Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2017
1443

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gazagystan Respublikasynyň Baştutany milli Liderimizi 60 ýaşy bilen tüýs ýürekden gutlady we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde jogapkärli işinde üstünlikler arzuw etdi. Prezident Nursultan Nazarbaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgerendigini, halkara abraýynyň barha artýandygyny belledi. Aşgabat iri halkara duşuşyklarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bellenilişi ýaly, Gazagystan hemişe türkmen Lideriniň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny goldaýar we doganlyk halkyň üstünliklerine tüýs ýürekden begenýär. Döwlet Baştutanymyz gazagystanly kärdeşine gutlaglary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, oňa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we iki ýurduň arasynda dostluk, deňhukuklylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki döwürde has-da okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Söhbetdeşler täze taryhy eýýamda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklaryna ýokary baha berip, ozal gazanylan ylalaşyklary hem-de özara gatnaşyklaryň ägirt uly kuwwatyny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligiň barşynda sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesine degip geçip, Gazagystanyň Baştutanyny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy. Prezident Nursultan Nazarbaýew çakylyk üçin hoşallyk bildirip, gazak türgenleriniň Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hökmany suratda gatnaşjakdyklaryny aýtdy. Söhbetdeşler gadymdan bäri iki halky baglanyşdyrýan doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew hoşlaşanlarynda, türkmen we gazak halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow