Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan ýarym ýylda 105 halkara resminamalara gol çekdi
Syýasy habarlar
Türkmenistan ýarym ýylda 105 halkara resminamalara gol çekdi
Çap edildi 07.07.2017
1490

Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda dürli derejedäki wekiliýetleriň 248-si döwletimize sapar bilen geldi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berdi. “Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” yzygiderli durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrliginiň şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan daşary ýurtlara 404 wekiliýet iberildi. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli derejeli çäreleriň 134 sanysy guraldy hem-de halkara resminamalarynyň 105-sine gol çekildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 22 duşuşyk guraldy. Ýylyň başyndan bäri ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň 11 sanysy hem-de ikitaraplaýyn işewürler maslahatlarynyň ençemesi geçirildi.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
top-arrow