Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
TDU-da “Arkadagyň ajap eýýamy” atly kitabyň tanyşdyrylyşy boldy
Syýasy habarlar
TDU-da “Arkadagyň ajap eýýamy” atly kitabyň tanyşdyrylyşy boldy
Çap edildi 30.06.2017
2980

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Arkadagyň ajap eýýamy” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Ol türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 60 ýaşyna bagyşlanan neşir ýurdumyzyň durmuşyndaky iň möhüm wakalar hem-de ähmiýetli seneler, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň geçen 10 ýyllyk ýoly barada publisistik gürrüňler görnüşindedir. Tanyşdyrylyş dabarasynyň öňüsyrasynda uniwersitetiň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Sergide çeper işler, amaly-haşam sungatynyň eserleri hem-de neşirýat önümleri görkezildi. Maslahatlar zalynda geçirilen duşuşykda hökümet agzalary, milli parlamentiň başlygy we deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlary, syýasaty öwrenijiler, hormatly ýaşulular hem-de köpsanly ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň esasy häsiýetli aýratynlygy onuň egsilmez agzybirliginden, halkyň Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň many-mazmunyna doly akyl ýetirmeginden ugur alyp, ruhy däplere, medeni mirasa daýanýan milli Lideriniň töweregine jebisleşmeginden ybaratdyr. 2007-2017-nji ýyllar aralygyndaky taryhy wakalary öz içine alýan täze kitapda bular barada gürrüň berilýär. Ol terjimehal böleginden başlanyp, onda döwlet Baştutanymyzyň çagalygy, ýaşlygy, zähmet ýoluna başlaýşy, hünär taýdan kämilleşişi, ylym ulgamyndaky alyp barýan işleri hem-de ýolbaşçy wezipelerdäki işleri barada beýan edilýär... Indiki bölümler döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident wezipesinde ýurdy dolandyrýan ýyllaryna bagyşlanypdyr. Olar parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş ýaly milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň baş ugurlaryny aýdyň ýüze çykarýar. Şol syýasatyň esasy ýörelgelerinde, şeýle hem ynsanperwerlik, durmuş adalatlylygy, ýokary ruhubelentlik, anyk netijelere tarap ugurlar jemlenendir. Ylmy-populýar görnüşde döwletiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylyş işleri görkezilýär,Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki wezipeleri, ileri tutulýan baş ugurlar hem-de milli Liderimiziň möhüm halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça çäreler beýan edilendir. “Arkadagyň ajap eýýamy” atly kitap fotosuratlar, şol sanda resmi habarlaryň şekilleri bilen giňden bezelipdir. Täze neşir giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir, ol syýasatçylar, ykdysadyýeti seljerijiler, jemgyýetçilik ylymlarynyň mugallymlary, talyplar üçin hem ygtybarly kömekçi bolup biler.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow