Baş sahypa
\
Sport
\
Aziýanyň çempionlarynyň hatarlary dolýar
Sport
Aziýanyň çempionlarynyň hatarlary dolýar
Çap edildi 14.08.2017
3359

Ýurdumyzyň ýygyndy topary Eýranda geçirilen kuraş boýunça ýaşlaryň Aziýa çempionatynda çykyş edip, dokuz medala eýe boldy. Aziýa çempionatyna 11 ýurtdan iň gowy türgenleriň 110-sy ýygnandy. Muňa garamazdan, türkmen türgenleri ýokary ussatlyk derejesini görkezip, bir altyn, bir kümüş hem-de ýedi bürünç medala mynasyp boldular. Sportuň başa-baş söweş sungatlary görnüşi boýunça güýçli hasaplanýan Koreýa Respublikasy, Taýwan, Hindistan, Wýetnam, Eýran, Yrak, Liwan we beýleki ýurtlaryň toparlarynyň arasynda umumytoparlaýyn hasapda üçünji ornuň eýelenmegi hem ýokary görkezijidir. Ildeşimiz Şamuhammet Gurbanowyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belentden ýaňlanmagy onuň uly sport ýeňşini dabaralandyrdy. Şamuhammet 60 kilogram agram derejesinde çykyş edip Watanymyza altyn medal hem-de Aziýanyň çempiony diýen belent at bilen dolanyp geldi. Şol agram derejede çykyş eden Atabeg Begmyradow kümüş medal bilen ikinji orna mynasyp boldy. Merdan Hamraýewe (73 kg), Eziz Amanowa (81 kg), Myrat Garaýewe (81 kg), Ulugbek Gurbanowa (90 kg), Sylap Rozyweliýewe (90 kg), Arzuw Hallyýewe (100 kg) we Mehmetkerim Nazarowa (100 kg-dan ýokary) dabaraly ýagdaýda bürünç medallar gowşuryldy. Milli ýygyndy toparymyzyň kuraş boýunça ýakyn geljekki ätiýaçlygy bolan ýaşlar toparynyň gazanan netijeleri “Aşgabat 2017” oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň bu görnüşiniň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow