Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana sapary tamamlandy
Syýasy habarlar
BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana sapary tamamlandy
Çap edildi 14.06.2017
1410

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň Türkmenistana iş sapary tamamlandy. Düýn Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda geçirilen gepleşikler uly üstünlige eýe boldy. Olar Üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryny gazanmakda, tutuş adamzadyň durnukly ösüşini üpjün etmekde özara gyzyklanma bilen ösýän hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny tassyklady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň ýolbaşçysyny ugratmak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde çaý başynda gysga wagtlyk söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça, aýratyn-da, parahatçylygy saklamak we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek, halkara terrorçylygyna we jenaýatçylyga, adamzada howp salýan beýleki wehimlere garşy göreşmek işinde garaýyşlaryň doly gabat gelýändigini belledi. BMG-niň ýolbaşçysy Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny gazanmakda Türkmenistanyň uly üstünliklerini kanagatlanma bilen belläp, türkmen tarapynyň halkara başlangyçlarynyň, öz ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny ählumumy bähbidiň hatyrasyna amala aşyrmaga çalyşýan ýurdumyzyň günsaýyn artýan halkara abraýynyň ähmiýetini belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz we belent mertebeli myhman nyzama düzülen Hormat garawulynyň esgerleriniň hatarynyň öňündäki haly düşelen ýodajyk bilen uçaryň ýanyna bardylar. Belent mertebeli myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir ýola hoşallyk bildirip, uçara mündi we Aşgabatdan ugrady.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow