Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
Çap edildi 30.04.2017
1669

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň daşary işler ministri Fumio Kisidany kabul etdi. Ol köp sanly myhmanlaryň hatarynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy. Myhman mähirli kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatory Akihitonyň hem-de Premýer-ministri Sindzo Abeniň mähirli salamyny we gutlaglaryny, şeýle hem Türkmenistanyň dostlukly halkyna bagt, rowaçlyk we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetmekde täze ajaýyp üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Ýaponiýa bilen köpugurly hyzmatdaşlyk ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine ýurdumyzda durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlaryna doly kybap gelýär. Milli Liderimiz we myhman özara bähbitlere hem-de döwlet ösüşiniň esasy ugurlaryna laýyk gelýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, hususan-da, iri halkara guramalaryň hem-de düzümleriň ugry boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Jenap Fumio Kisida halkara syýasatyň birnäçe meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini belläp, Ýaponiýada Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä we sebit derejesinde öňe sürýän, parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryny doly goldaýandyklaryny nygtady. Ýaponiýa ýola goýlan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksadynda Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardygyny beýan edýär. Işjeň ösdürilýän “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygy onuň mysaly bolup, Türkmenistan 2014-nji ýyldan başlap bu düzümde başlyklyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda geçiriljek «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» hyzmatdaşlygyna gatnaşýan ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň altynjy mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz we myhman taraplaryň soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge çalyşýandyklaryny belläp, bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara almak bilen guralýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyna ynam bildirdiler. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl dolýar. Häzirki döwürde milli Liderimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň hem-de giň möçberli özgertmeleriň Türkmenistana ykdysady ösüş babatda ýokary depginleri saklamaga hem-de daşary ýurtly maýadarlar üçin ýurdumyzyň özüneçekijiligini artdyrmaga mümkinçilik berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, köpýyllyk netijeli döwletara gatnaşyklaryň esasyny düzýän söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmek mümkinçiliklerine üns berildi. Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, soňky döwürde ýygjamlaşan özara saparlaryň, yzygiderli geçirilýän işewür we ynsanperwer häsiýetli duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine kybap gelýän hil taýdan ýokary derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Duşuşyga Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Takahiko Kasumata hem gatnaşdy.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow