17-nji oktýabrda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-rumyn daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky maslahatlaşma geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde özara hereket etmegiň netijeliligi baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn depgini nygtaldy. Energetika we ulag meselelerine aýratyn üns berildi. 18-20-nji oktýabrda türkmen wekiliýeti iş sapary bilen Duşenbede boldy. Şol ýerde Täjigistan Respublikasyngyň daşary işler ministriniň orunbasary N.Zohidi hem-de dostlukly ýurduň DIM-niň protokol müdirliginiň ýolbaşçysy Ş.Niýozow bilen duşuşyklar geçirildi. Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny hem-de abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özara hereketleri dowam etmegiň wajypdygyny bellediler. Energetika, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, bilim, ylym we sport ugurlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine iki dostlukly ýurduň gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda Çili Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hose Manuel Silwa Widaurre hem-de Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Moşe Kamhi resmi taýdan işläp başlady. 26-njy oktýabrda Mejlisde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Natalýa Drozd bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň özara gatnaşyklarynyň ýagdaýy hem-de geljegi barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, köp babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan üstünlikli syýasatynyň netijesinde, işjeň özara gatnaşyk etmäge giň mümkinçilikleriň açylýandygy nygtaldy. Ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk pudaklary, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, ynsanperwer ulgamlary mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy. Şol gün Mejlisde Rumyniýanyň parlamentarileriniň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtadylar. Şeýle hem iki ýurduň kanunçykaryjylarynyň döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam bermegi baradaky meselelere aýratyn üns berildi. Geçen aýda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň çykyşynda ählumumy gün tertibiniň bosgunlar bilen baglanyşykly möhüm meseleleriniň çözülmeginde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan işleriň güýçlendirilmeginiň zerurdygy barada aýdyldy. Bu meselä ynsanperwer ugurdan bolşy ýaly, syýasy we durmuş-ykdysady tarapdan hem garalmagynyň zerurdygy nygtaldy. Onuň wajypdygy nazara alnyp, türkmen paýtagtynda “Musulman dünýäsindäki bosgunlar” ady bilen geçirilen halkara maslahatyň netijeleri boýunça 2012-nji ýylyň maýynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen işleri täzeden alyp barmagyň maksadalaýyk boljakdygy beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylda BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanda Bosgunlaryň olimpiýa hereketine gatnaşmagynyň ähmiýeti baradaky meseleler boýunça halkara maslahatyny geçirmek teklip edilýär. BMG-niň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň 36-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň düzgünleriniň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. 31-nji oktýabrda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi. Onuň barşynda daşary ýurtly bilermenler, hususan-da, BMG-niň adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Müdirliginiň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň sebit wekilleri oňa gatnaşyjylary bu ulgamda Milletler Bileleşiginiň degişli komitetleriniň jemleýji teklipleri bilen tanyşdyrdylar. Forumyň öňüsyrasy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda şu toparyň alyp baran işleri baradaky hasabatlar diňlenildi, bu düzümiň mundan beýläkki işleriniň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.