Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Milli pul birligimiziň esasy ugurlaryna bagyşlanan maslahatda bu ugurda pikir alşyldy
Ykdysadyýet
Milli pul birligimiziň esasy ugurlaryna bagyşlanan maslahatda bu ugurda pikir alşyldy
Çap edildi 01.11.2017
2193

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş institutynyň mejlisler zalynda türkmen milli manadynyň dolanşyga girizilmeginiň 24 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahata hökümet agzalary, döwlet we täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, degişli ministrlikler we pudak edaralar, ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary we talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyňwe Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy Akademiýasynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Çykyş edenler, maliýe we bank ulgamlarynyň kämilleşmegi, manatyň durnuklulugy we ykdysady ösüşiň gatnaşygy, banknotlaryň üýtgedilmegi, sebit we halkara abraýly maliýe gurluşlary bilen hyzmatdaşlygyň giňemegi, şeýle hem Türkmenistanda pul dolanşygynyň taryhy barada beýan etdiler. Maslahata gatnaşyjylara ilata we telekeçilere edilýän döwrebap tehnologiýalarda edilýän hyzmatlar gürrüň berildi. Internet-bankingi girizmek, şeýle hem nagt däl hasaplaşyga geçmek, bank ulgamynyň täze, sanly görnüşe geçmegi, türkmen manadynyň derejesini güýçlendirmäge ýardam eder. Esasy meseleleri biri karzlaryň berilmeginiň ösmegi boldy. Fiziki we ýuridiki şahslara karz pullaryny bermegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy, Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin ýörite programma üpjünçiligini döretmek maslahatlaşyldy. Karz alýanlar we berýänler babatynda kanun çykaryjy esaslarynyň kämilleşýändigi aýratyn ebllendi. Maslahatyň barşynda türkmen ykdysadyýetiniň esasy orunlarynyň daşary ýurtlara satmaga ukyply we getirilýän harytlaryň ýerini tutup bilýän önümleriň öndürilmeginiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň türkmen manadynyň durnuklylygyny saklamagyna oňyn täsirini ýetirýändigi aýdyldy. Daşary ýurtlara satylýan harytlaryň paýy artýar, milli bazarymyzda daşary ýurt harytlary hil taýyndan, ekologiýa babatyndan we özüne düşýän gymmatynyň azlygyndan bäsleşige ukyplylygyny ýitirýär. Senagatyň ösmegi we döwrebap gurluşlar täze önümçiligi we milli önümçiligi ýerlemek maksatnamasynynyň amala aşyrylmagy ilata iş we üpjünçilik taýdan oňyn täsirini ýetirýär. Maslahatda şeýle hem, türkmen wolýutasynyň taryhy, 2009-njy ýylda geçirilen denominasiýanyň oňyn täsirleri barada çykyşlar okaldy. Taryhy-medeni ýadygärlikleriň we Türkmenistanyň häzirki ösüşleriniň öwüşginleri täze banknot nusgalarynyň bezegi barada çykyşlar hem edildi. Milli manadymyzyň dolanşyga girizilmeginiň 24 ýyllygyny mynasybetli geçirilen maslahat, Ykdysadyýet we ösüş institunda bolup geçdi, bu ýerde maliýe-bank ugurlarynda geljekki hünärmenler bilim alýar. Olar döwrebäp startegiýanyň ulanyşa girizmek, elektron söwdany ösdürmeli. Şonuň üçin hem okuw döwründe innowasiýa we döwrebap bilim tenhologiýalaryndan işjeň peýdalanýarlar, professor-mugallymlar talyp ýaşlaryň ylym-bilim almaklary we döretmekleri ugrunda ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow