Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy
Ykdysadyýet
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy
Çap edildi 13.05.2017
1984

Daşary ýurt puluna Türkiýeden we Yrakdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Beýik Britaniýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyna, eýranly işewürler toparynyň wekilleri bolsa tehniki kükürde (“Türkmenhimiýa” DK) isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýadan we BAE-den, Türkiýeden gelen telekeçiler boýalan flanel matasyny we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine RF-dan, BAE-den, Türkiýeden we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 3 million 267 müň manatdan gowrak sarja goýnunyň ýüňüni, nah ýüplügi we galyndylary, mata galyndylaryny satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 65 müň manatlyk ýük awtoulagyny satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow