Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysy öz toparynda ikinji orny eýeledi
Sport
Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysy öz toparynda ikinji orny eýeledi
Çap edildi 07.09.2017
3317

Ýurdumyzyň milli ýygyndy topary Aziýanyň Kubogy ugrundaky saýlama oýunlarynyň final böleginiň üçünji tapgyrynda Singapuryň topary bilen duşuşyp, oýny deňme-deň tamamlady. Munuň özi türkmen futbolçylaryna “E” toparda ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi, bu toparda 2019-njy ýylyň tomsunda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek iri ýaryşlara gatnaşmak üçin iki ýollanma ugrunda bäsleşilýär. Duşuşyk Singapuryň “Besar Stadiun” stadionynda geçirilip, çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Hasap oýnuň ikinji ýarymynda açyldy, biziň bäsdeşimiz Şakir Hamzah duşuşygyň 62-nji minutynda tapawutlanmagy başardy. Galan ýarym sagadyň dowamynda türkmen futbolçylary hasaby deňlediler. Hüjümçi Altymyrat Annadurdyýew oýnuň tamamlanmagyna 10 minut galanda, dürs urgy bilen pökgini derwezä geçirdi. Oýun 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Bu tapgyryň oýunlarynyň netijeleri biziň toparymyza birinji aýlawdan soň 4 utuk bilen ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Bu görkeziji, ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň galan üç duşuşygyň ikisini öz meýdançalarynda geçirjekdikleri hasaba alnanda, Aziýa kubogyna gatnaşmak üçin oňat mümkinçilikleri berýär. Bahreýniň ýygyndy topary Hytaý Taýpeýiniň futbolçylaryny 5:0 hasabynda utup, 7 utuk bilen toparda öňdeligi eýeleýär. Taýpeýiň topary birinji aýlawdan soň 3 utuk toplady. Singapuryň futbolçylary 2 utuk bilen toparda soňky orny eýeleýär. Türkmenistanyň ýygyndy topary indiki duşuşygy 2017-nji ýylyň oktýabrynda toparda iň yzda barýan Singapuryň futbolçylary bilen Aşgabatda geçirer.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow