Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistan - Owganystan demir ýolunyň açylyş dabarasy AVAwards 2017 bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy
Teswirlemeler
Türkmenistan - Owganystan demir ýolunyň açylyş dabarasy AVAwards 2017 bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy
Çap edildi 31.10.2017
4930

Aşgabada ýörite baýrak getirildi. Bu baýraga meşhur halkara bäsleşiginde türkmen multimediýa taslamasy mynasyp boldy. Bu taslama Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň açylyşynda hödürlenildi. Bu demir ýoluň gurluşygyna 2013-nji ýylyň 5-iýunynda doganlyk ýurtlaryň – Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda badalga berlendigini ýatlatmalydyrys. Trasmilli polat ýoluň -- Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny ulanmaga bermek dabarasy 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda geçirildi. Sebitleýin gatnaw ýollarynyň ösüşiniň taryhyna ýazylan bu wakanyň uly ähmiýeti meşhur AV Awards 2017 bäsleşiginiň abraýly baýragynda hem öz beýanyny tapdy. Bu bäsleşik her ýyl dünýäniň ähli künjeklerinden multimediýa senagatanyňy iň gowy taslamalaryny kesgitleýär. Sylaglamak dabarasy Londonda geçirildi we oňa dünýäniň 38 ýurdundan 1,5 müňden gowrak tomaşaçy gatnaşdy. Ýeňiş gazanan taslama Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň başlangyç tapgyryna öwrülen Atamyrat–Ymamnazar  Akina demir ýolunyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara görkezilen haýran galdyryjy ýokary tehnologiýaly şüweleň görnüşinde boldy. Bu demir ýoluň ulanmaga berilmegi bilen, iki ýurduň, geljekde bolsa uly sebitiň köp döwletleriniň ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, olaryň häzirki zaman halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagy üçin täze mümkinçilikler dörediler. Dabaraly çäräni geçirmek üçin Türkmenistanyň we Owganystanyň serhediň golaýynda bir müň orunlyk ýörite ägirt uly sekizgyraňly ak öýüň görnüşindäki ýörite tanyşdyryş çadyry guruldy. Çadyryň içi däp bolan türkmen gölleri görnüşinde bezeldi. Onuň şekilleri hatda daşky giňişligi hem gurşap alyp, göýä, wideoşekilleriň üçünji ölçegini döreden ýaly boldy. Şüweleňi has-da netijeli görkezmek maksady bilen 500 sany hereket edýän we şöhle saçýan sferadan ybarat şekiller döredildi. Iki minutlyk şüweleňde wideoşekiller göýä heýkeller görnüşinde howada döredildi, olaryň şekilleri diwarlarda, polda hem-de potolokda peýda boldy. Ilki bilen damja peýda boldy, soňra şöhlelerden haly emele geldi. Halyda täsin göller peýda boldy. Soňra bularyň ählisi alyslara uzap gidýän demir ýola öwrüldi. Roligiň özi däp bolan türkmen nagyşlary görnüşindäki ekranlarda görkezildi. Onuň şekilleri tutuş giňişligi gurşap aldy. Ol taryha, gadymy döwürlere, ýurdumyzyň çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň geçen döwürlerine syndan başlandy. Ol üç bölekden ybarat boldy. Onuň birinji böleginde Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda ulag ulgamynda, hususan-da, demir ýol pudagynda gurlan desgalara syn berildi. Bu ýerde şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen paýtagtyndaky Halkara howa menziliniň, Türkmenbaşydaky deňiz portunyň, Aşgabat – Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň we beýleki desgalaryň gurluşygy ýaly ägirt uly taslamalaryň amala aşyrylyşy görkezildi. Wideoşekiliň bu görnüşiniň mazmuny häzirki döwürde Türkmenistanyň Ýewropany we Aziýany birleşdirýän möhüm logistiki merkezdigini aýdyňlyk bilen beýan edýär. Roligiň esasy bölegi Aziýa halkara demir ýol geçelgesine, onuň sebitiň ýurtlary üçin ähmiýetine bagyşlanýar. Taslama gatnaşýan döwletleriň täze bazarlara çykmak mümkinçiligine eýe bolýandygy, mundan başga-da, Owganystan üçin durmuş-ykdysady taýdan ösmek, täze şäherleri, kärhanalary gurmak, iş orunlaryny döretmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy beýan edilýär. Türkmenistanyň esasy wezipesi bolsa goňşy ýurtlara dünýäniň ulag ulgamyna goşulyşmagyna ýardam etmekden ybaratdyr. Milli ykdysadyýet barada aýdylanda bolsa, täze ýol Lebap welaýatynyň senagat taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi berer. Şüweleň mahalynda wideokartada Aziýa demir ýol geçelgesiniň Hytaýa, Hindistana, Pakistanyň deňiz portuna çykmak arkaly açýan ýollary aýdyň görkezilýär. Bu ýollar Türkmenistany, Täjigistany we Owganystany birleşdirer.Wideoşekiliň şu böleginde Aziýa geçelgesine goşulmak arkaly yklymyň ýurtlarynyň ulag ulgamlaryny baglanyşdyryp biljek esasy ugurlar görkezilýär. Wideoroligiň üçünji böleginde demir ýoluň Atamyrat-Ymamnazar-Akina bölegi, onuň gurluşygynyň barşy, düzümleýin desgalary, Owganystana çekilen elektrik geçirijileri, nebit önümleri saklanýan terminalyň gurluşy barada gürrüň berilýär. Bu ýerde gürrüň täze polat ýol arkaly Lebapda öndürilýän sementi, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda çykarylýan önümleri we beýlekileri ibermegiň mümkinçilikleri barada barýar. Atamyrat türkmen şäherinden Akina owgan şäherine çenli täze demir ýoly hem-de tutuş degişli düzümi gurmak işiniň diňe Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edaralary tarapyndan alnyp barlandygy wajypdyr. Çölüň çylşyrymly şertlerinde bu ýoly özleşdirmek üçin uly tagallalar hem-de serişdeler gerek boldy, şeýle hem düzümiň desgalary, lokomotiw deposy guruldy, ätiýaçlyk we gapdal ýollar we beýlekiler abadanlaşdyryldy. Türkmen ýol gurluşykçylarynyň işleden döwrebap tehnikalary hem-de enjamlary, işleriň sazlaşykly we çalt guralmagy bu geljegi uly taslamanyň durmuşa geçirilmegini ep-esli çaltlandyrmaga mümkinçilik berdi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagyna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemişe goldaw berip geldi. Halkara demir ýol gatnawlarynyň kuwwatyny artdyrmakdan başga-da, täze polat ýollar içerki çäkleriň okgunly ösmegine ýardam edýär. Döwrüň görkezişi ýaly, garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan demir ýollar Türkmenistanyň baýlyklaryny çalt özleşdirmäge hem-de rejeli peýdalanmaga ýardam etdi, ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeledi. Täze ýollar bilen birlikde çöllük ýerlere suw we elektrik togy gelýär, aragatnaşyk ulgamlary çekilýär, ýaşaýyş jaýlary hem-de durmuş maksatly desgalar gurulýar. Türkmen hünärmenleri şeýle hem Owganystanyň çäginde Ymamnazardan Akina çenli demir ýoluň bölegini çekdiler. Uzynlygy 88 kilometr bolan ýoluň ugrunda 256 metre we 363 metre barabar iki sany uly köpri guruldy. Gülüstan we Ymamnazar menzilleri, täze beketler hem-de zerur tehniki we durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi işe girizildi. Iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, bilelikdäki täze düzümleýin taslamalaryň amala şyrylmagy owgan ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek iri durmuş meselelerini, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek meselelerini üstünlikli çözmäge kuwwatly itergi berýär, maýa goýumlaryny çekmäge ýardam edýär we umuman, Owganystandaky ýagdaýa oňyn täsir edýär. Sebitiň ýurtlarynyň çäginde Türkmenistan Owganystana demir ýollar arkaly gelip gowuşýan ýükleriň ählisiniň 75 göteriminiň ýetirilmegini üpjün edýär. Türkmenistandan iberilýän dürli ýükleriň möçberi hem artýar. Olaryň esasy bölegi nebit önümleri hem-de suwuklandyrylan gazdyr. Goňşy ýurda türkmen bugdaýy we bugdaý uny, karbamid we beýleki harytlar iberilýär. Beýik ýüpek ýoluny täzeden dikeldýän bu ýol, nesip bolsa, berkarar döwletimiziň ulag-üstaşyr geçiriş kuwwatyny has-da artdyrar. Ýewropa-- Aziýa  Ýuwaş umman-- Günorta Aziýa ugry boýunça örän möhüm halkara geçelgesine öwrüler. Sebitiň döwletleri bilen netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berer. Millionlarça adamlaryň bähbitlerine, ählumumy parahatçylyga we abadançylyga hyzmat eder. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag pudagyny ösdürmek baradaky konsepsiýasyna laýyklykda, gysga wagtyň içinde iri halkara taslamalary durmuşa geçirildi. Şunuň netijesinde ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglaryny işe girizmek arkaly amatly hem-de howpsuz halkara ulag geçelgeleri döredildi. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny, syýasy we medeni hyzmatdaşlygyň berkidilmegini, söwda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün edýär. Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň işe girizilmegi bilen, Owganystanyň, Täjigistanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Pakistanyň we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleriniň ýurtlary üçin giň mümkinçilikler açylýar. Eýrana, Gazagystana, Russiýa Federasiýasyna, Azerbaýjana we Ýewropa ýurtlaryna iberilýän ýükleriň artdyrylmagyna amatly şertler döredilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistany Ýewraziýa sebitinde «polat ýollaryň» uly çatrygyna, iri ulag-üstaşyr merkezine öwürýär. Ýurdumyzyň gurýan dostluk we hyzmatdaşlyk ýollary Birleşen Milletler Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara we sebit guramalarynyň derejesinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam eder. Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda döredilýän täze ýollar Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitimiziň ornuny güýçendirýär. Ösen ulag-üstaşyr düzümlerini döretmek biziň ileri tutýan strategiki wezipämizdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Milli Liderimiz iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlady. Olaryň hatarynda şu ýylyň mart aýynda açylan, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleri bar. Olar sebitiň çäklerinde möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, türkmenistanlylaryň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, olar goňşy ýurtlaryň ykdysadyýetini hem-de durmuş düzümini ösdürmäge mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, Aziýa halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan AtamyratYmamnazar  Akina halkara demir ýolunyň açylan senesi ulag gatnawlarynyň ähli görnüşleriniň – deňiz we gury ýer ulaglarynyň sazlaşykly ösüşi babatda diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň hem-de dünýäniň taryhyna ýazylar. Demir ýollar bolsa ulaglar ulgamynda aýratyn ähmiýete eýedir. Bular barada şol günler Aşgabatda geçirilen BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyna gatnaşanlar hem bellediler. Demir ýoluň bu bölegi ýurdumyz üçin hem uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bu ýerde, Lebap welaýatynda iri senagat merkezi döredilýär. Bu sebitde ägirt uly senagat kärhanasy – kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy guruldy. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalar babatda bu önümçilik toplumyna möhüm orun degişlidir. Taslamanyň durmuşa geçirilip başlanyndan bäri geçen ýyllaryň dowamynda onuň ähmiýeti has-da artdy. Önümçiligiň bolşy ýaly, dünýäniň söwda merkezi hem Aziýa tarap süýşýär we onuň bazarlaryna elýeterliligiň ähmiýetini güýçlendirýär. Sebitiň syýasy taýdan ösüşi babatda hem bu taslama uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda halkara bileleşigi Merkezi hem-de Günorta Aziýada parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine uly tagallalary edýär. Owganystandaky ýagdaýy syýasy taýdan kadalaşdyrmak, onuň ykdysadyýetini we durmuş ulgamyny dikeltmek, parahatçylykly hem-de döredijilikli durmuşy ýola goýmak bu işiň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bir bölegi Owganystanyň çäginden geçýän demir ýoluň gurluşygy bu ýurduň deňhukukly hem-de hormatlanylýan hyzmatdaş hökmünde Merkezi we Günorta Aziýanyň syýasy hem-de ykdysady durmuşyna goşulyşmagy, onuň bu sebitleriň ösüşine saldamly goşant goşup bilmegi, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny giňeltmegi üçin oňat mümkinçilikleri döredýär. Owganystanyň içi bilen dowam etdiriljek, onuň welaýatlaryny birleşdirjek hem-de täze iş orunlaryny döretjek ýoluň durmuş babatda hem ähmiýeti uludyr. Demir ýola hyzmat etjek owgan hünärmenleri hem Türkmenistan taýýarlar. Ýurdumyz goňşy döwletden talyplaryň nobatdaky toparyny okuwa kabul etdi. Adamlaryň maddy-hal ýagdaýynyň, bilim we medeni derejesiniň ýokarlanmagy doganlyk döwletde syýasy ýagdaýa oňyn täsir edýär, gapma-garşylykly ýagdaýlaryň döremek howpuny peseldýär, terrorçylyk, ekstremizm, neşe serişdeleriniň ýaýramagy üçin şertleri aradan aýyrýar, owganystanlylaryň millionlarçasyna ajaýyp geljege mümkinçilik döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan hem-de işjeň ilerledilýän Türkmenistanyň logistika strategiýasynyň özünde taryhylyk ýörelgesi jemlenendir. Milli Liderimiziň “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda nygtaýşy ýaly, gadymy döwürlerde ýurdumyzyň çäginden yklymyň halklaryny we ýurtlaryny birleşdiren, umumadamzat ösüşinde, Gündogaryň we Günbataryň özara gatnaşyklarynda ägirt uly orny eýelän esasy söwda ýollary geçipdir. Milli Liderimiziň Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmek baradaky giň möçberli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde demir ýol ulgamyna möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudagy ösdürmäge berýän uly ünsi demir ýol ulagynyň köpugurlylygy we ygtybarlylygy, ýükleriň ähli görnüşlerini daşamaga ukyplylygy hem-de Türkmenistany iri logistika merkezine öwürmek üçin mümkinçilikleriniň bardygy babatda tapawutlanýandygy bilen şertlendirilendir. Bu logistiki merkez Ýewropa-Aziýa esasy ýol gatnawlaryny özüne birleşdirip biler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji, 66-njy hem-de 70-nji mejlislerinde, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň, ŞGH-nyň sammitlerinde we beýleki ýokary derejeli forumlarda beýan eden halkara başlangyçlary häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de talaplaryny nazara almak bilen, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilendir. Hususan-da, gürrüň BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek baradaky Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada barýar. Onda Hazar we Gara deňizleriň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasyndaky ulag-üstaşyr mümkinçilikleri öwrenmek göz öňünde tutulýar. Häzirki zaman şertlerinde halkara ulag-logistika ulgamy Beýik Ýüpek ýolunyň wezipesini ýerine ýetirýär. Ol halkara syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär hem-de hoşniýetli goňşuçylyk, özara we köptaraply bähbitlilik ýörelgelerine goşulyşmak işiniň möhüm şerti bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda bu mesele milli taryhymyzdan maglumatlaryň, gadymy rowaýatlaryň, ýurdumyzyň häzirki durmuşynyň wakalarynyň mysalynda çuňňur we hemmeler üçin düşnükly derejede açylyp görkezilýär. Maglumatlara baý bolan bu kitapda milli Liderimiz Beýik Ýüpek ýolunyň peýda bolmagynda we işjeň hereket etmeginde türkmen halkyna möhüm orunlaryň biriniň degişlidigini aýratyn belleýär. Bu ýoluň her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdyr. Şeýlelikde, döwletimiziň asyryň iri ulag taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmagy bilen täze taryh ýazylýar hem-de Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek barada täze pikir öňe sürülýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow