Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Aziada dünýä metbugatynda» atly halkara media forumyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi
Syýasy habarlar
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Aziada dünýä metbugatynda» atly halkara media forumyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi
Çap edildi 10.06.2017
1471

V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 gün galmagy mynasybetli «Aziada dünýä metbugatynda» atly halkara media forumyna gatnaşyjylara Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabat şäherinde şu ýylyň altyn güýzünde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 100 gün galmagy mynasybetli «Aziada dünýä metbugatynda» atly halkara media forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn! Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni ugurlar we habar beriş serişdeleri boýunça dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, hoşmeýilli, ysnyşykly, netijeli ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanmagyny we barha rowaçlanmagyny arzuw edýärin! Hormatly myhmanlar we maslahata gatnaşyjylar! Biz Türkmenistanda şu ýyly “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýip yglan etdik. Bedew bady bilen aýgytly ösüşlere eýe bolýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ýörelgesinden ugur alnyp, halk bähbitli sahawatly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Çünki, sagdyn jemgyýet Watan binýadynyň baş daýanjydyr. Sagdyn ruh halklaryň belent ykbaly, adamzadyň bagtyýar geljeginiň ak ýoludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda, sagdyn jemgyýetimizi berkitmekde netijeli işleri alyp barýarys. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap bedenterbiýe we sport toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, ýurdumyzda sportuň futbol, woleýbol, basketbol, hokkeý, welosiped ýaly görnüşleri boýunça ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi, ussat türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilmegi bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Biz gözel paýtagtymyzda gurulýan her bir desganyň özboluşly binagärligine uly ähmiýet berýäris. Şu ýylyň 17 — 27-nji sentýabry aralygynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin döwrebap Olimpiýa şäherjigi guruldy, bu şäherjikde sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport desgalarynda geçiriler. Sport oýunlaryny alyp görkezmek we giňden dünýä ýaýmak üçin Olimpiýa şäherjiginde metbugat merkezi we her bir binada metbugat wekilleri üçin niýetlenen desgalar hem-de halkara teleýaýlymyna alyp beriş merkezi guruldy. Siz Olimpiýa oýunlarynyň geçýän döwründe bu desgalary giňden peýdalanyp, sport oýunlarynyň geçirilişi baradaky maglumatlary gyzgyny bilen dünýä halklaryna ýetirersiňiz diýip umyt edýärin. Şeýle hem, Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Aziýanyň we Okeaniýanyň jemi 64 döwletinden türgenler gatnaşar. Biz bu oýunlara türkmen milli göreşi we konkur boýunça ýaryşlaryň goşulmagyny teklip etdik. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi biziň bu teklibimizi goldady. Elbetde, bu ýaryşlaryň geçirilýän döwründe dünýäniň ähli künjeklerinden metbugat wekilleriniň uly toparynyň geljekdigine ynanýarys. Hormatly metbugat wekilleri! Biz bu gün «Gadymy Mary topragyna hoş geldiňiz!» diýip, sizi garşylaýarys. Siz Türkmenistanda bolýan döwrüňizde ýurdumyzyň ýeten üstünlikleri, sporty ösdürmekde alyp barýan işlerimiz bilen giňden tanşyp bilersiňiz. Size V Aziýa oýunlaryna 100 gün galmagy mynasybetli «Aziada dünýä metbugatynda» atly media forumyna gatnaşyp, Türkmenistanda bu oýunlary guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri mahabat etmekde rowaçlygy arzuw edýärin! Biz: «Sport — ruhubelentlik! Sport — sagdynlyk!» diýen kadalardan ugur almak bilen, türkmen sportuny dünýä sporty bilen sazlaşykly ösdürmek ugrunda ähli zerur bolan işleri geçirýäris. Ýurdumyzda milli hem-de dünýä sporty bilen tanyşdyrýan ýörite neşirler we teleýaýlym bar. V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe her bir türgeniň, tälimçiniň, žurnalistiň ýa-da ýurdumyza gelen myhmanyň uly alada bilen gurşalyp alynjakdygyna berk ynanýaryn. Munuň üçin bizde ähli şertler we mümkinçilikler döredildi. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan, gazet-žurnallarda we Internet sahypalarynda sport durmuşyndan gyzykly makalalary ýazýan, teleýaýlymlarda beýan edýän metbugat wekilleriniň bu halkara ýaryşyny ýokary derejede mahabatlandyryp görkezmekde we dünýä ýaýmakda öz işjeňligini görkezjekdiklerine ynanýaryn. Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar! Eziz myhmanlar! Sizi Mary şäherinde geçirilýän V Aziýa oýunlaryna 100 gün galmagy mynasybetli «Aziada dünýä metbugatynda» atly halkara media forumynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Maslahatyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin! Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow