Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasynyň ozalky Prezidenti bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasynyň ozalky Prezidenti bilen duşuşygy
Çap edildi 29.06.2017
1306

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ozalky Prezidenti Abdulla Gül bilen duşuşdy. Myhman milli Liderimiz bilen mähirli görşüp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, saglyk, rowaçlyk hem-de doganlyk halkyň bähbidine alyp barýan uly möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Siziň ýolbaşçylygyňyzda sebitde hem-de dünýäde Aziýanyň kuwwatly döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň yzygiderli artýandygyna we pugtalanýandygyna Türkiýe ýürekden buýsanýar, üstünlikli alnyp barylýan Bitaraplyk syýasaty bolsa, sebit durnuklylygynyň we ösüşiniň bähbitlerine, şeýle hem ählumumy parahatçylyga hyzmat edýär diýip, myhman aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin Abdulla Güle minnetdarlyk bildirip, biziň halklarymyzy gadymdan bäri umumy taryhy kökleriň, medeni däpleriň we ruhy-ahlak gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Türkmenistan däp bolan hyzmatdaşlygy has ýokary derejelere çykarmagy maksat edinip, bilelikde işlemegiň toplanan oňyn tejribesini, bar bolan ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatyny hem-de özara üsti ýetirilýän milli ykdysadyýetleriň gazananlaryny nazara almak bilen, olara ösüşiň täze itergisini berýär. Söhbetdeşligiň barşynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar we maýadarlar üçin örän özüne çekiji bolan türkmen bazarynda doganlyk Türkiýäniň işewür toparlarynyň özlerini oňat görkezendikleri kanagatlanma bilen bellenildi. Türk maýalarynyň gatnaşmagyndaky kompaniýalar Türkmenistanda hasaba alnan ähli daşary ýurt kompaniýalarynyň sanynda häzirki wagtda uly bölegi emele getirýär. Olar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uly möçberli maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna örän işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül hoşlaşanlarynda, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de Türkmenistanyň we Türkiýäniň doganlyk halklarynyň adyna bagtyýarlyk, abadançylyk we döredijilik hem ösüş ýolunda täze üstünlikleri birek-birege arzuw etdiler.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow