Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Söwda ulgamyna ýurdumyzda öndürilen LED-lampalarynyň ilkinji müňlerçesi gelip gowuşdy
Ykdysadyýet
Söwda ulgamyna ýurdumyzda öndürilen LED-lampalarynyň ilkinji müňlerçesi gelip gowuşdy
Çap edildi 22.06.2017
1871

Senagat ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýardam bermeginde döredilen “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri dürmuş we senagat otaglary üçin ýagtylandyryjy diotly yşyklandyryjylar bolan LED-lampalarynyň iki milliona golaýyny öndürdiler. Ýurdumyzyň bazarlaryna hem-de ýöriteleşdirilen söwda kärhanalarynyň tekjelerine Watanymyzda öndürilen ýagtylandyryjy elektron abzallarynyň müňlerçesi ilkinji gezek gelip gowuşdy. Türkmenistanda elektron senagatynyň ilkinji kärhanasynyň açylan gününden bäri birnäçe aý geçdi. Häzir kärhanada ýüze golaý iş orunlary döredildi, lampalaryň önümçiligi iki iş çalşygynda guraldy. Telekeçiler olary diňe bir taýýarlamagyň we ýygnamagyň tehnologiýasyny özleşdirmän, eýsem, görnüşlerini hem giňeltdiler. Häzir önümçilik desgasynda kuwwatlylygy 3-den 24 watta çenli bolan yşyklandyryjylaryň her günde 17-24 müňüsi taýýar edilýär. Bu bolsa lampalaryň 40-dan 240 watta çenli çäklerde gyzmagyna laýyk gelýär. Önümiň platasyndan başga ähli bölekleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çykarylýan ýerli çig mal bolan polipropilenden şu ýerde öndürilýär. Kärhananyň bölümlerinde awtomatlaşdyrylan termoplastlaryň 6-sy gurnalyp, olaryň kömegi bilen yşyklandyryjynyň daş gaby we kolbasy taýýarlanylýar. Soňra önüm ýygnalýar, barlagdan geçirilýär we gaplanylýar. Aşgabadyň kärhanasy tarapyndan çykarylan enjamlar öý şertlerinde gyzýan lampalary doly çalşyp biler, çünki ýagtylyk diodly önümler ýokary netijeli hem-de ýagtylygyň ekologiýa taýdan arassa çeşmeleriniň biridir. Gyzýan lampalar bilen deňeşdirilende ýagtylyk diodly yşyklandyryjylaryň artykmaçlygy energiýany az sarp edýänliginden, uzak wagtlap hyzmat edip bilýänliginden (20 müňden-de gowrak sagat), gurnamakda ýönekeýliginden, deň ýagtylygy bolan adaty lampadakydan daş gabynyň pes tamperaturada bolmagyndan, ýokary mehaniki berkliginden, gabarasynyň kiçi bolmagyndan ybaratdyr. Arzan çig malyň ulanylmagynyň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän önümler bilen deňeşdirilenindäkiden ýagtylyk diodly yşyklandyryjylaryň bahasy ep-esli arzandyr.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow