Baş sahypa
\
Sport
\
Agyr atletikaçynyň altyn medaly we kikboksingçileriň uly üstünligi
Sport
Agyr atletikaçynyň altyn medaly we kikboksingçileriň uly üstünligi
Çap edildi 29.04.2017
2438

Türkmen türgeni Hojamuhammet Toýçyýew paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň soňky güni 105 kilogramdan ýokary agram derejesinde tapawutlanyp, bir altyn we iki kümüş medal gazandy. Kikboksing boýunça yklym derejeli ýaryşlarda bolsa biziň türgenlerimiz umumy toparlaýyn hasapda öňde barýarlar. H.Toýçyýew birden götermek boýunça 197 kilogram netije görkezip, birinji orna eýe boldy. Bu görkeziji onuň Türkmenistanyň täze rekordyny goýandygyny hem alamatlandyrdy, bu netije Toýçyýewiň 2015-nji ýylda ABŞ-nyň Hýuston şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda goýan rekordyndan 7 kilogram ýokarydyr. Şeýle hem Hojamuhammet götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 427 kilogram netije bilen milli rekordyň çägini ýokarlandyrdy. Bu görkeziji oňa bürünç medaly getirdi. Şeýle hem ildeşimiz itekläp götermekde 230 kilogram netije bilen üçünji orny eýeledi. Türkmen agyr atletikaçylarynyň 1994-nji ýyldan bäri yklym derejeli ýaryşlarda altyn medal almandyklaryny bellemek gerek. Şonda Hirosimada geçirilen Aziýa oýunlarynyň barşynda meşhur türgen, dünýäniň üç gezek çempiony Altymyrat Orazdurdyýew altyn medala mynasyp bolupdy. Indi bolsa 20 ýyldan gowrak wagtdan soň, halkara derejeli sport ussady Hojamuhammet Toýçyýew uzaga çeken arakesmäni tamamlady. Şeýle hem şu gün erkekleriň arasynda 105 kilograma çenli we zenanlaryň arasynda 95 kilograma çenli agram derejelerinde bäsleşikler geçirildi. Zenanlaryň arasynda bu agram derejede ýaryşlar ilkinji gezek geçirilýär, şonuň üçin hem olaryň birden, itekläp götermeginiň jemini ilkinji rekordlar hasap edip bolar. Şunda hytaýly Weýpeng Žia umumy 299 kilogram (birden götermekde 129 kilogram, itekläp götermekde 170 kilogram) netije bilen ýeňiş gazandy. Koreýa Halk-Demokratik Respublikasyndan Kuk Hýang Kim (292 kilogram) ikinji orna we Tailanddan Çitçanok Pulsabsakul (268 kilogram) üçünji orna mynasyp boldular. Erkekleriň arasyndaky bäsleşiklerde eýranly agyr atletikaçy Mohammadreza Barari (398 kilogram) altyn medala eýe boldy. Koreýa Respublikasyndan Hieop Seo (390 kilogram) ikinji orna we Eýrandan Ali Haşemi (384 kilogram) üçünji orna eýe boldular. Bu agram derejesinde türkmen türgeni Döwlet Sapargeldiýew jemi 342 kilogram netije bilen dokuzynjy orunda galdy. H.Toýçyýewden başga-da, biziň toparymyzyň düzüminde Rejepbaý Rejepow (77 kilograma çenli) iki kümüş we bir bürünç medala, Ýulduz Jumabaýewa (48 kilograma çenli) iki bürünç medala we Kristina Şermetowa (53 kilograma çenli) hem iki bürünç medala mynasyp boldular. Şeýlelikde, Türkmenistanyň topary bir altyn, iki kümüş hem-de ýedi bürünç medal gazandy. Munuň özi oňat netijedir, sebäbi Aşgabada Aziýanyň 30-dan gowrak ýurdundan agyr atletikanyň iň güýçli ussatlary (şol sanda Olimpiýa oýunlarynyň we dünýä çempionatlarynyň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänler) ýygnandylar. Kikboksing boýunça ýaryşlara 17 döwletden 300-e golaý türgen gatnaşýar, olar alty ugur — point-faýting, semi-kontakt, kik-laýt, lou-kik, full-kontakt we sazly görnüşler boýunça güýç synanyşýarlar. Düýn türkmenistanlylar alty altyn medal bilen umumy toparlaýyn hasapda öňdeligi eýelediler (deňeşdirmek üçin biziň toparymyzyň yz ýanyndan barýan Eýranyň topary diňe iki medal gazandy). Şu gün biziň ildeşlerimiz ýene-de sekiz altyn medal gazanyp, öňdeligi saklaýarlar. Point-faýtingde Güýç Gökow (57 kilograma çenli), Rüstem Annaorazow (74 kilograma çenli); kik-laýtda Ysmaýyl Ataýew (63,5 kilograma çenli), Serdar Mämmedow (79 kilograma çenli) we Gülzada Joragulyýewa (65 kilograma çenli); full-kontaktda Goçmyrat Jumanyýazow (71 kilograma çenli), Azamat Jumagulyýew (81 kilograma çenli) we Azat Annaýew (91 kilograma çenli) altyn medallara eýe boldular. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndy topary kikboksing boýunça 14 altyn, 13 kümüş we 23 bürünç medal toplady. Umumy toparlaýyn hasapda Eýranyň topary 13 ýeňiş bilen ikinji orny, Gyrgyzystanyň topary (ýedi altyn medal) üçünji orny eýelediler. Kikboksing boýunça Aziýa çempionaty 30-njy aprelde tamamlanar we ýaryşlaryň gutarnykly netijeleri jemlener.

Soňky habarlar
26.11
Aşgabatda ITTC-2024 halkara maslahaty we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
top-arrow