Geçen aýda ýurdumyzda halkara derejeli iri ýaryşlar üstünliklere beslendi. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde Aziýanyň üç çempionaty—kikboksing, agyr atletika hem-de suwda ýüzmek boýunça birinjilikleri geçirildi. Bäsleşikleriň barşynda türkmen türgenleri jemi 96 medala—30 altyn, 32 kümüş we 34 bürünç medallara eýe boldular. Şunda söweş görnüşleri ýaryşlarda türgenlerimiz umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler. Aşgabada 17 ýurtdan--Koreýa Respublikasyndan, Hindistandan, Malaýziýadan, Iordaniýadan, Siriýadan, Nepaldan, Yrakdan we beýlekilerden 300-e golaý kikboksçy ýygnandy. Bäsleşikler alty ugur—point-faýting, semi-kontakt, kik-laýt, lou-kik, full-kontakt hem-de sazly görnüşler boýunça geçirildi. Iň soňky ugur türgenleriň sazyň astyndaky çykyşlaryndan durýar, şonda bir ýa-da birnäçe bäsdeş bilen tutluşyk janlandyrylýar. Şunda bäsleşikler ýumşak we gaty usullarda iki derejede guralýar. Türkmenistanyň topary iki altyn medala mynasyp boldy. Zöhre Jumabaýewa sazly görnüşleriň ikisinde hem ýeňiş gazandy. Gülzada Joragulyýewa full-kontakt we lou-kik görnüşlerde 65 kilograma çenli agram derejede iki gezek ýeňijileriň münberine çykmaga hukuk gazandy. Biziň türgenlerimiz kikboksing boýunça jemi 75 medala mynasyp bolup, umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýeledi. Bu sylaglaryň köpüsine Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, ýurdumyzyň erkekler milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň tälim berýän türgenleri mynasyp boldular, bu tälimçi türkmen kikboksing mekdebiniň gözbaşynda durupdy. Indi köp ýyllaryň dowamynda onuň şägirtleri iri halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezýärler. Biziň türgenlerimiziň bu gezekki çempionatda gazanan üstünlikleri şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem şowly çykyş etjekdiklerine ynam döredýär. Türkmen türgenleriniň agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda hem oňat netijeleri görkezip, jemi on medala-bir altyn, iki kümüş we ýedi bürünç medala eýe boldular. Hojamuhammet Toýçyýew birinji orny aldy. Ol birden götermekde 197 kilogram netije görkezdi. Bu görkeziji ony diňe bir öňe çykarmak bilen çäklenmän, bu görnüşde Türkmenistanyň täze rekordyny goýandygyny hem alamatlandyrdy, bu netije Toýçyýewiň 2015-nji ýylda ABŞ-nyň Hýuston şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda goýan rekordyndan ýedi kilogram ýokarydyr. Şeýle hem Hojamuhammet götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 427 kilogram netije görkezdi. Bu oňa bürünç medaly getirdi. Şeýle hem ildeşimiz itekläp götermekde 230 kilogram netije bilen üçünji orny eýeledi. Türkmen agyr atletikaçylarynyň 1994-nji ýyldan bäri yklym derejeli ýaryşlarda altyn medallary almandyklaryny ýatladýarys. Şonda Hirosimada geçirilen Aziýa oýunlarynyň barşynda meşhur türgen, dünýäniň üç gezek çempiony Altymyrat Orazdurdyýew altyn medala mynasyp bolupdy. Indi bolsa 20 ýyldan gowrak wagtdan soň halkara derejeli sport ussady Hojamuhammet Toýçyýew uzaga çeken arakesmäni tamamlady. Mundan başga-da, biziň toparymyzyň düzüminde Rejepbaý Rejepow (77 kilograma çenli) iki kümüş we bir bürünç medala, Ýulduz Jumabaýewa (48 kilograma çenli) iki bürünç medala we Kristina Şermetowa (53 kilograma çenli) iki bürünç medala mynasyp boldular. Häzirki wagtda türkmen agyr atletikaçylary Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde 12-22-nji maý aralygynda geçiriljek Yslam raýdaşlygy oýunlaryna işjeň taýýarlyk görýärler. Biziň türgenlerimize belli türk tälimçisi Jafer Topçynyň tälim berýändigini bellemek gerek. Onuň ýolbaşçylygynda üç gezek olimpiýa çempionlary we dünýä rekordlaryny goýan Naim Süleýman Oglu we Halil Mutlu ýaly belli türgenleriň tälim alandygyny bellemelidiris. Suwda ýüzmek boýunça Aziýa çempionaty Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin aýratyn üstünliklere beslendi. Türkmen türgenleri jemi 11 medala—iki altyn, alty kümüş we üç bürünç medala mynasyp boldular. Biziň toparymyzda Merdan Ataýew iň ýokary netije görkezip, iki altyn we iki kümüş medal gazandy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Sergeý Ýepifanowyň şägirdi hormat münberine 50 we 100 metr aralyga arkan ýüzmegiň netijeleri boýunça iki gezek galdy. Ýüzmegiň ikinji görnüşinde M.Ataýewiň Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Olimpiada-2016-nyň barşynda 56,34 sekunt netije bilen milli rekordy goýandygyny ýatladýarys. Merdan iki toplumlaýyn estafetanyň netijeleri boýunça özi bilen bilelikde ýüzen Berdiguly Saparow, Ruslan Nazarow, Ilýa Klýubçenko, Batyr Täçmyradow hem-de Walentin Gorşkow bilen ikinji orny eýeledi. M.Ataýew alan medallarynyň sany boýunça 15 ýaşly aşgabatly türgen Darýa Semýonowadan yza galdy, bu ýaş türgen gyz dört kümüş we bir bürünç medala eýe boldy. Darýa bras, krol, arkan ýüzmek hem-de toplumlaýyn estafetalarda aýratyn tapawutlandy. Eneş Begmyradowa toparlaryň alan medallarynyň üstüni iki bürünç medal bilen ýetirdi. Tamamlanan ýaryşlar ýene bir gezek türkmen türgenleriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk derejesini kesgitlemek bilen çäklenmän, öňde boljak Aziadanyň geçiriljek sport meýdançalarynyň taýýarlygyny has-da gowulandyrmaga ýardam berdi. Halkara sport guramalarynyň wekilleri türkmen bilermenleriniň guramaçylyk başarnyklarynyň, şol sanda meýletinçileriň işiniň ýokary derejesini bellediler.