Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen türgenleri IV Yslam raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşmak üçin Baku şäherine geldiler
Sport
Türkmen türgenleri IV Yslam raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşmak üçin Baku şäherine geldiler
Çap edildi 10.05.2017
2555

Türkmen türgenleri IV Yslam raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň paýtagtyna geldiler. Ýaryşlar bu ýerde 12-22-nji maý aralygynda geçiriler. Dünýäniň 57 ýurdundan, şol sanda Müsürden, Indoneziýadan, Bangladeşden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gambiýadan, Ýemenden gelen türgenleriň 3 müňden gowragy sportuň 20 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşer. Ýaryşlar Birinji Ýewropa oýunlary—2015 üçin ýörite gurlan häzirkizaman sport desgalarynda geçiriler. Ýurdumyzyň türgenleri sportuň woleýbol, boks, tennis, dzýu-do, sport göreşi, agyr atletika, suwda ýüzmek, basketbol (3 х 3 şörnüşde), uşu we karate-do ýaly 10 görnüşi boýunça çykyş ederler. Ýurdumyzyň woleýbolçylar topary 11-nji maýda baýraklar ugrundaky bäsleşiklere başlarlar. Toparlaýyn tapgyryň barşynda Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň we Palistinanyň toparlary türkmen türgenleriniň garşydaşlary bolarlar. Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň açylyş dabarasynda geçirilýän gününde woleýboldan başga-da boks we tennis ýaryşlaryna badalga berler. 13-nji maýda agyr atletikaçylaryň ilkinji ýeňijileri we baýraklara mynasyp bolanlary kesgitlener. Şeýle hem şol gün dzýudo, suwda ýüzmek, karate-do boýunça bäsleşikler başlanar. Erkin we nusgawy görnüş boýunça göreşler 17-nji maýda başlanar. Onuň ertesi bolsa basketbol we uşu ýaryşlaryna badalga berler. Hünärmenleriň pikirine görä, türkmen boksçylary öňki gazanan ýeňişleri göz öňünde tutulanda, bu Oýunlarda hem ýokary netijeleri görkezerler. Ýakynda olar Özbegistanyň paýtagty Taşkentde geçirilen Aziýa çempionatyna gatnaşdylar. Şonda türkmen türgenleri awgust aýynyň ahyrynda Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän dünýä çempionatyna iki ýollanma aldylar. 81 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän Nurýagdy Nurýagdyýew dünýä çempionatyna gatnaşmaga dalaşgärleriň biridir. Mundan başga-da, ol ozal bürünç baýraga mynasyp bolupdy. Ikinji ýollama 75 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän Aziz Açylow mynasyp boldy. Ol şu ýaryşda üç bäsleşik geçirip, garşydaşlarynyň ikisi bilen tutluşygy nokaut usuly bilen tamamlady. Şu gün Olimpiýa obasyna gelen türkmen boksçylary dessine türgenleşige girişdiler. Bu gezekki ýaryşlarda olaryň ýokary netije gazanjakdygyna ynam bildirýäris.

Soňky habarlar
09.03
Halkyň abadan durmuşy baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry
08.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara
08.03
Zenanlar we çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli GUTLAGY
08.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
07.03
Köp çagaly enelere belent sarpa
07.03
Mukamlar köşgündäki baýramçylyk konserti
07.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işleriň barşy bilen tanyşdy
06.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow