Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi
Syýasy habarlar
Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi
Çap edildi 12.05.2017
1459

Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň prezidenti Halid B.Al Sabah, Türkmenistanyň Prezidenti, V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi. Onda şeýle diýilýär: Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň adyndan ajaýyp Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 24-28-nji aprelinde geçirilen suwdagysga aralyga ýüzmek boýunça Merkezi Aziýanyň birinji ýaryşynyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Ýaryşa Owganystandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Täjigistandan gatnaşan toparlar mähirli myhmansöýerlik bilen gurşalyp alyndy. Siziň ýolbaşçylygyňyzda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň toplumy ýaly täsin sport düzümini döretmekde, sporty ösdürmekde hem-de Siziň beýik ýurduňyzyň ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde uly üstünlikler gazanyldy. Mundan başga-da, biz Türkmenistanyň paýtagtynyň ajaýyp keşbine hem-de Siziň halkyňyzyň hoşniýetliligine haýran galdyk.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow