Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistan tutuş Ýer ýüzünde abadançylygyň bähbidine möhüm halkara başlangyçlary yzygiderli durmuşa geçirýär
Teswirlemeler
Türkmenistan tutuş Ýer ýüzünde abadançylygyň bähbidine möhüm halkara başlangyçlary yzygiderli durmuşa geçirýär
Çap edildi 12.09.2017
5164

Ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly aragatnaşyklary has-da artdyrmagy we pugtalandyrmagy aýgytly maksat edinýän Türkmenistan milli hem-de umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän “açyk gapylar” syýasatyny netijeli alyp barýar. Şu ýylyň awgustynda ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary tarapyndan giň halkara hyzmatdaşlyk babatda geçirilen köpsanly işewür duşuşyklar, maslahatlar hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan daşary syýasat strategiýanyň netijelidigine şaýatlyk edýär. 7-nji awgustda DIM-de BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarlynyň Müdirliginiň sebitleýin wekili, sebitleýin utgaşdyryjysy hanym Ýasuko Oda baştutanlyk edýär. Duşuşykda Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunçaV Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görlüşiniň barşy hem-de öňde boljak yklymlaýyn ýaryşlara bosgunlaryň ýygyndy toparynyň gatnaşmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hanym Ýasuko Oda bu wakanyň özboluşlydygyny nygtap, şeýle teklip hem-de şunuň ýaly uly möçberli çärä Keniýadan bolan bosgunlaryň gatnaşmagyna döredilen mümkinçilik üçin BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarlnyň Müdirliginiň ýolbaşçylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi. BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň wekiliýeti V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň hem-de Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri bilen hem duşuşdy. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Ýerine ýetiriji komitetiň Bosgunlaryň ýygyndy toparynyň Aşgabat oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşjakdygy baradaky habarynyň aýratyn wajypdygyny bellemek gerek. Olimpiýa raýdaşlygynyň ruhunda sportuň parahatçylyk döredijilik tugy astynda bosgunlaryň birleşdirilen topary 65 wekiliýetiň, ýagny Merkezi Aziýanyň taryhynda sportuň köp görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynyň iň irisine gatnaşyjylaryň biri bolar. Bosgunlaryň toparyny “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjylaryň düzümine goşmak baradaky çözgüt olaryň “Rio-2016” Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyndan soň kabul edildi. Şonda adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli, öz Watanyny terk etmäge mejbur bolan türgenleriň çykyşyny ählumumy goldaw bilen kabul etdiler. 8-nji awgustda DIM-de Aşgabada iş sapary bilen gelen maliýe ministriniň orunbasary Nikoloz Gaguanyň baştutanlygyndaky Gruziýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn depgini nygtaldy, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmagyň mümkinçiliklerine garaldy. 30-njy awgustda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin bilelikdäki Hökümetara toparynyň mejlisiniň geçirilendigini hem ýatladýarys. Şonda taraplar bar bolan uly mümkinçilikleri nazara alyp, ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy işjeň giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar. Duşuşyga iki dostlukly ýurduň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny goşmak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň anyk meseleleri hem-de dürli pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri girizildi. 11-nji awgustda DIM-de Pakistan Yslam Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýparly ilçisi Murad Aşraf Janjua bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ykdysadyýet, söwda, medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri seljerildi. Bellenilişi ýaly, taryhy-medeni umumylygyň hem-de ylym-bilim aragatnaşyklarynyň esasynda işjeň özara hereket edilmegi halklarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň has-da ýakynlaşmagyna we berkemegine ýardam eder. Aşgabat we Yslamabat Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň iri möçberli strategiki taslamayny ýerine ýetirmekde hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini herekete getirmegi maksat edinýärler. Bu taslama türkmen tebigy gazyny Günorta Aziýa sebitiniň iri ýurtlaryna uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. 17-nji awgustda DIM-de Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Khawaja Muhammad Asifiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Ara alnyp maslahatlaşylan, özara gyzyklanma döredýän ugurlaryň hatarynda ykdysadyýet, söwda, ylmy-tehniki, ynsanperwer ulgamlarynda köptaraply gatnaşyklary pugtalandyrmak baradaky meseleler boldy. Taraplaryň ikisiniň hem halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde özara hereketleri has-da ösdürmäge ygrarlydygy nygtaldy. Pakistanyň daşary işler ministri sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orun tutýan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň netijeliligini aýratyn belledi. 18-nji awgustda Aşgabatda Hökümetara türkmen-pakistan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, bu toparyň öňki mejlisiniň tekliplerini durmuşa geçirmek meseleleri girizildi. Duşuşyga gainaşyjylar söwda-ykdysady we ulag pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak babatda pikirlerini aýtdylar. Pakistan wekiliýetiniň agzalary daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işlemegi üçin Türkmenistanda döredilen oňyn maýa goýum ýagdaýyny belläp, öz ýurdunyň işewür toparlarynyň söwda ulgamynda hem-de işewür düzümleriniň ugurlary boýunça özara gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändiklerini aýtdylar. Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Pakistana türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak babatda iri halkara taslamalaryny durmuşa geçirmek işinde strategiki taýdan möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýar. 13-nji awgustda Hinlistan Respublikasynda Söwda, ykdysady, ylym we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-hindi hökümetara toparynyň nobatdaky 6-njy mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýeti iş sapary bilen şol ýurda ugradyldy. Energetika, ulag we aragatnaşyk, himiýa senagaty, oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ylym, medeniýet we bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport hem-de häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamlarynda gatnaşyklaryň wajypdygy nygtaldy. Saparyň barşynda Hindistanyň ýolbaşçylary hem-de döwlet we hususy düzümleriniň wekilleri ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi anyklaşdyryldy hem-de mundan beýläk-de özara hereket etmegiň meýilnamalary bellenildi. 21-nji awgustda Abu-Dabi şäherinde türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň nobatdaky mejlisi geçirildi. Işewür, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda strategiki taýdan möhüm bolan ähli ugurlar boýunça, şol sanda sebit we halkara kompaniýalary tarapyndan maýa goýumlary amatly goýmak nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleri Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň hem-de BMG-niň degişli kararnamalary bilen tassyklanylan energetika, ulag we howpsuzlyk ulgamlaryndaky öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň wajypdygyny nygtadylar. 22-nji awgustda türkmen wekiliýeti BAE-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri, “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň dolandyryjy direktory hanym Rim Ibrahim Al Haşimi bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän dürli pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazari-Şarif şäherinde bilelikdäki “Türkmenistan” söwda öýüniň açylmagy geçen aýyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy. Taslama iki ýurduň döwlet düzümleriniň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan owgan hususy kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy. Täze söwda öýi Owganystanyň halkynyň durnukly durmuşyny ýola goýmak işinde Türkmenistanyň nobatdaky ädimidir. Şu babatda söwda hemişe, ähli döwürlerde durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmäge hem-de ähli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyna ýol açýan oňat gural bolupdy. Şol günler Mazari-Şarifde türkmen işewürleriniň owgan işewürleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda işewür gatnaşyklary ösdürmek hem-de özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, bilelikdäki maslahatlary we sergileri geçirmek, ykdysadyýet hem-de maýa goýumlar ulgamynda maglumatlary alyşmak boýunça geçirilmeli çärelere garaldy. Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Balh welaýatynyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşygynda hem özara hereket etmegiň anyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 12-nji awgustda ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda bellenip geçilen Hazar deňziniň güni owadan baýramçylyk ösüşgünlerine baý boldy. Her ýyl geçirilýän çäre jemgyýetçiligiň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tebigaty goraýyş syýasatyny giňden wagyz etmäge hem-de ekologiýa, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir. Hazar gününiň maksatnamasyna “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça gazanylýan üstünlikler” atly ylmy-amaly maslahat, medeni hem-de sport çäreleri girizildi. Çärelere myhman bolup Hazarýaka döwletleriniň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG), Ýewropa Bileleşiginiň, Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýetiniň (GIZ), Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň (MASEM) wekilleri hem-de beýlekiler gatnaşdylar. Deňiz ýakasynyň çagalar döredijilik toparlarynyň konserti baýramçylyk agşamynyň jemleýji bölegi boldy. Konsertiň maksatnamasyna Hazarýaka ýurtlaryň halklarynyň milli tanslary we aýdymlary goşuldy. Awazadaky duşuşyklar Hazar deňziniň güni mynasybetli baýramçylyga gatnaşyjylara we myhmanlara ýatdan çykmajak täze täsirleri bagyş edip, Ýer ýüzüniň bu täsin tebigy merjenini gorap saklamagyň bähbidine raýdaşlyk hyzmatdaşlygynda ýene-de bir ädime öwrüldi. 2017-nji ýylyň awgust aýy ajaýyp wakalara baý bolup, bizi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna barha ýakynlaşdyrdy. Tutuş ýurdumyz ajaýyp sport baýramçylygyna garaşýar. “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň dabaraly açylmagyna çenli günler azaldygyça, bu uly möçberli ýaryşlaryň resmi hemaýatkärleriniň sany barha artdy. Ine, Ýerine ýetiriji komitetiň habaryna görä, “Hyundai Engineering” hem-de ýurdumyzyň “Türkmen ak ýol” kompaniýasy oýunlaryň nobatdaky resmi hemaýatkärleri boldular. “PETRONAS”, “Mastercard”, “Dragon Oil”, “CNPC” kompaniýalarynyň, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hemaýatkärleri bolup çykyş etjekdiklerini ýatladýarys. Jemleýji tapgyryna gadam goýan V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan “Ýörite lybaslary paýlamak we akkreditasiýa merkeziniň” (UDAC) açylmagy hem möhüm waka öwruldi. Aşgabatda işläp başlan merkeziň iş wezipelerine oýunlaryň guramaçylary we gatnaşyjylary, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň türgenleri, Milli Olimpiýa Komitetleriniň resmi adamlary, eminler, meýletinçiler, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň, halkara habar beriş serişdeleriniň we beýlekileriň wekilleri üçin akkreditasiýa resminamalaryny taýýarlamak hem-de çap etmek işleri girýär. Şunuň bilen birlikde, bu merkez oýunlara gatnaşyjylaryň we hyzmat edýän işgärleriň ähli degişli toparlaryna ýörite lybaslary bermek hyzmatyny amala aşyrar. Ginnesiň rekordlar kitaby üçin maglumatlary toplamak bilen meşgullanýan “Guinness World Records” kompaniýasynyň wekilleriniň käbir desgalaryň ölçegleri boýunça iň irileri hökmünde Aşgabadyň täze gözel desgalaryny hasaba alandygy baradaky habar awgustyň ýene-de bir şatlykly wakasyna öwrüldi. Muny bu neşiriň wekili tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gowşurylan güwänamalar hem tassyklaýar. Şol güwänamalara laýyklykda, paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionyny bezeýän bedewiň çeper keşbi Ýer ýüzünde atyň iň uly binagärlik nyşany, Olimpiýa şäherjiginiň sportuň suw görnüşleriniň merkezi bolsa iň täze tehnologiýalar hem-de ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän ekologiýa taýdan örän arassa serişdeler ulanylan dünýäde iň uly üsti ýapyk ýüzülýän howuz hökmünde ykrar edildi. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanyp, Ýerewanda žurnalyň neşir edilendigini bellemek gerek. Ýerewanyň “Tigran Mes” neşirýatynda iňlis dilinde çap edilen bu ýygyndyda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde “Aşgabat 2017” oýunlary hakynda çap edilen maglumatlar we giňişleýin makalalar ýerleşdirildi. Owadan suratlar we özboluşly bezeg serişdeleri bilen utgaşdyrylan bu makalalar bitewülikde okyjylara AIMAG görnüşindäki halkara möçberli oýunlaryň taryhynda görlüp-eşidilmedik ägirt uly sport baýramçylygyna biziň ýurdumyzyň görýän taýýarlygy barada düşünje almaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, awgust aýynyň wakalary ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp düzen möhüm halkara başlangyçlarynyň takyk, yzygiderli hem-de yhlas bilen durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyzyň halkara başlangyçlarynyň aýrylmaz we baş ugry bolsa diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň abadançylygynyň bähbidine örän ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan ybaratdyr.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow