Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 40 göterim artdy
Ykdysadyýet
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 40 göterim artdy
Çap edildi 08.08.2017
1880

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2017-nji ýylyň 6 aýynda geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdireniňde 40 göterimden hem köp artdy. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýew bilen Bakuda geçirilen gepleşikleriň dowamynda aýtdy. Şunda ikitarapda hem bar bolan mümkinçilikleriň ýeterlik peýdalanylmaýandygy, söwda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýynyň iki ýurduň hakyky mümkinçiliklerine laýyk gelmeýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň hem-de haryt dolanyşygynyň depginleriniň ýagdaýyny bilelikde içgin seljermegi teklip etdi. Türkmenistanda we Azerbaýjanda kuwwatly senagat we agrar binýady häzirki zaman ulag düzümleri döredildi, indi bolsa senagaty koorperasiýalaşdyrmak, hyzmatlar we oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak möhümdir diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Nebithimiýa, gazhimiýa we elektroenergetika pudaklary bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarydyr. Aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlarynda hem hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleri bar. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe hem-de Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe ugurlary boýunça ulag başlangyçlary barada aýtdy. Türkmenistan şeýle hem Baku-Tbilisi-Kars ulag geçelgesiniň gurluşygyny goldaýar, ol Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe demir ýol ulgamlaryny birleşdirer. Bu taslama boýunça uly işler durmuşa geçirildi, ol tamamlaýjy tapgyra gadam basdy hem-de sebitde söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam berer.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow