Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi
Çap edildi 28.04.2017
1382

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň baştutanyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlerinden ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi. Döwlet Baştutanymyza halkymyzyň gözelligi we çeýeligi boýunça deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerini dünýä beren şöhratly pederleriniň gadymy dessurlaryna bolan gatnaşygynyň oňyn görkezijisini alamatlandyrýan umumymilli baýramçylygy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny aýdyp, milli Liderimizi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisinde Türkmenistanda atçylyk sportunyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin halkara atçylyk sporty federasiýasynyň hormatly sylaglary bolan Kubogyň, medalyň we diplomyň gowşurylmagy bilen gutladylar. Bu ýere ýygnananlar, häzirki döwürde Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça atçylygy ösdürmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigini, şeýle hem Haýwanlaryň saglygyny goramak baradaky Bütindünýä guramasynyň geňeşiniň ýurdumyza atlaryň keselinden azat zolak hökmündäki statusyň berilmegini kanagatlanma bilen belläp, munuň özi Türkmenistanyň Merkezi Aziada şeýle derejä eýe bolan ýeke-täk ýurtdugyny nygtadylar. Bu çözgüt Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň we ýurdumyzyň atçylyk, weterinariýa ulgamynda gazanýan üstünlikleriniň ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Çärä gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň baýramy we bu şanly wakalar bilen gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, bagt, giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdiler. Hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenilýän hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň ýyl-ýyldan köp gatnaşmagyny üpjün edýän baýramçylygyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellede. Dünýä bileleşiginiň behişdi bedewlerimize bolan gyzyklanmalarynyň artýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda milletiň ajaýyp mirasyny saklamak we artdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň netijesinde ady rowaýata öwrülen we türkmen halkynyň buýsanjy, “kalbynyň ganaty” bolup durýan we gymmatly baýlyk hasaplanýan bedewleriň şöhratynyň täzeden dikeldilýändigini aýtdy. Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, döwrebap sport toplumlarynyň gurulmagy, her ýylda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda behişdi bedewleriň çeper keşbini döretmek boýunça döredijilik gözden geçirişleriň, şeýle hem halkara sergi-ýarmarkalaryň, ylmy maslahatlaryň geçirilmegi, at çapyşyklarynyň we arassa ganly bedewleriň sergi—gözden geçirilişiniň guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä ýüzünde ýokarlanýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna konkuryň goşulmagy, onuň nyşanynda ahalteke bedewiniň şekiliniň ýerleşdirilmegi muňa şaýatlyk edýär. - Men ahalteke bedewleriniň dünýä atşynaslygynyň nusgasy, örän owadan we ýyndam atlary döreden biziň zehinli seçgiçilerimiziň gaýtalanmajak sungat eseriniň janly şaýady hökmünde ykrar edilýändigine buýsanýaryn—diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. –Türkmenler atlara aýratyn gadyr goýupdyrlar. 1999-njy ýylda ahalteke bedewleriniň arasynda dünýäniň çempiony bolan Ýanardagyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde ýerleşdirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara mähirli gutlaglar üçin ýene bir ýola minnetdarlyk bildirip, at gazanan atşynaslara we Türkmenistanyň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy hem-de halkymyzy beýik ýeňişlere ruhlandyrýan ahalteke bedewleriniň abraýynyň mundan beýläk-de belende galjakdygyna ynam bildirdi.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow