Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy
Çap edildi 01.05.2017
1434

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Özbegistanyň dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar. Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzda giňden bellenip geçilen, milletiň gadymy taryhy köklerine we däplerine ygrarlylygy beýan edýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize, ähli türkmenistanlylara bagt hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Şeýle hem özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy, onuň ýetiren salamyny kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz gutlaglar hem-de arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda Özbegistanyň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Goňşy döwletleriň Baştutanlary telefon gepleşiginiň barşynda şu ýylyň martynda özbek Lideriniň Türkmenistana amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklary we meýilnamalary amala aşyrmak bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny hem-de ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda olary amala aşyrmagyň oňyn depgini bellenildi. Iki ýurduň Baştutanlary türkmen-özbek gatnaşyklaryna mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, hususan-da, iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça berkitmek hem-de has-da giňeltmek üçin amatly şertleriň bardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hem-de hökümetara derejelerinde, şol sanda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň işiniň, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň duşuşyklarynyň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şunda söhbetdeşler türkmen tarapynyň ulanmaga beren, Amyderýanyň üstünde gurlan hem-de halkara ulag ýollarynyň möhüm bölegi bolan awtomobil we demir ýol köprüleriniň strategiki ähmiýetini bellediler. Şeýle hem söhbetdeşler doganlyk goňşy halklaryň köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklaryna esaslanan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ynsanperwer ugrunyň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň ugur edilýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşine ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerine baha bermegi üçin okgunly ösýän deňiz şypahanasyna gelip görmegi teklip etdi. Milli Liderimiz Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda gurlan çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, kottej toplumlary we kaşaň myhmanhanalar Özbegistandan dynç almaga gelýän adamlary kabul etmäge taýýardyr diýip belledi. Bu gözel künjegiň täsin tebigy şertleriniň saglyk üçin peýda getirjekdigi gürrüňsizdir. Çünki, bu ýerde deňiz ýod, brom ýaly tebigy mikroelementlere baýdyr, howasy bolsa peýdaly fitosinlerden doludyr. Döwlet Baştutanymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistana iş sapary bilen gelmäge çagyrdy hem-de Balkan welaýatynyň ösüşi bilen tanyşmagy teklip etdi. Bu ýerde häzir sebitiň baý tebigy serişdelerini, onuň dynç alyş kuwwatyny özleşdirmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar, şeýle hem Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň ulanmaga berilmegini nazara almak bilen, transmilli ulag düzüminiň möhüm bölegine öwrüljek hem-de geostrategiki ähmiýeti bolan iri deňiz menziliniň gurluşygy alnyp barylýar. Özbegistanyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny hoşallyk bilen kabul etdi. Saparyň möhletleri diplomatiki ýollar arkaly ylalaşylar. Şeýle hem taraplar sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma döredýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew şu gün Aşgabatda geçirilýän “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygyna gatnaşýan ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň altynjy mejlisiniň ähmiýetini nygtady. Bu mejlise beýleki döwletler bilen bir hatarda, Özbegistan hem gatnaşýar. Iki goňşy döwletiň Baştutanlary ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesiniň, taraplaryň sebit hem-de halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň we çemeleşmeleriniň ýakynlygynyň parahatçylygy, durnuklylygy hem-de abadançylygy saklamak boýunça tagallalary birleşdirmek işinde geljekde hem netijeli gatnaşyklar üçin mäkäm binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler. Telefon gepleşiginiň ahyrynda söhbetdeşler hoşniýetli erk-islegiň, netijeliligiň, deňhukuklylygyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň we doganlygyň mizemez ýörelgelerinde guralýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň geljekde üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege jan saglygyny we üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow