Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistan we BMG strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyryna çykýar
Teswirlemeler
Türkmenistan we BMG strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyryna çykýar
Çap edildi 14.09.2017
5460

Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda (ABŞ) BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahaty öz işine başlady. Onda ýurdumyzyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degişli ileri tutulýan garaýyşlaryny hem-de täze başlangyçlaryny beýan eder. Halkara gün tertibiniň ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek, okgunly we durnukly ykdysady ösüşe ýardam bermek, adam hukuklaryny goramak, ekologiýa meseleleri ýaly möhüm ugurlardaky halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar halkara bileleşiginiň gyzyklanma bildirýän ugurlarydyr. Bu bolsa parahatçylyk döredijilik kuwwatyny tutuş dünýäde abadançylygyň, rowaçlygyň hem-de gülläp ösüşiň bähbidine gönükdirýän ýurdumyzyň oňyn syýasatynyň giň goldawa we ykrarnama eýe bolýandygynyň hem-de Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň fewralynda bolan 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu şanly waka Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň umumadamzat ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklady. Kararnamada ýurdumyzyň ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň dowamynda toplan parahatçylyk döredijilikli tejribesi öz beýanyny tapdy. Şu geçen ýyllaryň dowamynda türkmen Bitaraplygy netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň we halklaryň arasynda hakyky dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň täsirli guraly hökmünde özüni görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistan Milletler Birleşiginiň bu maslahatyna häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdi, BMG-niň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda halkara gün tertibinde kesgitelenen möhüm wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, tutuş dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak işindäki ornuny tassyklamak boýunça halkara tagallaryny utgaşdyrmagyň ýolunda möhüm tapgyry hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň binýatlyk esaslary Türkmenistanyň möhüm syýasy ugurlarynda öz beýanyny tapýar. Oňa laýyklykda, döwletimiz Bitaraplyk ýörelgelerine eýermäge, beýleki döwletleriň işine gatyşmazlyga, gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen we syýasy serişdeler arkaly çözmäge ygrarly bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz dünýä bileleşiginiň garamagyna hödürlenilýän halkara başlangyçlarda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň geljeginiň beýanyny tapýandygyny belledi. BMG bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Özara gatnaşyklarda toplanan baý tejribä esaslanmak bilen deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we uzakmöhletleýin esaslara daýanýan däp bolan gatnaşyklaryň häzirki döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilýär. Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlaryna, şol sanda 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji maslahatlaryna wise-başlyklyga gezek saýlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, döwletimiz soňky ýyllarda BMG-niň abraýly düzümleriniň hem-de ykdysady edaralarynyň, şol sanda esasy alty guramalarynyň biri bolan Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 2013-2015-nji ýyllar üçin düzümine saýlanyldy. Munuň özi BMG bilen däp bolan gatnaşyklaryň taryhyndaky möhüm görkezijidir. Häzirki döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň komissiýalarynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň 8-siniň agzasy bolup durýar. Onuň çäklerinde degişli halkara işini alyp barýar. Şeýle düzümleriň sanawynda UNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça (hemişelik esasda) Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komiteti, Ösüş maksady bilen ylym we tehnika boýunça komissiýasy, Durmuş ösüş komissiýasy, BMG Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly energetika boýunça komitetiň býurosy, BMG-niň ilatly ýerler boýunça maksatnamasyny dolandyryjylar geňeşi, BMG-niň gender deňeçerligi we aýallaryň hukuklaryny, mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşi, Ilat we ösüş boýunça komissiýasy bar. Täze ýylda ýurdumyz BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň we aýallaryň derejesi baradaky komissiýanyň düzüminde öz işine girişer. Türkmenistanda adam hukuklary babatda hereketleriň Milli meýilnamasy, Türkmenistanyň Hökümeti bilen UNISEF-iň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýurt maksatnamasynyň hereketler meýilnamasy hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça Ýurt maksatnamasynyň hereketler meýilnamasy BMG-niň ugurdaş agentlikleri, şol sanda BMG ÖM, BMG-niň Çagalar gaznasy we BMG-niň Ilat gaznasy bilen gatnaşyklarynyň anyk netijesine öwrüldi. Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda gol çekilen 2016-2020-nji ýyllar üçin gatnaşyklaryň Çarçuwaly maksatnamasy ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň möhüm wezipelerine we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji maslahatynyň çäklerinde kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna doly kybap gelýär. Mahlasy, Türkmenistan bilen Milletler Birleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar özara düşünişmek hem-de ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalara mahsus derejede ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen şu ýylyň iýun aýynda ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda tassyklanyldy. Türkmenistan BMG-niň birnäçe möhüm konwensiýalaryna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirýär. Biziň ýurdumyz halkara parahatçylygy we howpsuzlygy, dünýä döwletleriniň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüşini goldamagyň hem-de berkitmegiň baş kepili hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň abraýyny we eýeleýän ornuny ykrar etmek bilen, özüniň parahatçylyk döredijilik kuwwatyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň barşynda kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirmäge taýýardygyny görkezýär. Biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynda öňe sürjek täze daşary syýasat başlangyçlary bu ugurdaky anyk çärelerdir. Tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy yzygiderli goldamak Türkmenistanyň öňde duran çäredäki esasy iş ugry bolar. Şunuň bilen baglylykda, terrorçylyga garşy durmak işinde tagallalaryň birleşdirilmegine aýratyn üns berler. Hususan-da, ýurdumyzyň Merkezi Aziýada BMG-niň terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça “Merkezi Aziýa – BMG ýokary derejeli gepleşigiň” netijeleri boýunça şu ýylyň iýunynda kabul edilen Aşgabat jarnamasyny mundan beýläk-de amala aşyrmak maksady bilen köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, häzirki zamanyň wehimlerine netijeli garşy durmakda öňüni alyş diplomatiýasyna möhüm orun berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan hemişe bolşy ýaly, mundan beýläk hem syýasy-diplomatik usullar we serişdeler arkaly halkara meselelerini çözmegiň, dünýäde islendik gapma-garşylykly ýagdaýlary diňe parahatçylykly kadalaşdyrmagyň tarapdary bolup çykyş eder. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmak üçin halkara bileleşiginiň edýän tagallalaryna Türkmenistanyň goşýan goşandyny, döwletimiziň goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi ugrunda berýän kömegini görkezmek bolar. Türkmenistan ýurdumyzyň başlangyjy bilen öz wagtynda Aşgabatda açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň işine işjeň ýardam berýär. Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň çäklerinde howpsuzlygy hem-de parahatçylygy üpjün etmek işinde wajyp meseleleri çözmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny goldamak maksady bilen Kararnamany işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň mümkinçiligine garamak teklip ediler. Durnukly ösüş maksatlarynyň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak döwletimiziň halkara giňişliginde alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugry bolar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalary özünde ählumumy maksatlaryň 17-sini we olar bilen baglanyşykly wezipeleriň 169-syny jemleýän bu maksatnamalaýyn resminamanyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Hususan-da, olaryň hatarynda energiýanyň arzan, ygtybarly we häzirkizaman çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek, ykdysady ösüş hem-de iş bilen üpjünçilik, azyk howpsuzlygy we oba hojalygy, senagatlaşdyrmak hem-de innowasiýalar, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen baglanyşykly göreş boýunça gyssagly çäreleri kabul etmek, ummanlary, deňizleri abat saklamak hem-de rejeli peýdalanmak, çölleşmäge garşy göreşmek, biologiki dürlüligi gorap saklamak ýaly wezipeleri we beýlekileri görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň täze ählumumy strategiýany işläp taýýarlamak işine göniden-göni gatnaşandygyny bellemek gerek. Türkmenistan durnukly ösüş maksatnamasyny milli derejede özleşdirip. , olary milli maksatnamalara we meýilnamalara utgaşdyrmakda bilelikde işläp ugran ilkinji ýurtlaryň biridir. DÖM-niň netijeli amala aşyrylmagy üçin zerur binýady kemala getirmekde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýanynda döredilen Ylmy-amaly merkeze möhüm orun degişlidir. Türkmenistan halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň öňde duran maslahatynyň barşynda daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şu maksat bilen, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek meselelerine aýratyn ähmiýet berler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri hem-de ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolan, ulag ulgamy dünýäniň hojalyk arabaglanyşyklarynyň dürnuklaşdyrylmagyna we sazlaşdyrylmagyna göniden-göni täsir edýär. Türkmenistan bu ugurdaky özara hyzmatdaşlyk meselelerinde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmek meselelerinde işjeň orny eýeläp, daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen bilelikde, iri düzümleýin taslamalary öňe sürýär, sebit we yklym çäklerinde kämil ulag düzüminiň kemala getirilmegine saldamly goşant goşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda öňe sürýän anyk teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň seslenme tapýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Kararnamany kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat üstünlikli geçirildi. Onuň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Beýannamasynda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň bu ugurdaky esasy ýörelgeleriniň, şol sanda bar bolan halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň işini işjeňleşdirmek we täzelerini döretmek boýunça geljekki bilelikdäki işleriniň esasy ýörelgeleriniň düýbi tutuldy. Şulardan ugur almak bilen ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynda “Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary ösdürmek” atly Kararnamany taýýarlamagyň mümkinçiliklerine garamagy teklip edýär. Energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk hem ХХI asyrda dünýä ösüşiniň durnukly we okgunly häsiýetiniň kesgitleýji şerti bolup durýar. Halkara energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleriniň, ýörelgeleriniň binýadynda energetika giňişliginiň, onuň howpsuzlygynyň hem-de durnuklylygynyň häzirkizaman keşbi döredilýär, bularyň ählisi uzak geljek üçin ählumumy ösüşiň umumy ugurlaryny kesgitleýär. Ählumumy we bitewi energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Ol energiýa serişdelerini öndürmek, olary ibermek hem-de ahyrky netijede sarp etmek ulgamlaryny öz içine alýar. Hut şeýle toplumlaýyn çemeleşme Türkmenistanyň Prezidentiniň energetika syýasatynyň esasyny düzýär. Ol ýurdumyzyň bu ulgamdaky teklipleriniň hem-de iş ýüzündäki hereketleriniň many-mazmunyny we ugruny kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ygtybarlylygynyň we goraglylygynyň kepillikleri baradaky başlangyçlary bütin dünýäde çuňňur düşünmek bilen garşylanylýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen ""Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty"" hakyndaky Kararnama hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda energiýa çeşmeleriniň hem-de olary ibermegiň serişdeleriniň howpsuz we kepillendirilen elýeterliligi bilen baglanyşykly meseleler ählumumy häsiýete eýedir. Bu meseleleri çözmek üçin ulgamlaýyn – toplumlaýyn çemeleşme zerur bolup durýar. Ýurdumyz 2017-nji ýylda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk etmeginiň konsepsiýasyna laýyklykda, durnukly energetika ulgamynda täze halkara-hukuk guralyny işläp taýýarlamak işini işjeňleşdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň birnäçesini amala aşyrýar. Türkmenistan maslahatyň çäklerinde energiýa çeşmeleriniň hem-de energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin guramaçylyk, hukuk, ykdysady, tehniki we beýleki zerur şertleri döretmek işine işjeň gatnaşar. Türkmenistan Baş Assambleýanyň nobatdaky maslahatynyň barşynda daşky gurşawy goramagyň, suw serişdelerini dolandyrmagyň, tebigy hem-de tehnogen betbagtçylyklaryň öňüni almagyň we täsirini peseltmegiň möhüm meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşar. “Ýaşyl” ykdysadyýete geçmek – bu tutuş adamzadyň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän bütindünýä ýörelgesidir. Ol innowasion, serişdeleri tygşytlaýan hem-de ekologiýa taýdan howpsuz önümçilik tehnologiýalaryna esaslanmak bilen, adamlaryň abadançylygyny has-da ýokarlandyrýar hem-de daşky gurşaw üçin töwekgelçilikleri azaldýar. Bu meselelere uly üns berýän hormatly Prezidentimiz birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Hususan-da, şol başlangyçlaryň ençemesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda, BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, BMG-niň tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça Ýaponiýada geçirilen III Bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan edildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça edarasyny döretmek babatda yzygiderli işleri alyp barýar. Ekologiýa we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ulgamynda bilelikde işlemek bu düzümiň işiniň möhüm ugry bolmalydyr. Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynda (AHHG) Başlyklyk etmegini nazara almak bilen, ýurdumyz 2018-nji ýylda Türkmenistanda BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM), BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy (UNEP), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi ýaly ýöriteleşdirilen halkara düzümleriň gatnaşmagynda AHHG-ni dörediji döwletleriň Baştutanlarynyň sammitini geçirmegi teklip edýär. Onuň gün tertibinde ekologiýa çökgünliginiň netijelerini ýeňip geçmekde Aral deňziniň ýakasyndaky döwletlere kömek bermek üçin hereketleriň täze maksatnamasyny işläp taýýarlamak, ýokarda agzalan Gaznanyň işiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, bitewi sebit maglumat ulgamyny döretmek we beýleki meseleler bolar. Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ynsanperwer ulgamy hem bar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bu babatda BMG-niň adamyň hukuklary boýunça Ählumumy jarnamasynda ykrar edilen adamyň, milletleriň we halklaryň hukuklaryny üpjün etmäge hem-de goramaga gönükdirilen esasy ýörelgeleri we edaralary birleşdirýän ynsanperwer hukuk ulgamynda özüniň halkara borçnamalaryny birkemsiz berjaý edýän döwlet hökmünde özüni görkezdi. Türkmenistan esasy konwensiýalaryň we halkara-hukuk resminamalarynyň 120-den gowragyna goşuldy. Olaryň köpüsi häzirki döwrüň möhüm ynsanperwer meseleleri bilen baglanyşyklydyr. BMG-niň Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolan ýurdumyz bosgunlaryň hukuklaryny üpjün etmek we goramak, apatridler ulgamynda halkara tagallalaryny birleşdirmegiň işjeň tarapdary bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan ykbalyň emri bilen öz Watanyny terk etmäge mejbur bolan adamlaryň köpüsi üçin ikinji öýüne öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz “2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda gün tertibiniň” düzgünlerini ýerine ýetirmek hem-de adamyň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde sportuň eýeleýän ornunyň artýandygyny ykrar edip, ýakyn wagtda Aşgabatda dabaraly ýagdaýda açyljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bosgunlaryň olimpiýa toparynyň gatnaşmagy baradaky başlangyjy öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz BMG-niň adam hukuklary baradaky geňeşiniň 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ženewada geçiriljek 36-njy mejlisiniň çäklerinde bosgunlaryň olimpiýa toparynyň parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşýan gymmatly goşandyny höweslendirmek hakyndaky resminamany kabul etmegi teklip edýär. Mundan başga-da, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynyň resmi resminamasy hökmünde çap edilen “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresiniň jemleýji Jarnamasyna esaslanyp, ýurdumyzda UNESKO-nyň howandarlygynda bedenterbiýä we sporta jogap berýän ministrleriň hem-de ýolbaşçy işgärleriň ýedinji halkara maslahatyny geçirmek barada teklip bilen çykyş eder. Häzirki zaman dünýäsiniň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, ählumumy kiber-howpsuzlygy üpjün etmek işinde dünýä bileleşiginiň işini işjeňleşdirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň esasy başlangyçlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki döwürde dünýäniň ösüşi maglumat-tehnologiýa ulgamyndaky okgunly ösüş bilen utgaşýar. Şeýlelikde, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ugrunda çykyş edýän Türkmenistan sebit hem-de dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine oňyn halkara gatnaşyklaryna ygrarlydygyny ýene-de iş ýüzünde tassyklap, häzirki döwrüň wajyp meselelerine çuňňur oýlanyşykly, sazlaşykly çemeleşmeleri görkezýär hem-de olary çözmegiň has oňaýly ýollaryny işläp taýýarlamak boýunça yzygiderli ädimleri ädýär.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow