Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Geçen hepdede birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 640 müň dollardan gowrak boldy
Ykdysadyýet
Geçen hepdede birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 640 müň dollardan gowrak boldy
Çap edildi 29.07.2017
2005

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler dürli görnüşli tekiz boýalan žakkard tüýjümek önümleri, flanel matany, nah ýüplükleri, hojalyk pamygyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 640 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýanyň we Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 339 müň manatlykdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 1 million 102 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaý satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow