Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Milli Liderimiz we “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler
Syýasy habarlar
Milli Liderimiz we “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler
Çap edildi 16.08.2017
1412

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň belli “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Žil Remini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýäniň dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalar, şol sanda milli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy hasaplanýan “Cifal” kompaniýasy bilen özara peýdaly gatnaşyklara gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki iş boýunça toplanan tejribäni nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy. Nebitgaz pudagy, senagat we raýat gurluşygy, konsalting we bilermen hyzmatlary gatnaşyklaryň esasy ugurlary hökmünde görkezildi. Dünýäniň, şol sanda Ýewropanyň iri işewürlik düzümleriniň Türkmenistana bolan we barha ýokarlanýan gyzyklanmalary barada aýtmak bilen, myhman munuň özi sazlaşykly ösýän ýurduň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň we milli Liderimiziň ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine parahatçylygyň, durnuklylygyň berkidilmegine, amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen daşary we içeri syýasatynyň aýdyň netijesidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Žil Remi özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň indi 25 ýyl bäri gatnaşyk edýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidigini belledi. Şeýle hem milli we halkara ähmiýetli birnäçe iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi, şol sanda Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Cifal kompaniýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza Owganystan Yslam Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň çäklerinde GFR-iň “ILF” kompaniýasy bilen bilelikde TOPH-nyň işlerini taslamalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanyň hyzmatdaşlyga bolan işjeň çemeleşmelerini oňlap, ýokary ylmy-tehniki çözgütleri, täzeçil tehnologiýalary esasy ugur edinýän Türkmenistanyň dünýä işewürleriň wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz we “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hoşlaşanlarynda, birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň möhüm ugurlaryna we türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň wezipelerine laýyk gelýän özara peýdaly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
top-arrow