Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabatda bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň mejlisi geçiriler
Ykdysadyýet
Aşgabatda bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň mejlisi geçiriler
Çap edildi 05.05.2017
1986

11-nji maýda Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 7-nji mejlisi geçiriler, onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Taraplar nemes kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan maliýe, energetika, ulag, ekologiýa, oba hojalyk, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamlarynda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garalar. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. GFR Türkmenistanyň esasy işewür hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar we öňümizdäki duşuşyk gatnaşyklara täze itergi berer, türkmen-german gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow