Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen küştçüleriniň we karateçileriniň nobatdaky baýraklary
Sport
Türkmen küştçüleriniň we karateçileriniň nobatdaky baýraklary
Çap edildi 02.05.2017
2964

Biziň ildeşlerimiz iri halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, öňdäki orunlary eýelemek bilen tomaşaçylary begendirýärler. Bu gezek olar mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça dünýä çempionatynda hem-de aşihara-karate boýunça Ýewraziýanyň Kubogy ugrunda açyk ýaryşda tapawutlanmagy başardylar. Bu ýaryşlarda alty medal – bir altyn, üç kümüş we iki bürünç medal gazanyldy. Küşt boýunça ýaryşlar Rumyniýanyň Ýassi şäherinde geçirildi, bu ýere dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan türgenleriň ýüzlerçesi ýygnandy. Şol bäsleşikde ildeşlerimiz iki kümüş baýraga mynasyp boldular. 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň toparynda çykyş eden aşgabatly Azat Nurmämmedow hem-de maryly Farhad Kazimow (17 ýaşa çenli) wise-çempionlar boldular. Wengriýanyň paýtagty Budapeştde aşihara-karate (sportuň bu görnüşi kýokuşinkaý ady bilen hem mälimdir) boýunça ýaryşda medallar ugrunda dünýäniň 15 ýurdundan 200-e golaý türgen güýç synanyşdy. Bu ýerde biziň toparymyzyň düzüminde altyn medala mynasyp bolan Farhat Jumaýew iň ýokary netijäni görkezdi. Muhammed Nurgeldiýew kümüş medala hem-de Izzat Taýirow we Mähri Hajyýewa bürünç medallara mynasyp boldular.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow