Baş sahypa
\
Sport
\
“Aşgabat 2017” Oýunlaryna futzal boýunça bije atyldy
Sport
“Aşgabat 2017” Oýunlaryna futzal boýunça bije atyldy
Çap edildi 18.08.2017
3711

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek maksatnamasynyň çäklerinde futzal boýunça ýaryşlara bije atyldy. Türkmenistanyň ýygyndy topary Wýetnamyň, Taýbeýiň (Hytaý), Gonkongyň (Hytaý) we Solomon adalarynyň türgenleri bilen “A” toparda çykyş eder. Bu bäsleşikleriň “Aşgabat 2017” oýunlarynda iň gyzyklylarynyň biri boljakdygyny bellemek gerek. Bije atylyş çäresi başlanmazyndan ozal “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň baş ýerine ýetiriji direktory Jeýms Bulleý dabara gatnaşyjylara Oýunlaryň resmi keşbi – Wepaly alabaý döretmegiň taryhy barada gürrüň berdi, şeýle hem futzal boýunça ýaryşlaryň barşynda peýdalanyljak resmi pökgüni görkezdi. Şunda ol öňde boljak sport ýaryşlarynyň baýramçylyk ýagdaýynyň hemme ýerde duýulýandygyny we bije atylyş dabarasynyň türkmenistanlylaryň öz ýurduna bolan tolgundyryjy buýsanjyny has-da artdyrandygyny belledi. Futzal boýunça ýaryşlarda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy toparlaýyn tapgyrda Tailandyň we Palestinanyň toparlary bilen duşuşar. Erkekleriň arasyndaky ýaryşlarda 18 ýygyndy 4 komandadan ybarat 2 topara hem-de 5 komandadan ybarat bolan 2 topara bölündi. Ýeňijiler hem-de toparlaýyn ýaryşlarda ikinji orunlary eýelänler bäsleşikleri çärýek finalda dowam ederler. Çärýek finalda ýeňiji bolan dört komanda ýarym finala çykar. Onda ýeňiji bolanlar ýaryşlaryň final tapgyrynda altyn we kümüş medallar ugrunda bäsleşerler, utulan toparlar bolsa bürünç medallar üçin güýç synanyşarlar. Erkekler ýygyndy toparlarynyň arasyndan seçip almak Aziýa futbol konfederasiýasy tarapyndan 2016-njy ýylda Özbegistanda geçirilen futzal boýunça çempionatyň finalynyň netijeleri göz öňünde tutulyp geçirildi. “B” toparyna Özbegistanyň, Hytaýyň, Owganystanyň, BAE-niň hem-de Maldiwiň komandalary, “C” toparyna bolsa Tailandyň, Ýaponiýanyň, Liwiýanyň we Indoneziýanyň komandalary girýär. “D” toparynda Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Iordaniýanyň we Taitiniň wekilleri çykyş ederler. Zenanlaryň arasynda futzal boýunça bäsleşiklerde komandalar 3 komandadan ybarat 3 topara bölüner. Her topardan ýeňijiler hem-de saýlama tapgyrynda toparlarynda ilkinji iki orny eýelän toparlar ýarym finalda oýnarlar. Ýarym finalyň ýeňijileri altyn we kümüş medallar ugrunda bäsleşerler. Utulan komandalar bürünç medallar ugrunda güýç synanyşarlar. Zenanlar ýygyndy toparlaryny seçip almak Aziýa futbol konfederasiýasy tarapyndan 2015-nji ýylda Malaýziýada guralan futzal boýunça çempionatyň final netijeleri hasaba alnyp geçirildi. Şunda “B” topary Eýranyň, Gonkongyň (Hytaý) hem-de Indoneziýanyň, “C” topary bolsa Ýaponiýanyň, Hytaýyň we Wýetnamyň komandalaryndan ybarat bolar. Türkmenistanlylara toparlaýyn bäsleşiklerde ýeňil bolmadyk duşuşyklar garaşýar. Ol ilkinji nobatda futzal boýunça Aziýanyň birnäçe gezek çempiony Ýaponiýanyň ýygyndy toparydyr. Bu ýurduň türgenleri dünýä çempionatlaryna hem ençeme gezek gatnaşyp, gaýyş pökgüniň ussatlary ýokary netijeleri görkezipdiler. Emma muňa garamazdan, hünärmenler Türkmenistanyň ýygyndysynyň bäsdeşleriniň biziň ýygyndy komandamyz tarapyndan çynlakaý hüjüme sezewar boljakdyklaryny çaklaýarlar. Ýurdumyzyň ýygyndy topary “Aşgabat 2017” oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde halkara okuw türgenleşiklerini ýokary depginde geçýär. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda futzal boýunça ýaryşlar Köpugurly sport toplumynda 16-22-nji sentýabrda hem-de 24-26-njy sentýabrda geçiriler. Zenanlaryň arasynda futzal boýunça final ýaryşy 25-nji sentýabrda, erkekleriň arasynda 26-njy sentýabrda geçiriler. Futzal sportuň görnüşi bolup, bu oýun boýunça bäsleşikler FIFA-nyň howandarlygynda geçirilýär. Dünýäniň meşhur futbol ýyldyzlary çaga döwürlerinde futzal oýnap öz ussatlygyny kämilleşdiripdirler. Düzgüne laýyklykda oýnuň dowamlylygy 40 minut – her biri 20 minutdan ybarat iki bölümdir. Emma ýoldaşlyk duşuşyklarynda taraplaryň özara ylalaşygy boýunça kadalar üýtgedilip bilner.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow