Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
Çap edildi 30.04.2017
1373

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşan Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ýyldyrym Tugrul Türkeşi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de doganlyk türkmen halkyna bagt, abadançylyk we rowaçlyk ýolunda üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Ýyldyrym Tugrul Türkeş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, paýtagtymyzda şöhratly ahalteke bedewleriniň hormatyna geçirilýän dabaralaryň giň gerimine ýokary baha berdi. Şu bahar günlerinde daşary ýurtly myhmanlaryň örän köp sanlysy bu dabaralaryň şaýatlary bolýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýede Türkmenistan bilen däp bolan dostluk, doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, açyklyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna we giň goldawyna mynasyp bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Türkiýe bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly üns berýändigini belledi. Soňky ýyllarda Türkiýe bilen gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, iki ýurduň halklaryny birleşdirýän dostluk we köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklaryň häzirki döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygyny okgunly ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary ozal gazanylan we özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady toplum, energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamy, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şol ugurlarda bilelikde netijeli işlemegiň köpýyllyk tejribesi toplanyldy. Myhman türk işewürleriniň geljegi uly hem-de dünýäniň ähli künjeklerinden maýadarlaryň we kompaniýalaryň ünsüni barha köp çekýän türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ugurda berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ynsanperwer ulgam türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ulgamda netijeli gatnaşyklaryň baý tejribesi toplanyldy we bilim, ylym, medeniýet we sungat, şeýle hem sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ýyldyrym Tugrul Türkeş netijeli döwletara gatnaşyklarynyň iki dostlukly ýurduň we doganlyk halklaryň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow