Baş sahypa
\
Sport
\
Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň prezidenti Aziýa çempionatynyň guramaçylykly geçirilendigi üçin hoşallyk bildirdi
Sport
Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň prezidenti Aziýa çempionatynyň guramaçylykly geçirilendigi üçin hoşallyk bildirdi
Çap edildi 15.05.2017
2797

Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň hormatly agzasy Doktor Tamash Aýanyň gutlag hatynda şeýle diýilýär: Agyr atletika boýunça 2017-nji ýylyň Aziýa çempionatynyň ajaýyp guralandygy hem-de Aşgabat şäherinde görkezilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin. Men Türkmenistanyň paýtagtynyň gözelligine hem-de Aşgabat şäheriniň Olimpiýa toplumynyň ajaýyplygyna diýseň guwandym. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem üstünlikli sport çäresine öwrüljekdigine ynanýaryn. Agyr atletikaçy türgenleriň ýakyn wagtda Agyr atletika boýunça halkara federasiýanyň çärelerine gatnaşmak üçin ýene-de Aşgabada hem-de Olimpiýa toplumyna barjakdygyna umyt edýärin.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow