Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hökümetde guramaçylyk meselelerine garady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hökümetde guramaçylyk meselelerine garady
Çap edildi 12.05.2017
2394

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hökümetinde wezipelere bellemek meselelerine garady. 2017-nji ýylyň dört aýynda durmuş-ykdysady ösüşiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz tarapyndan degişli Permanlara we Kararlara gol çekildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Muhammetmyrat Aýdogdyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat meseleleri boýunça orunbasary wezipesine bellenilip, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Batyr Atdaýew başga işe geçmegi sebäpli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna we telekeçilige gözegçilik edýän orunbasary wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, döwlet Baştutanymyzyň Penmany bilen ýustisiýanyň uly geňeşçisi Batyr Atdaýew Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine bellenildi. Orazmyrat Gurbannazarow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi hem-de Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Ol söwda toplumyna we döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ulgamyna gözegçilik eder. Mergen Annabaýew işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine Batyrmyrat Orazmyradow bellenildi. Ýazgeldi Annaýew “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä ozal “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň orunbasary wezipesinde işlän Mergennepes Annanepesow bellenildi. Şeýle hem Mämmet Baýramgulyýew Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi we Daşoguz şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow