Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ABŞ-nyň 13,2 milliard dollaryndan gowrak bolan eksport geleşikleri baglaşyldy
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ABŞ-nyň 13,2 milliard dollaryndan gowrak bolan eksport geleşikleri baglaşyldy
Çap edildi 24.06.2017
1896

Şu hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Singapurdan, Panamadan, Owganystandan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy kerosini, jemlenen we ýakylan nebit koksuny satyn aldylar. Hytaýly işewür toparlarynyň wekilleri tehniki ýoda (“Türkmenhimiýa” DK) isleg bildirdiler. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna azyklyk bugdaý, tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleriň giň görnüşi, nah ýüplük ýerlenildi. Bu önümleri Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan Gyrgyzystan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 286 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 516 müň manatlyk “Türkmenaglomeradyň” kondisiýasyz polipropilenini (TNGIZT) we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow