Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen türgenleri ýene dört medala eýe boldular
Sport
Türkmen türgenleri ýene dört medala eýe boldular
Çap edildi 18.05.2017
2190

Azerbaýjanyň paýtagtynda geçirilýän we 57 ýurtdan 3 müňden gowrak türgen gatnaşýan IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň ýedinji gününde türkmen türgenleriniň ikisi gatnaşýan boks boýunça final tutluşyklar esasy sport wakalarynyň biri boldy. Ýaryşlaryň barşynda ýurdumyzyň toparynyň gazanan sylaglarynyň üsti bir altyn we bir kümüş medal, şeýle hem düýnki ýaryşlarda mynasyp bolnan bir bürünç medal bilen dolduryldy. Grek-rim göreşi boýunça şu gün türgenimiz bir bürünç medala mynasyp boldy. 81 kilogram agram derejede çykyş edýän Arslan Açilow altyn medala mynasyp boldy. Aýgytlaýjy tutluşykda ol Azerbaýjanyň toparynyň wekilinden üstün çykdy. Bu sylag biziň ýygyndymyzyň umumytoparlaýyn hasapda eýeleýän ornuny gowulandyrmaga mümkinçilik berdi. 59 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän biziň türgenimiz Ýakup Meredow özbek boksçusy A.Şarahmatow bilen bäsleşikde kümüş medala mynasyp boldy. Bu boks tutluşygy tiz derejede we deň ýagdaýda geçdi, emma emin netijede türkmenistanly türgene diňe ikinji hormatly orny berdi, bu hem oňat netijedir, sebäbi bu Ýakubyň halkara derejeli iri ýaryşda mynasyp bolan ilkinji medalydyr. Finala barýan ýolda Ý.Meredow yrakly türgen Jafar Al-Sudaniden we iordaniýaly Muhammad Alwadiden üstün çykdy. 60 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän Horsant Imankulyýew bürünç medala eýe boldy. Şermet Permanow 75 kilograma çenli agram derejesinde nusgawy göreş boýunça bäsleşikde toparymyza ýene bir üçünji orny getirdi. Tutluşyklaryň barşynda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen XVII Aziýa oýunlary — 2014-de bürünç medala eýe bolan türgen pakistanly A.Rehmandan we palestinaly R.Halilden üstün çykdy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň topary eýýäm jemi 11 medal — iki altyn, dört kümüş we bäş bürünç medal toplady hem-de umumytoparlaýyn hasapda 12-nji orny eýeledi. Şu gün Yslam oýunlarynyň maksatnamasy boýunça basketbol (3x3 görnüşi) bäsleşikleri geçiriler, oňa biziň ýurdumyzyň erkekler we zenanlar toparlary gatnaşýar. 19-njy maýda Geýdar Aliýew adyndaky sport toplumynda erkin göreş boýunça bäsleşikler geçiriler, ertesi güni bolsa uşu boýunça medallar ugrunda bäsleşikler ýaýbaňlanar.

Soňky habarlar
25.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
25.06
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
25.06
Medeniýet hepdeligi — 2025: dördünji gün
25.06
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.06
Türkmenistanyň strategik başlangyçlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
24.06
Türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler
24.06
Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
24.06
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
24.06
Dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyryp
23.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow