AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň esasy wezipeleri esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň, AHHG-nyň Prezidentiniň we Müdiriýetiniň Aral deňziniň sebitiniň meseleleri boýunça çözgütleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini üpjün etmek; Aral deňzi sebitiniň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary işläp taýýarlamak, durmuşa geçirmek, bilermenleriň seljermesini geçirmek bolup durýar. Komitet özüniň şahamçalarynyň, ýörite agentlikleriniň hem-de gaznalarynyň Aral sebitinde ýerleşen AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň çäklerinde durmuş we ekologiýa ýagdaýynyň sagdynlaşdyrylmagy boýunça ýardam bermek işlerini utgaşdyrýar, Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň we Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň alyp barýan işlerine ýardam berýär. Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek maksady bilen, sebitiň ýurtlarynyň ministrlikleri, pudak edaralary, jemgyýetçilik we halkara guramalary, donor-ýurtlary, ekologiýa we beýleki gaznalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek möhüm ugur bolup durýar. Şulardan ugur alnyp Ýerine ýetiriji komitet AHHG-nyň abraýly düzümlerde halkara guramalarynda wekilçilik etmegini üpjün edýär. Maliýe we beýleki serişdeleri jemleýär, olaryň maksadalaýyk peýdalanylmagyny kepillendirýär, AHHG-nyň esaslandyryjy döwletlere maglumat-seljerme üpjünçiliginde ýardam berýär, habardar etmek hem-de redaksion-neşir işlerini amala aşyrýar. Komitetiň beýleki işleriniň hatarynda esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň we Müdiriýetiň Geňeşiniň mejlislerini geçirmek hem-de maglumatlar taýýarlamak, AHHG-nyň ýerine ýetirýän işi bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahatlary, duşuşyklary, okuw maslahatlaryny we beýlekileri geçirýär. Mälim bolşy ýaly, deňziň sebitindäki derýalaryň gidrologiýa ýagdaýynyň üýtgemegi Aral meselesiniň ýüze çykmagynyň esasy sebäbidir, XX-XXI asyrlaryň sepgidinde deňizýakasyndaky ýagdaý has çylşyrymly häsiýete eýe boldy hem-de häzirki wagtda dünýä bileleşiginiň üns merkezinde saklanýar. Suw serişdeleriniň oýlanyşyksyz peýdalanylmagy netijesinde emele gelen ekologiýa heläkçiliginiň netijeleri Aral deňziniň sebitinde ýaşaýan millionlarça adamyň durmuşyna oňaýsyz täsirini ýetirdi. Mundan başga-da, deňziň suwunyň çekilmegi netijesinde tebigy serişdeleriň zaýalanmagy, şol sanda kenarýaka sebitleriniň çölleşmegi, tebigy öri meýdanlarynyň hiliniň ýaramazlaşmagy, topragyň şorlaşmagy, netijede bolsa biologiýa köpdürlüligiň peselmegi diňe bir Orta Aziýa üçin däl-de, eýsem, serhetýaka döwletler üçin hem howplydyr. Ýer ýüzünde howanyň ählumumy üýtgemek ýagdaýlary hem bu meseläni ýitileşdirýär. Bu meseleleriň çözülmegi köp babatda ekologiýa heläkçiliginiň oňaýsyz täsirlerini başdan geçirýän döwletleriň ylalaşykly hereketlerine baglydyr. Şulardan ugur alnyp, öz wagtynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasy döredildi, Türkmenistan , Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan bu gaznany esaslandyryjy döwletleridir. AHHG-nyň düzüminde Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasy we Durnukly ösüş boýunça döwletara topary döredildi. 2008-nji ýylyň dekabrynda AHHG-a synçy derejesini bermek barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamasy kabul edildi, munuň özi halkara guramalary, donor-ýurtlar, ekologiýa gaznalary bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirmegine oňyn täsir etdi. Hususan-da, AHHG-niň çäklerinde “Aral deňzi sebitiň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Maksatnama”, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji maslahatynda makullanylan “Aralyň guramagynyň netijelerini aradan aýyrmak hem-de Aral sebitiniň ekologiýa ulgamynyň heläkçiliginiň öňüni almak boýunça çäreleriň Maksatnamasy” tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Türkmenistan AHHG-de başlyklyk etmek bilen sebitiň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de Merkezi Azýia ýurtlarynyň howanyň ählumumy derejede üýtgemegine uýgunlaşmak meselelerine içgin üns berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” Maslahatynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji maslahatynyň çäklerinde geçirilen 2015-nji ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça BMG-niň Sammitinde, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Ýaponiýada geçirilen BMG-niň III Bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda öňe süren başlangyçlary hem şu maksatlara gönükdirilendir. Olaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada teklip bar, merkeziň işlemegi üçin türkmen tarapy Aşgabatda zerur bolan düzümleri hödürlemäge taýýardyr, şeýle hem Araly halas etmek hem-de BMG-niň Suw strategiýasy boýunça BMG-niň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakyndaky başlangyç bar. Iýun aýynyň başynda Aşgabatda geçirilen “Daşky gurşawy goramak we Merkezi Aziýada durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin başlangyç” atly Halkara ekologiýa forumy hem bu möhüm meselä bagyşlandy. Ol Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti hem-de Merkezi Azýianyň Sebit ekologiýa merkezi tarapyndan guraldy. Maslahatyň gün tertibine Aral deňziniň sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek üçin hereketleriň täze Maksatnamasyny işläp taýýarlamak, AHHG-nyň işiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak Aral deňzi sebiti boýunça bitewi sebit maglumatlary ulgamy hem-de maglumatlar binýadyny döretmek we Aral deňzi sebiti ýurtlaryna kömek bermegiň gözegçiligi we beýleki meseleler girizildi. Şeýle hem türkmen paýtagtynda DÖDT-iň ýakynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň teklibi boýunça häzirki zamanyň ýagdaýlary we wehimleri nazara alnyp “Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üçin daşky gurşawy goramak boýunça Sebit maksatnamasyny” işläp taýýarlamak barada çözgüt kabul edildi. Hususan-da, AHHG-a gatnaşyjy ýurtlaryň her biriniň öz tagallalaryny anyk ugra jemlemegi göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, suw serişdeleriniň hapalanylmagy boýunça meseleler Gazagystana, ýerleriň ýaramazlaşmagy hem-de çölleşmäge garşy göreş meseleleri Türkmenistana, atmosfera howasynyň ýagdaýyna gözegçilik Özbegistana, dag ekologiýa ulgamlary meseleleri we beýlekiler Gyrgyzystan we Täjigistana berkidiler. Türkmenistanyň AHHG-a başlyklyk etmeginiň çäklerinde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän iri möçberli çäreler Aral heläkçiliginiň netijelerini ýeňip geçmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde sebitiň döwletleriniň we dünýä bileleşiginiň hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer, olaryň bilelikdäki işlerine üznüksiz häsiýeti üpjün eder we anyk netijelere ýetilmegine ugrukdyrmaga mümkinçilik berer.