Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Çap edildi 30.04.2017
1449

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda çärelere gatnaşan Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, şeýle hem türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Ministr Özbegistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistana bolan ilkinji döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde täze möhüm sahypany açandygyna we özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de ösdürmäge ýardam etjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna hem-de halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we goňşy ýurtlar, şol sanda Özbegistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Özbegistanyň halkyny türkmen halky bilen gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman türkmen-özbek gatnaşyklarynyň geljegi barada pikir alşyp, häzirki wagtda iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtady. Özbegistanyň Baştutanynyň Türkmenistana bolan saparynyň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýändigi aýratyn bellenildi. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurtlaryň gatnaşyklaryna özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesiniň mahsusdygyny belledi. Munuň özi ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin berk esas bolup durýar. Türkmenistany we Özbegistany sebitiň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi ýakynlaşdyrýar. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi hem-de durnuklylygy üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, şeýle ýokary netijeli gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýän iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda emele gelen özara ynanyşmak hem-de dostlukly gatnaşyklaryň netijesinde gazanylandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ulag-aragatnaşyk ulgamy, energetika, syýahatçylyk, sport we beýleki ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ynsanperwer ulgamda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmek söhbetdeşligiň möhüm meseleleriniň biri boldy. Doganlyk halklaryň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni we taryhy umumylygy şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Türkmen we özbek halklarynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek maksady bilen, medeni alyşmalary hem-de ylmy-maglumat gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenilip, iki ýurduň alymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlary yzygiderli geçirmäge özara gyzyklanma bildirildi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri iki goňşy ýurduň arasynda uzakmöhletleýin esasda guralýan we pugta dostluk hem-de doganlyk hyzmatdaşlygy bilen berkidilen gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Duşuşyga Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmalžon Kuçkarow hem gatnaşdy.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow