Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Garlykdaky kaliý kombinatyndan mineral dökünleriň müň tonnadan gowragy ýüklenilip ugradyldy
Ykdysadyýet
Garlykdaky kaliý kombinatyndan mineral dökünleriň müň tonnadan gowragy ýüklenilip ugradyldy
Çap edildi 22.06.2017
2411

Merkezi Aziýada iň iri dag-magdan baýlaşdyryjy kärhana bolan Garlykdaky kaliý kombinatynyň duzly şahtasyndan ýerasty käniniň ýüz müň tonnadan gowragy gaýtadan işlemek üçin çykaryldy. Senagat toplumynyň açylyş dabarasyndan bäri täze kärhanada bolsa, eýýäm ilkinji uly sepgide ýetildi: Lebap, Mary, Ahal, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň oba hojalyklaryna awtomobil we demirýol ulaglary arkaly mineral dökünleriniň müň tonnadan gowragy ýüklenilip iberildi. Ýük wagonlarynyň onusy demir ýol şahasy boýunça Owganystana ugradyldy. Häzir şahtada mineral çig malynyň gazylyp alynmagy Garlyk käniniň dag geologiýa şertleriniň aýratynlyklary nazarda tutulyp—önümli gatlaklary çykarmagyň doly mehanizmleşdirilen kombaýn usuly arkaly alnyp barylýar. Birinji gözýetimde—300 metrden gowrak çuňlukda duz gatlagyny rotar kombaýnlaryň bäşisi böwsüp, diňe bir ýük geçelgelerini däl, eýsem, ulag geçelgelerini hem çekýär. Magdanyň iberilmegi üçin döwrebap tehnika—özi ýöreýän tekerli arabajyklar, lentaly konweýerler, galdyryjy mehanizmler peýdalanylýar. Bular gazylyp alynýan ýerinden kabul ediji gaplara çenli magdanyň iberilmegini doly mehanizmleşdirmäge mümkinçilik berýär. Olaryň kömegi bilen duzly şahtadan her gün ýokarlygyna magdan agramynyň 1000-den 1500 tonna çenlisi galdyrylýar. Kombinatyň ýylda kaliý dökünleriniň 1,4 million tonnasyny öndürmek bolan taslama kuwwatyny üpjün etmek üçin her ýylda tebigy baýlyklardan magdanyň 7 million tonnadan gowragy gazlyp alnar. Täze önümçilik Türkmenistanyň oba hojalygynyň ýokary hilli kaliý dökünlerine bolan islegini diňe bir doly kanagatlandyrmaga däl, eýsem, gymmatly önümiň her ýylda million tonnadan gowragyny eksporta ugratmaga hem mümkinçilik berer.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow