Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Günorta Afrika Respublikasynyň ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Günorta Afrika Respublikasynyň ilçisi işe başlady
Çap edildi 27.06.2017
1329

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Keýtumesi Seýpelo Tandeka Mettýusdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi, mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de tutuş türkmen halkyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Hanym Keýtumesi Seýpelo Tandeka Mettýus Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny ýokary baha berip, Günorta Afrika Respublikasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Söhbetdeşligiň barşynda diplomata Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmelere hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalara aýratyn üns berildi. Şu maksatlar bilen türkmenistanlylaryň döredijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredilýär –iň täze tehnikalar bilen üpjün edilen döwrebap önümçilikleriň, kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň we mekdepleriň, sebitdäki iri saglygy goraýyş we ylym-bilim merkezleriniň, ägirt uly sport desgalarynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Şeýle hem Günorta Afrika Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili milli parlamentiň düzümi hem-de kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy. Hanym Keýtumesi Seýpelo Tandeka Mettýus Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere, Aşgabat şäheriniň ajaýyp keşbine haýran galýandygyny aýdyp, GAR-yň diplomaty hökmünde ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Söwda-ykdysady, ynsanperwerlik, telekeçilik ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi. Syýahatçylyk, sport ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň geljegi hem uly gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. *** Şu gün Günorta Afrika Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi, şol ýerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary barada pikir alşyldy.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow