Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi
Çap edildi 28.05.2017
1694

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Müňýyllyklardan gözbaş alýan ajaýyp türkmen halysy umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Türkmen zenanlarynyň çeper elleri bilen döredilen halylarymyz halkymyzyň dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungat ýadygärligidir. Bu örän çylşyrymly we zähmeti köp talap edýän inçe senediň syrlary asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize gelip ýetdi. Merdana halkymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini arşa göterip, milli buýsanjymyza öwrülen halyçylyk sungatyny ösdürmek, gadymy halylaryň iň nepis görnüşleriniň asyl nusgasyny dikeltmek, döwrebap haly eserlerini döretmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň halyçy gelin-gyzlarynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, şan-şöhratyny has-da belende götermekde, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmaly: «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Annagözel Annagylyjowna Meläýewa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Ogulgurban Gurbanlyýewna Muhammedowa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Oguldursun Hajygulyýewna Gulmyradowa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Maýa Garaýewa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň Balkanabat bölüminiň halyçysy Aýbibi Annaamanowna Berdiýewa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana müdiri Patma Işanowna Amanjaýewa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Gülbahar Amanberdiýewna Meretjäýewa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Maral Hudaýberdiýewna Begmädowa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Arazgül Jumaýewna Bazarbaýewa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Oguljan Ýagmyrowna Bekiýewa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy Agabeg Jumagulyýewna Nurowa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji önümhanasynyň halyçysy Gurbanaý Jumadurdyýewna Ýazmedowa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň sowgatlyk önümhanasynyň halyçysy Zyba Muradowna Djumageldiýewa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Türkmengala haly önümhanasynyň halyçysy Aýnabat Babakulyýewna Nazarowa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň taýýar önüm ammar müdiri we hil gözegçisi Näzikjemal Çörowa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Murgap haly önümhanasynyň halyçysy Tyllagözel Allanazarowna Mämmedowa. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2017-nji ýylyň 26-njy maýy.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow