Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň prezidenti Halid B.Al Sabah Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna hat iberdi
Syýasy habarlar
Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň prezidenti Halid B.Al Sabah Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna hat iberdi
Çap edildi 12.05.2017
1330

Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň prezidenti Halid B.Al Sabah Türkmenistanyň Prezidenti, V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi Hatda Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň adyndan Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 24-28-nji aprelinde geçirilen suwda gysga aralyga ýüzmek boýunça Merkezi Aziýanyň birinji ýaryşynyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär. Bellenilişi ýaly, ýaryşa Owganystandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Täjigistandan gatnaşan toparlar mähirli myhmansöýerlik bilen gurşalyp alyndy. Hatda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň toplumy ýaly täsin sport düzümini döretmekde, sporty ösdürmekde hem-de ýurduň ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde uly üstünlikler gazanylandygy, Türkmenistanyň paýtagtynyň ajaýyp keşbiniň haýran galdyrýandygy nygtalýar.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow