Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow tarpa-taýyn aradan çykdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow tarpa-taýyn aradan çykdy
Çap edildi 03.05.2017
2467

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow 2017-nji ýylyň 3-nji maýynda tarpa-taýyn aradan çykdy. Batyr Ereşow 1966-njy ýylyň 13-nji iýunynda Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň S.A.Nyýazow şäherçesinde eneden doguldy. Ol 1990-njy ýylda Turkmen politehniki institutyny inžener - gurluşykçy hünäri boýunça tamamlady. Batyr Ereşow zähmet ýoluna 1990-njy ýylda başlady. 1993-nji ýylda Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň häkimliginiň hünärmeni bolup işledi. 1993-2006-njy ýyllarda «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginde dürli wezipeleri eýeledi. 2006-njy ýyldan 2009-njy ýyla çenli Türkmenabat şäheriniň «Gazygaýtadanişleýiş» müdirliginiň düýpli gurluşyk bölüminiň müdiri, müdirligiň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işledi. 2009-njy ýylda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary, 2012-nji ýylda Seýdi şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi. 2013-nji ýylyň fewral aýyndan iýul aýyna çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Aýratyn möhüm we düýpli gurluşyklara gözegçilik bolumimn mudiri boldy. 2013-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Gurluşyk ministri wezipesine bellenildi. 2014-nji ýylyň aprel aýyndan iýul aýyna çenli Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinde işledi. 2014-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesine bellenildi. Batyr Ereşow «Magtymguly Pyragy» medaly bilen we «Garaşsyz, Baky Bitarap Turkmenistan*, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medallary bilen sylaglandy. Uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, ýurdumyzyň senagatyny ösdürmäge goşan önjeýli goşandy Batyr Ereşowa kärdeşleriniň arasynda uly abraý getirdi. Başarjaň ýolbaşçy, ukyply hünärmen, hoşgylaw ynsan Batyr Ereşow hakyndaky ýagşy ýatlamalar biziň kalbymyzda ebedilik ýaşar. Merhumyň jaýy jennet bolsun, Allatagala oňa iman baýlygyny bersin. Gurbanguly Berdimuhamedow, A.Nurberdiýewa, D.Amangeldiýew, B.Annameredow, B.Atdaýew, M.Babaýew, A.Garajaýew, B.Hojamämmedow, R.Meredow, E.Orazgeldiýew, S.Toýlyýew.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow