Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň jemleri boýunuça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Syýasy habarlar
Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň jemleri boýunuça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Çap edildi 20.05.2017
1513

Awaza"" Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler tamamlanandan soň. ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Uzbekenergo» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda elektrik energiýasyny üstaşyr ibermek we geçirmek babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa we daşky gurşawy goramak baradaky döwlet komitetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistan Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de özbek türgenleriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagyny guramak hakynda Teswirnama; “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Uzbeknefitgaz” milli holding kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» gullugy bilen «Uzbekiston hawo ýullari» milli awiakompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Taraplar Aşgabat bilen Daşkent şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Ylalaşyk; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Nizami adyndaky Daşkentiň döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk baglaşdylar. Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow