Baş sahypa
\
Sport
\
Bosgunlaryň ýygyndy topary «Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşarlar
Sport
Bosgunlaryň ýygyndy topary «Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşarlar
Çap edildi 16.08.2017
3599

Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentliginiň habarçysyna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlanmagyň Ýerine ýetiriji komitetinde aýdyldy. Aşgabat Aziadasynda bosgunlara wekiliýetiň baştutany, Keniýanyň olimpiýa çempiony Tegla Lurup ýol görkeziji bolar, şeýle hem ol BMG-nyň “Sport we parahatçylyk” taslamasynyň ilçisidir. Sportuň ylalaşdyryjylyk baýdagynyň astynda Olimpiýa raýdaşlygynyň ruhunda birleşen bosgunlar topary Merkezi Aziýada sportyň köp ugurlary boýunça halkara ýaryşlarynyň taryhynda iri gatnaşyjylar bolan 65 wekiliýetiň biri bolar. Bosgunlaryň toparyny “Aşgabat 2017-niň” oýunlaryna gatnaşyjylaryň düzümine girizmek baradaky çözgüt olaryň “Rio-2016” Olimpiýa oýunlaryna gatnaşanlaryndan soňra kabul edildi. Ol ýerde adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli öz ýurtlaryndan çykyp gaýtmaga mejbir bolan türgenleri ählumumy makullama we goldaw bilen garşyladylar. BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Agentliginiň bosgunlaryň sport utgaşdyryjysy Klod Marşallyň belleýşi ýaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komiteti şu ýylyň başynda bosgunlar toparynyň “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşmaklary baradaky teklip bilen ýüzlendi. “Bosgunlar hem edil biziň ýaly adamlar. Olar bizden hiç bir babatda tapawutlanmaýarlar hem-de beýleki türgenler bilen deň hatarda bäsleşip bilerler. Bosgunlaryň kynçylyklaryň içinden geçmäge mejbur bolandyklary olaryň ýeke-täk tapawutly tarapydyr” diýip, iş wezipesi bosgunlary sporta taýýarlamakdan ybarat bolan Marşall aýtdy. Halkara olimpiýa komiteti we BMG-niň bosgunlar baradaky Agentligi soňky 22 ýylyň içinde bosgunlaryň ýerleşýän ýerlerinde sportuň elýeterli bolmagy ugrunda bilelikde iş alyp bardylar. Halkara olimpiýa komiteti şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy üçin maksatlaýyn serişdeleri bölüp berýär. Bosgunlaryň topary Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek Rio-de-Žaneýroda bolan Olimpiada gatnaşdylar. Halkara olimpiýa komitetiniň Prezidenti Tomas-Bah bu çözgüdi “taryhy” diýip atlandyrdy. Dürli ýagdaýlar sebäpli öz Watanlaryndan daş düşen türgenleri Olimpiýa oýunlara çekmek teklibi T.Bah tarapyndan 2015-nji ýylda aýdyldy. Onuň şonda Ýewropa göçüp barýan bosgunlaryň uly toparynyň hor-homsy ýagdaýyna ýüregi gyýylýar. Şondan soňra Halkara olimpiýa komitetiniň agzalary dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni bu meselä çekmek üçin şol “taryhy” çözgüdi kabul edýärler. Olar “Munuň özi bütin dünýäniň bosgunlary üçin ynam duýduryş bolar” diýip beýan etdiler. Indi bolsa ýer ýüzüniň Aziýa böleginiň iri ýaryşlarynda – “Aşgabat 2017” Oýunlarynda senasy Aziýanyň olimpiýa geňeşiniň senasy bolan bosgunlaryň ýygyndy topary çykyş eder.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow