Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyz Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň düzümini tassyklady
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyz Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň düzümini tassyklady
Çap edildi 25.06.2017
1313

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň türkmen böleginiň düzümini tassyklady. Tokioda geçiriljek ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň 12-nji mejlisiniň gün tertibine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny has-da ösdürmegiň meseleleri girizildi. Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda Ýaponiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklary artdyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji iýunda geçirilen Hökümetiň mejlisinde aýtdy. Türkmenistanda bütin dünýä belli meşhur ýapon kompaniýalarynyň birnäçesi üstünlikli işleýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler maksatnamalary we taslamalar işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de köp ugurlarda, hususan-da, ylmy pudaklarda we maýa goýum ulgamynda Ýaponiýanyň tejribesini has giňden çekmek üçin şertleri döredýär.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow